13:49 Ýetimiň ahwaly | |
ÝETIMIŇ AHWALY Galdy munda derdi bilen ýüzbe-ýüz, Tapylmady arka çykan, goldaşan. Öz göbegni özi kesdi, Ýok onuň Giň älemde ýolbeledem, ýoldaşam. Biygtyýar, görenleriň göwnüne Gam iňňesi bilen gussa gaýap ýör. Bagtyň gülüp bakjak günleri üçin Gözýaşyny yhlas bilen aýap ýör. Bu jahana aldap getirlen ýaly, Bar kämahal büdräýmesi müýnüne. Ýalançynyň myhmansöýerliginden Göwni geçip, Kine edip düýnüne, Örtense-de, düşmedi hiç umytdan, Ertirlere bil baglady her dem ol. Bürgüt deýin, ýygryp ganatlaryny, Dik başaşak gaýdyp biljek merdem ol! At gerek däl oňa, ýyndam bagtynyň Yzyndan ýetmäge, Kowubam bolsa, Oňa söýgi gerek bar zatdan beter Hem-de mähir gerek, Sowugam bolsa! © Mukam MUHAMOW | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |