Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:23
"Gursagym gussanyñ öýi.."
"GURSAGYM GUSSANYŇ ÖÝI.."

Göwnüm Keminäñ külbesi,
Kalbym - dony.
Ýama kileñ.
Gursagym gussanyñ öýi -
Gapysynda gam ekilen.

Ýoly biriñ ýoldaşy men,
Dertdeşi men derdi baryñ.
Münemde soñun saýmadym
Yşk diýilýän merdiwanyñ.

Durmuş halys edenden soñ
Sürtüp kalba igesini,
Bagyşladym sagadymyñ
Ömrümden wagt iýmesini.

Derdime dert goşup, günler
Ýeñletmedi teşwüşimi,
Soñra sanap başladym men,
Şol günleri tesbi kimin.

Kaýyl bolup täleýimiñ
Maý tapdygy gülmesine,
Göwnüm döndi Keminäniñ
Goş-golamsyz külbesine.

Mukam MUHAMOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 93 | Mowzugy paýlaşan: Ynam | Teg: Mukam Muhamow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203