Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:33
Gülki. Dokuzynjy onluk
GÜLKI. DOKUZYNJY ONLUK

100 $ berseň maşynyňy batgadan çekip çykarýas.

***

Bir çopan Aşgabada gitmek üçin samolýota münjek bolýamyş. Elinde-de bir semiz goýun diýýä. Aeroportda:
-Ýaşuly, bu goýny nirä alyp barýaň? Samolýota goýun salmak bolanok.
-Aý, inim! Bu goýun däl, bu para-peşgeş. „Goýun“ bolsa Aşgabatda institutda okaýar.

***

Özüne göwni ýetýän bir çopan, beýik daga çykýamyş. Görse, ol ýerde-de özüne göwni ýetýän bürgüt otyrmyş. Çopan bürgütden soraýar:
-Eý, bürgüt! Hany, maňa aýt. Sen nädip uçup bilýäň?
Bürgüt asmanda uçmagyň kyn iş däldigini düşündirýär:
-Ine, şeýle. Özüňi bu gaýadan aşak göýberýäň we uçmaga başlaýaň. Men şeýdip uçýan. Meniň kakamam, kakamyň kakasam, kakamyň kakasynyň kakasam şeýdip uçýadylar – diýip, özüni gaýadan göýberýär we bir salymda howada gözden ýitip gidýär. Çopanyň hem bürgüt ýaly uçasy gelýär we gaýadan özüni göýberýär. Bir salymdan soň howada aşakdaky sesler ýaňlanmaga başlaýar:
-Wa-a-a-a-ah, seniň özüňem, kakaňam, kakaň kakasynam, kakaň kakasynyň kakasynam…….

***

2 köpeltmek 2 – näçe bolar.? Nagt bolsa – 4 bolar, bir ýerden alsalar – 3-den bolar, bank üsti bilen hasaplaşsalar 5-den bolar.

***

Ýokary okuw jaýyna girmek üçin ekzamende sorag soraýarlar:
-Siz Puşkini tanaýaňyzmy?
-Ýok.
-Magtymguly, Zelili, Kemine bilen tanyşlygyňyz nähili?
-Bularam tanamok.
-Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow dagylary bir tanaýaňyzmy?
-Bular bilenem tanyş däl.
-Gidip bilersiňiz. Indiki ýyl geliň.
Ekzamen tabşyryp bilmedik dostumyz keýpiz gapydan çykýar. Daşardakylar ondan soraýar:
-Nätdiň? Geçdiňmi?
-Ýok-laý, tanyşyň bolmasa geçirenoklar-laý. Meniň bolsa tanaýanym ýok…

***

Mugallym okuwçylara diýýar:
-Kim özüni samsyk hasaplaýan bolsa ýerinden tursun.
Hiç kim ýerinden gozgananok. Bir salymdan soň Ependiň ogly ýerinden turýar. Mugallym:
-Näme Ependiýew, sen özüňi dogrudanam samsyk hasaplaýaňmy?
-Ýok.
-Onda name ýeriňden turduň?
-Ýeke özüňiz dik duraňyzsoň, size ýoldaş bolaýyn diýdim-laý…

***

Iki serhoş duşuşýalar we irden giç agşama çenli “bellemäge başlaýalar”. Biri beýlekisine diýýär:
-Dos-s-s! Ýene-de az-za-jyk içelimi?
-Häzir, men barlap göreýin. Eger men ýerimden turup iki ädim adip bilsem, onda hokman iç-çeris. Eger ýykylaýsam……, onda men öýe gaýtjak.

***

Ýigit bilen gyz kinoteatrda hindi kinosyny görüp oturlar. Gyz oglandan soraýar:
-Nähili pikir edýäň, iň soňunda olar öýlenerlermik-ä?
-Dagy näme! Şular ýaly kinolaň soňy gynançly gutarýar ahyryn.

***

Bir amerikan bir orsdan soraýar:
-Bagyşlaň, orslar köp arak içýä diýýäler, şol dogrumy? Siz bir stakan arak içermisiňiz?
-Elbetde! Duza basylan hyýarjagaz bilen içsem hemmesi gül ýaly bolar.
-A üç stakan içermisiňiz?
-Elbetde! Üç stakany uç sany hyýar bilen içerin, gürrüňi bolmaz.
-A ýüz stakan içermiň?
-Gulagyň galýamy? Onça hyýary men nadip iýeýin!?

***

Iki dostyň gürrüňi:
-Bilýäňmi, düýn agşam şeýle bir zat boldy! Gidip barýadym welin, bir oglany üç bolup urup duran ekenler. Aý, menem onsaň, kömek edeýin diýdim.
-Berekella! Gör sen nähili batyr! Ýeri onsaň kömek etdiňmi?
-Elbetde. Sen bir görsediň biziň dört bolup ony ýenjişimizi….

***

-Seniň eliň meniň jübimde name işleýär?
-Otlyçöp gözleýän, agam.
-Adam ýaly sorasaň bolmaýamy?
-Soramaga utandym-da...

Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul9.htm
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 114 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Pero • 09:00, 23.09.2023
:)))
avatar
0
2 Мango • 14:00, 23.09.2023
egerde 100 dollara baba, mama, agtyk, güjük, pişik, syçan o batan maşyny çekip çykarsalar.... puly nädip paýlaşarkalar.
şo gazanylan 100-lik mamaň eline düşäýse-hä, birhili, beýlekilere bermäýmese diýip çak edýän.
– Baba, saňa zat ýok şu gezek, paýa giren etiň pulyny bermeli, Agtyjagym saňa-da zat ýok, seň uniwersitet puluňy toplaýan, haýwanlar sizem aç edemok, sesiňizi çykarmaň - diýäýjek ýaly.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203