Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:10
Gutarylmadyk iş / hekaýa


1990-njy ýylyñ ýanwary.
Ynha ýene-de bir howsalaly jañ.
Telefondan alan maglumatlaryny gyssagly belleşdirip alan operatiw ofiser  nobatçy düzüme ýagdaýy habar bereninden tizden - tiz ulaga münüp, telefondan alynan salga ugradylar.

***
Şäher.
Yşyklandyrylan köçe.
Dañ atmazynyñ öñüsyrasy.
Gyş sowuk nazary bilen tebigatyñ  süññüni deşäýjek bolýar.  Hatar duran gat-gat jaýlaryñ gabadynda iki sany uly zibil gutusy.  Onuñ gapdalynda duran  02-ä jañ eden adam bolmaly.
Polisiýa ulagy gelip zibil gutusynyñ deñinde saklandy.
Ulagdan düşerlerine   mähetdel, ol adam içi zatly ýerde duran kagyz (kardon), nämedir bir zatdan boşan gapyrjagy olara görkezdi. Adamyñ üst-başyndan, elindäki kiseden çen tutsañ şu etrapdaky ýaşaýjylaryñ zibile getirýän gaty-guty çöreklerini ýygnaýany mälim.
Şol barmana 03  tiz lukmançylyk kömegi hem gelip ýetişdi.
Ekspert-kriminalistmi, jenaýat agtaryşmy, sülçümi garasaý ýygnananlar kagyz gutynyň daşynda başagaý. Surata düşüren surata düşürýär, gutyny doly açyp, siñe-siñe seredip anyklajak bolýan hem bar arasynda.  Tiz kömek ulagyndan düşen feldşer gyz  ýanyndan getiren gapyrjagyny açdy-da, nämedir bir zatlar edişdirdi. Onuñ "oglanjyk eken" diýen tukat pyşyrdysyny ýanyndakylaryñ biri eşitse biri eşitmedi, soñ uçastok inispektoryndan alan maglumatlaryny  kagyza belleşdirdi. . kagyz gutyny 03 belgili ulaga ýygnadylar.
Bu eýmenç wakanyñ başlangyjydy. ..

* * *

Jenaýaty agtaryş bölümi.
Polisiýanyñ polkownigi iş otagyna ýygnanan ofisrlere berk hem gyssagly buýruk berip, gaharyna bäs gelip bilmän, nirede awuly, masgaralaýjy söz bolsa diline gelşinden hetjikleýşi janagyryly äheñdedi:
--........ ýeriñ teýine giren bolsa-da, tapyñ...Gerek bolsa  şäheriñ ähli etraplaryndaky gyz-gelinleri med-ekspertiza etsinler..
Her kim işli-işine geçdiler. Güýçli depginde operatiw işleri başlandy.

Iki gün soñra.
Polkownik gijeki nobatçylykdan entek öýüne gaýtmandy.

Polisiýanyñ ýerli wekili içerden "gel"  sesini eşitmese-de sandyraýan elleri bilen gapyny açyp içeri girdi.

Bütin durky bilen gagşap duranyny içeride haýbatly kresloda oturan polkownige bildirmezlik üçin  başardygyndan  rahat görünmäge çalyşdy.

-Jenaýatçyny tapdyñyzmy?
Polkowniginiñ otlukly nazary, batly sesi maýoryñ howuny basdy. "nädip aýtsamkam, aý ýok ýüregim edenok,  .."
Bolmady.
Her näçe agyryly bolsa-da  wezipe borjy hökmünde elindäki içi kagyzly papkany oña uzatdy.
Polkownik papkany açmanka-da, maýor gyssagly işiniñ bardygyny, gitmeli boljagyny bahanalap çykdy otagdan.

Papkany açyp kagyzlary agtaryp ugran polkownik kagyzdaky öz öý salgysyny okap, nämäñ nämedigini añy kabul etmejekden bolup urunýarka iş telefonyna gelen jañy aldy. Aýalynyñ agyly, aljyraññy sesi bilen gyzynyñ adyny tutup aýdan ajy ölüm habaryny eýmenç ýañsyly ýylgyryş bilen kabul etdi. Gara ört bolan dodaklaryny dişledi-de Akly başyndan uçan perişan halda, bir nagra dartdy, elini guşaklygyna ýetirdi...
Goñşy otaglardaky polisiýa işgäri  iniñi üýşendirýän galmagaly,  tapyrdyny eşidip diñşirgendi, birden-de ukudan oýanan ýaly küsürdäp polkownigiñ otagyna geldi, ýöne eýýam giçdi...
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 135 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
0
1 Myhman1185 • 09:59, 20.10.2023
Gysga, gysbyja hekaýalary halaýan. Belli bir yerden soñ yzyny çaklap bolýa.

Hmm...

1. 1990 el telefony
2. Kämennirden habarsyz gyzyny medbarlagy
3. Soñunyñ näme boljagyny bilip durka maýoryñ başlygyny ýeke goymasy

Aşaky ýaly ýalñyş gurlan sözlemiñ birki sanysy bar öydýän

Polisiýanyñ polkownigi iş otagyna ýygnanan ofisrlere berk hem gyssagly buýruk berip, gaharyna bäs gelip bilmän, nirede awuly, masgaralaýjy söz bolsa diline gelşinden hetjikleýşi janagyryly äheñdedi.

Polisiýanyñ polkownigiNIÑ iş otagyna ýygnanan ofisrlere berk hem gyssagly buýruk berip, gaharyna bäs gelip bilmän, nirede awuly, masgaralaýjy söz bolsa diline gelşinden hetjikleýşi janagyryly äheñdedi
avatar
0
2 Myhman1185 • 10:09, 20.10.2023
Polisiyalañam käbir düzgünleri bar, jenayat edeniñ polisiyada garyndaşy bar bolsa, ony iş bilen tanşam edenoklar. Bir gapdalda namys meselesi bar bolsa, polisiyada işlemeýänem bolsa yakyn garydaşlara (esasanam erkeklerine) zat aydanoklar. Hatda aldaýalar.
avatar
0
3 Medicall • 10:44, 20.10.2023
Dogry, goýlan ýyl bilen el telefon gabat gelýan däldir, sebäbi ýyl başgady başky ýazanymda, , golayrak wagt edip goýupdym bize, şondan el telefondy, bize, soň ýylyny dogryladym. Emma ol polkownik barada: birinji waka bolanynda hiç kim ol jenaýaty edeniñ polkownigiñ özüniñkiledigini asla gümanam edenoklar, gyzy medbarlag geçenoklaram, güman edilse ony ol işden aýrylardy, uçaskawoý maýor bolsa işi oña tabşyrmaly, oñ nobatçylykdan soñ sapançasyny tabşyrmadygyny bilenok... Şeyleräk,
avatar
0
4 Medicall • 10:46, 20.10.2023
el telefon diýen ýeri üytgetmegi unudyp goýupdyryn goýamda, indem üytgetsem giç bolaýarmyka)))
avatar
0
5 Myhman1185 • 11:12, 20.10.2023
Käbir kinolar şeýle ýazgy bilen başlaya:

Bu film tutuşlygyna çeper döredijilikden ybaratdyr, hyýaly önümdir. Biriniñ durmuşy bilen meñzeşlik bar bolsa, bu tötänlikdir. Kinostudiýamyz we senarist jogapkärçilige çekilmeýär.

Käbiri bolsa:

Bolup geçen waka esasynda düşürilen.

Bu hekaýañ haysyna degişlidigini okap başlanymdan añdym, 1990 däldiginem.

Gaty görmeseñiz aydybilmän galan zadymam aydayyn: hekaya juda gowşak.

Sorry

ÜSTÜNLIK
avatar
0
6 Myhman1185 • 11:16, 20.10.2023
Onda-da, şu sözlemiñ yekeje özi üçinem şu hekaýany okanyña degýä.

"Gyş sowuk nazary bilen tebigatyñ süññüni deşäýjek bolýar".

Perfect.
avatar
0
7 Medicall • 11:32, 20.10.2023
ötünç soramagyň geregi ýok, gowşakdygyny bilýan, sebäbi, hekaýa ýazmaga başky synanyşyklarym:)

Aslynda muny başda şeýle alypdym: zibildäki tapylan tikin enjamynyň karobkasyna salynan. jenaýat eden gyz ýygşyrylýar, ol öñden bäri mamalarynda gezip ýör, öýlerinde däl. çagany aýyrtjak bolsa-da hiç bir lukman boýun almaýar, sebäbi özem şeýle ýagdaýlydygyny başda ejesine-de aýdyp bilmeýär. beýleki gyzlar, gelinler ekspertiza edilýärem, emma ol edilmeýär, ony ähli öýlerdäki tikin maşynylarynyň seriýasyny barlamak arkaly ýüze çykarylýar, polkownikgem özüniňkiler däldiginden gaýgysyz, şoň üçin rugsat berýar, maýoruñ getiren dokumentinde-de diñe öý salgysy, tikin enjamynyñ serýasy bar... emma aýalynyň habary bar, şol ýygşyrýar adamsyndan gorkup gyzyny, tikin enjamyna salynanyndan ejäňem habary ýok, sebäbi tikin enjamy gyza mamasy tarapyndan sowgat edilen, karobkada mamada galan, gyzam ol karobkany mamalardan alyýar, eje-de tikin enjamy arkaýyn barladýar, ondan bilerler öýdenok.

ine başda şeýledi bu toslamanyň taslamasy. ol yerlerinem aýyrdym, üýtdetdim-da gysgarak bolsun diýip)))))
avatar
0
8 Мango • 14:23, 21.10.2023
aýylganç waka.

"Bu hekaýa tutuşlygyna çeper döredijilikden ybaratdyr, hyýaly önümdir. Biriniñ durmuşy bilen meñzeşlik bar bolsa, bu tötänlikdir" -diýileni okamda ters reaksiýa berdi.
bir çaga klasda ruçka ogurlasa, ol birinji bilen "men-ä alamok" diýýändir... şoňky ýaly "bu waka hyýaly önümdir" diýlende "hä, hä, ynandym. hyýaly önümdigine" diýesimi getirýär. :-)

umuman, waka aýylganç.
bir hekaýa-da iki öli.
meseläň çäresi - ölümmikä?

hekaýaň ýazylyşy barada: ýene-de 15 minutjyk bişirmeli eken, awtor hanym "başky synanyşyk" diýse-de.
synanyşyklar dowamly bolsun!
avatar
0
9 Medicall • 22:47, 21.10.2023
Bu hekaýadaky ýaly wakalar ilçilikde bolýar, edil muña meñzemesede şeyle yagdaylar bolyar, onyñyz dogry, eşidip ýörensek bu waka "hyýaly" diyilmegi "ogrulykda tutulan çaga" ýaly ýañsyly bolubam biler. Emma şeyle w1kalary eşitsegem ýa-da goñşymyz başdan geçiren bolaýanda-da biz oñ has dogrusyny bilemzok, şoñ üçinem il içinde şolar ýaly ýagdaýlar bolup, agyzdan-agyza geçip her kim bir ýagdaýyny üytgedip aýdýar-da. Alladan hemem şol wakany başdan geçireniñ özi, ýa şol işi alyp baranlar iñ anygyny bilýänler bolaýmasa başgalar biilenok, başgalaryñky diñe çaklama bolup galýar. Diýmek munuñ yaly aylyganç wakalary eşitsegem hekaýa ýazjak bolsak özümizçe hyýalymyzda aýlayas (gurnaýas) şol wakany. Şeydibem hyyaly önüm bolup ýazylyar olam.
avatar
0
10 Medicall • 22:57, 21.10.2023
Bu hekayany ýazmak bilenem men öñ bolan waka esasynda ýazan bolaýamda-da kimdir biriniñ syryny açjagam bolmadym, , ýa-da kimdir biriniñ ýalñyşyny geñ görýän ýaly bolup gyjalat bolsunam diýmedim, ýa-da kimdir birleriniñ başyndan geçen waka bolup-da dogan gardaş okasa bir zady paş etjek bolunyan yaly duýgy döretmesin diydim-da.

bu entek "bişmedik, çig" "juda gowşak" hekayany ýazmakda maksadym: :ýaş gyzlar oýlanşyksyz hereket edip atalaryny, hossarlaryny çykgynsyz ýagdaýa goýmasynlar, şeyle wakalaryñ soñy gowulyk bilen gutarmaz, şol ýagdaýa eltjek ýagdaýlardan daşda dursunlar diyen many, düşünje bersin diyip ýazdym.

Pikirñiziñ käbir zatlary anyklap berendigi üçin köp sagboluñ, Alla ýalkasyn, Ýene bir gezek sagboluñlar! :)
avatar
0
11 Мango • 23:03, 22.10.2023
Nurdan hanym, ýerliksiz ýazgym bilen göwnüňize degdim.
ötünç soraýan. bagyşlaň.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203