00:44 Eljernon üçin güller / 5 | |
Exclusive ELJERNON ÜÇIN GÜLLER / 5 (dowamy) 29 mart. Eljernony ýeňdim. Bart aýtmadyk bolsa ýeňenimi bilmezdim. Soň ikinji gezek utullym sewäwi tolgunnym. Soň ony ýene 8 gezek ýeňdim. Şeýle akylly syçany ýeňýän bolsam mümkün men akyllanýannyryn ýöne ony duýup bilemok. Ýenede ýaryşmak isledim ýöne Bart buwünlükçe bessir diýdi. Ol Eljernony elime saklamaga berdi. Ajaýyp syçan. Pagta ýaly ýumşajyk. Gözlerini gyrpyldadyp dur haçanna açyp duranna oň gözleri gapgara gyralaram gülgüne. Men ony naharlap bilerinmi diýip soradym sewäwi özümi günäli duýýan hemem oň bilen doslaşasym gelýä. Bart ýok diýdi Eljernonyň meňki ýaly aperasýa edilen ýörüte syçannygny aýtdy. Hemme haýwanlaň arasynna ilkinji bolup şeýle uzak wagtlap akylly bolup bildi hemem Eljernon şeýle bir akylly welin bir zatlar iýmek üçin her gezek täze gulpy açmaly bolýa şoň üçin her gezek täze zatlary öwrenmeli bolýa. Men gaty gynannym sewäwi ol öwrenmese nahar iýip bilmän aç galar. Meň pikirimçe ýöne bir nahar iýmek üçin şeýle testden zorluk bilen gecirmek dowry däl. Bart muny neneň halaýa. Men Eljernon bilen doslaşsam gerek. Şutaýda ýadyma düşdi. Dogtor Ştrawus görýän düýşlemmi hemem pikir edýän zatlammy ýazmallygmy aýdypdy. Nähili pikir etmelidigimi entek bilemok diýdim. Olam Kinnian hanymyň ýanyna okuwa nähili gelişiňi ejeň we kakaň barada hemem aperasýadan öňki bolan zatlary ýazzyň şolam pikir etmek bolýa sen eýýäm bulary hasabatlaňda ýazzyň diýdi. Asyl men pikir edibem ýadyma salybam bilýän ekenim. Belki bu menne bir zatlaň bolup geçýänligidir. Özümi bagşaça duýup bilemok ýöne şeýle bir tolgunnym welin gözüme hiç uky gelmedi. Dogtor Ştrawus uklamagym üçin maňa gülgüne reňkli derman berdi. Ol maňa köp ýatmaly diýdi sewäwi ýatyrkam beýnimde üýtgeşmeler bolup geçýän eken. Diýýäni belki dowrudur sewäwi German daýymam işsiz wagtlary mydama myhman jaýdaky köne diwanyň üssünne ýatardy. Semiz bolansoň oňa iş tapmak aňsat däldi sewäwi jaýlary boýanna oňa merdiwana çykmak kyn bolýady. Ejeme German daýym ýaly boýagçy boljak diýemde gyz jigim Norma ähä Çarli biziň maşgalamyzza hudožnik boljak diýdi. Kakamam öň ýüzüne şarpyk çalyp beýle deýýus bolma o seň doganyň diýdi. Hudožnigiň näme bolýanny bilemok ýöne muň üçin Norma şarpyk iýen bolsa belki o gaty bir gowy zat däl bolmaly. Norma meň bilen degişeni üçin ýenjilenne özümi her gezek erbet duýýadym. Ine akylly bolamda ony görmäge giderin. 30 mart. Büwün Kinnian hanym işden soň labalatoriýa gelli. Meni görenine begenni ýöne tolgunýady. Göwnüme bolmasa oň ýaşy hasap edişimden kiçem ýaly. Men oňa akylly bolmak üçin gaýrat edýänimi aýtdym. Olam men saňa ynanýan Çarli beýlekiler ýaly okamagy ýazmagy öwrenmek üçin nähili göreşýäniň ýadymda diýdi. Seň her zady başarjagyňy bilýän. Şeýdip sen beýleki adamlar üçinem beýik iş edýäň. Ýaman kyn bir kitaby okamaga başladyk. Öň hiç haçan beýle kyn kitaby okap görmännim. Ady Robinzon Kruzo ýaşalmaýan ada düşen adam hakynna. Ol akylly hem köp zat başarýa şoňçünem oň öýi bar iýmiti bar hemem gowy ýüzüp bilýär. Ýöne men oňa gynanýan sewäwi o düýwünnen ýeke oň hiç doslary ýok. Ýöne adada ýene biri bar öýdýän sewäwi kitapda onuň täsin saýawany bilen gumdaky aýak yzlaryny synlap duran suraty bar. Dos tapynar diýip umyt edýän. 31 mart. Kinnian hanym maňa sözleri nähili dogry aýtmalydygyny we ýazmalydygyny öwredýär. Söze seret soň gözüňi ýumda kän kän gezek gaýtala tä ýat tutýançaň diýýär. Asyl men köp sözleri ýaňlyş ýazýan ekenim. Kyn öz-ä ýöne Kinnian hanym gorkma sen öwrenersiň diýýär. HASABAT №9 1 aprel. Büwün çörekçidäkileň hemmesi meniň hamyr garyjyda nädip işe başlaýşymy görmäge gelliler. Nähili bolanyny aýdaýyn. Hamyr garyjyda işleýän Oliwer düýn işden çykdy. Öňler oňa kömek berýädim un haltalary getirip berip içine guýýadym. Ýöne şonnoda işledip biljegimi bilemokdym. Bu gaty kyn zat Oliwerem çörekçiň kömekçiligini öwrenmek üçin bir ýyllap çörekçilik mekdebine gatnady. Ýöne dossum Jo Karp şeý diýdi Çarli sen Oliweriň ýerine geçeňde näder. Her kim daşymyzy aldy hemem her kim ýylgyrýady soň Frenk Reýli sen köpden bäri işleýäňä Çarli diýdi. Hany bol şuwagt Jimpi hem ýok ol hiç zadam bilmez. Men gorkdum sewäwi Jimpi uly çörek ussasy özem maňa hassahanada süňkleň döwügi bilen ýatmajak bolsaň hiç haçan hamyr garyjyň ýanyna golaýlaşaýma diýipdi. Hemmeler bol başla diýip gygyryşdylar diňe Fanni Birden bes ediň görgülini gününe goýuň diýdi. Frenk Reýli ýum agzyňy Fanni buwün birinji aprel Çarli hem gowja işlese bir gün dynç alyp bilýäs diýdi. Men işledip bilerin sewäwi Oliweriň nädip işledýänini gördüm ýöne hamyr garyjy döwülse bejerip bilmerin diýdim. Hamyr garyjyny işletdim welin hemmeler geň galdy esasanam Frenk Reýli. Fanni Birden beter tolgundy hemem Oliweriň 2 ýyllap hamyr ýugurmagy öwrenenini çörekçilik mekdebine gatnanyny aýtdy. Oliweriň kömekçisi Berni Beýt bu işi Oliwerden çalt hemem gowy edýänimi aýtdy. Indi hiç kim gülenokdy haçanda Jimpi gelende Fanni oňa hemmesini aýdyp berdi olam maňa erwet gaharlandy. Ýöne şonda oň edeni boljakmy özüňem bir gör diýdi. Ony aldamak islediler sewäwi büwün birinji aprel oň özem her kimi aldap oýnapdy. Jimpi synlamaga başlady maňa gahary gelýänini bilip durun sewäwi beýlekiler özüniň aýdanyndan başga zatlary etseler ol halamaýar edil prafesyr Nemur ýaly. Ol meniň işleýşime seretdide ýeňsesini gaşady we görmesine görýän welin gözlerime ynanamok diýdi. Soň jenap Donneri çagyrdy maňa ýene işläp görkez jenap Donnerem görsün diýdi. Ol gaharlanyp üstüme gygyrar öýdüp gorkdym şoň üçin işimi bitirip başgada etmeli zatlarym bar diýdim. Girelgäni süpürmeli tekjäň aňyrsyny arassalamaly. Jenap Donner maňa seredip seredip ahyram oglanlar bu birinji aprel degişmesimi diýdi. Tagamy duzy nämede. Jimpi menem başda bular oýun edýälermikä öýtdüm diýdi. Enjamyň daşynda agsaklap aýlandy we jenap Donner menem hiç zada düşünemok ýöne Çarli hamyr ýuguryjyda işlemegi bilýänini boýun almaly özem muny Oliwerden gowy edýär. Her kes daşyma üýşdiler we gürlemäge başladylar. Men gorkdum sewäwi olar maňa bakýadylar boluşlaram bir hili geňdi. Frank soňky döwür Çarliň bolşy täsin diýip men size aýdýadyma diýdi. Jo Karp bolsa ähä seň näme diýjek bolýanyňy bilýän diýdi. Jenap Donner her kes işiniň başyna barsyn diýdi soň meniň bilen howla çykdy. Ol Сarli näme bolanyny bilemok ýöne sen iň soňunda bir zatlar öwrendiň öýdýän diýdi. Gaty seresap bolmagyňy hemem yhlas bilen işlemegiňi isleýän. Indi seň täze işiň bar aýlygyňam 5 dollar köp bolar. Maňa täze iş gerek däl sewäwi ýuwmagy süpürmegi paýlamagy hem doslam üçin bir zatlar etmegi halaýan diýdim ýöne jenap Donner seň doslaň azaryma däl maňa bu iş üçin hut sen gerek diýdi. Ýokary galmagy islemeýän adamlary halamok. Ýokary galmak näme diýip soradym. Ol gulagynyň arkasyny gaşady we äýneginiň üstünden maňa seretdi. Gorkma Çarli şüwünnen başlap sen hamyr ýugurýanna işleýäň. Ýokary galmak diýibem şoňa diýilýär. Şeýlelik bilen çörek bişirýänçi boldum indi hiç zat paýlamok hajathana tämizlämok hapa ýuwundylary arassalamok. Bu ýokary galmak. Ertir Kinnian hanymada aýdyp berjek. Oň begenjegni bilýän ýöne Jo bilen Frenkiň näme üçin maňa beýle gaharlydygyna düşünip bilemok. Fanniden soradym ol aýalam o tenteklere üns berme diýdi. Büwün birinji aprel seni samsyk edip oýnajak boldular ýöne özleri akmak oýnatgy bolup galdylar. Men Jodan nähili oýun etjek bolduňyz diýip soradym olam bar gitde suwda gark bol diýdi. Göwnüme bolmasa hamyr garyjyda işlemesemem dynç güni almak başartmady şoňada olar gaharlanýalar. Bu meniň akyllanýandygymy aňladýamyka. (dowamy) © Daniel KIZ Terjime © MANGO ----- Eljernon üçin güller / 1 Eljernon üçin güller / 2 Eljernon üçin güller / 3 Eljernon üçin güller / 4 | |
|
Ähli teswirler: 15 | |
| |