Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:18
Umyt
Kakama

UMYT

Ykbala ne döw çalypdyr,
Duýgyma täsiri ters oň.
Ýylgyrsam, ýüzüm salykdyr,
Gamlanşymy biliber soň!

Aglasam, ýaşym süpire
Sensiň ýandakdan gutaran.
Sen — ýüregme kürsäp giren,
Otsuz ýanmakdan gutaran.

Özümi tapman geçemde,
Ýolsuň — özüme ýetiren.
Sen — tutuş goşgyň içinde
Iň oňat görýän setirim.

Sensiz özüme sygmaýan.
Dünýämi?
Olam dar maňa!
Ýokdur munda, bilýän aýan,
senden ýeg howandar maňa.

Seň bilen bezäne çemli
Solgun ömrümi bu pany,
Eý, dünýäň şu çaka çenli
Çalan iň şirin mukamy!

Göwnüme salnan nagyş sen,
Öwdügim däl, diňläweri:
Dadyma ýeten ýagyş sen,
Diňmäweri!
Diňmäweri!

© Mukam MUHAMOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 174 | Mowzugy paýlaşan: Awtor | Teg: Mukam Muhamow | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
1
1 garagar • 00:29, 17.12.2023
Birinji gezek ýagyş ýagan güni okapdym şu goşgyny. Aýdym edibermeli. Mukam, diňmäweri!
avatar
0
2 Medicall • 15:47, 17.12.2023
ýokardaky suraty Mukamyň "Suratçy gyza" goşgusyndaky gyz çekdimika? şeýle bolsa oňam adyny suratyň ustünde suratyň awtory diýip ýazyp bilerdik)))
avatar
0
3 Awtor • 18:35, 17.12.2023
Ýok, Gugl daýynyň tapyşan suraty)
avatar
0
4 Medicall • 19:21, 17.12.2023
onno şol hudoznik gyza teklipnama ýolaýas bärden: Mukamyň her goşgusyna görä surat çekmeli
avatar
0
5 Mekan2 • 11:44, 18.12.2023
Mukam gowy ýazýa.

şu setiri:
Gamlanşymy biliber soň!

şeýtseň
Gamlanşymy bilber onsoň!

nähili borka.

sekiz bogna sazlamak üçin "soň" diýdimikä.

biliberiň ikinji bognuny aýyrsaň şo bolýa. şo i-ni ýazsaňam, hiç kim "biliber" diýip okanok "bil'ber" diýip okaýa
avatar
1
6 garagar • 11:51, 18.12.2023
myhman aga, beýle teswir senden geň. Asyl durky gaty gow-a, gaýta.
avatar
1
7 Küle • 15:15, 18.12.2023
Menem geñ galdym
avatar
0
8 Kyyas • 17:16, 18.12.2023
Kä wagt çekimli sesleriñ çekimsiz harpyñ içine siñip gitýär. Arap dilinde täjwid geçende alyşdyryp okamak diýilýär. Onuñam öñünden gelýän harplara görädi. Şu meselede fonetik bogun ulanmaklyk käwagt ýerine düşmänem duranok
avatar
0
9 Arzuw_Umydow • 17:28, 18.12.2023
Gaýtam şol i harpy okalanda-da gowy dälmi? Belki, meniñ okaýşym ýalñyşdyr
avatar
0
10 Mekan2 • 17:38, 18.12.2023
aslynda meň derdim o i bilen bagly däldi. soňdaky soň bilen baglydy. şony iki bogun etmek üçin biliberden bir bogun kemmekdi.

häzirem şo "soň"dan onsoňy kem göremok men-ä. onsoň "soň"a garşy soň sözüme çenli "onsoň"uň arkasynda men onsoň.

oýun edýän-how. beýdip gitsek soňuň soňy gelmez.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202