Oýlanmaňyz başga bir zady ýada saldy.Eşitdim: musulman Gorky bilen Umydyň arasynda bolmalydyr.“Günäkär men, gutardym, dowzahlyk men” diýip özüňi 100% gorka sokmaly däl. Şeýle-de “Men sogap işleýän biri, men jennetlik” diýip 100% umutda bolmaly däl.Ýagny bular taýagyň iki ujy diýen ýaly. Ortalygy saýlamaly. Gork, ýöne umytda bol.Musulmana gowy maslahat…Siziňkem Serdar kaka, ýazýançy-döredýänçilere gowy maslahat, oýlanma bolupdyr.Hawa, “Haýtjana! Eden boluberşim” bilen “Menden zat çykmazyň” arasyny gowja sazlamaly-da. Özüňi ýonup ýörmeli, tä artykmaýçyklaryň aýrylyp mermeriň içinden heýkel çykýança… Ýonmak, agyryly pişe.Gurbannazar aga öz derejesini bildimikä? Şolam gyzykly.Özüne “haýtjana, Gurbannazar!” diýdimikä. Belki eştdirmän diýendir?
Hökman diýendir. Özüňden aýry-aýry zatlary ýazanyňda belli bir derejede razy bolman, ýazmak mümkin däl. Ýogsa ýazmagam edil hiç hili aýlyksyz, taňryýalkasynsyz, baýraksyz, sagbolsunsyz, gadyrbilmezleriň hatyrasyna zähmet çekilen ýaly bir zada öwrülerdi. Gadymy grek rowaýatlaryndan gaýdan "Sizifiň zähmeti" diýlip, atlandyrylýan bimany zähmetiň şertli aňlatmasy ýadyňyza düşdümi? Zähmetiň manysy nämede? Elbetde onuň üçin alynjak hak-heşdekde. Bu ýerde "hak-heşdek" diýenimde, bu düşünjäň pul manysyny göz öňünde tutmaýaryn. Laýyk ýerinde aýdylan "sagbolam", "berekella-da", şo işi eden adamyň özünde döreýän kanagatlanma, lezzet duýgusam şu düşünjäň içine girýär.