Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:22
Gyş arzuwy
GYŞ ARZUWY

Ýaz gelende aýdym aýtjak gygyryp,
Tans oýnajak däli – porhan çagba deý,
Kel bolýançam bahanasyz sygyryp,
Göçjek älemgoşar gören çaga deý.

Ýaz gelende aýdym aýtjak gygyryp,
Tans oýnajak, özem hetdimden aşyp,
Porhanlyga uçraýançam çygyryp,
Ýaşajak ýadymdan çykaryp ýaşym.

Ýaz gelende aýdym aýtjak gygyryp,
Dessanlardan ,
„Könegüzer “ aýdymy,
„Ýaz geldi – ow, geldi – ow –o – ow“ görnüşde,
Üýtgetjek hut sözlerinem aýdymyň.

Ýaz gelende aýdym aýtjak gygyryp,
Hüýlenýänçäm tans oýnajak ýaz bilen,
Ýeke setir ýazmasam-da barybir,
Meň nähili şahyrlygym ýaz biler.

Ýaz gelende aýdym aýtjak gygyryp,
Höwürtgeleň gapdalynda gohlajak,
Çaga ýaly guduz açjak keýpine,
Çybyk alyp aryketegem gorjajak.

Ýaz gelende aýdym aýtjak gygyryp,
Menmişimmi, gözellige dözmejek?!
Tä tutýançam kowalajak kebelek,
Tä tapýançam kömelejik gözlejek.

Ýaz gelende aýdym aýtjak gygyryp,
E-e-eý , Kakamyrat Rejebow ýalylar!
Meň sesime ýumurtgalap garlawaç,
Çigildemler ýarylar.

Şu zatlaryň hemmesem bor, elbetde,
Tutulýança kowalanar kebelek,
Tapylýança agtarylar kömelek,
Öjükýänçä gorjalanar aryketek,
Aýdymlaryň üýtgediler sözlerem,
Tans ediler hokga bary gözlenip,
Höwürtgeden ürküziler garlawaç,
Kimdir biri aýdym aýdar keýpine,
Kimdir biri aýdym aýdar gygyryp,
Şu zatlaryň hemmesem bor, diňeje...
Ýaz gelende men bolman...

2006ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 117 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 Мango • 13:55, 16.01.2023
E-e-eý, Kakamyrat Rejebow ýalylar!
Laçyn size daş oklaýan ýaly-la. :-)
===
Kebelegem, kömelegem, gorjalan aryketegem,
garlawajam, pyrlampaçam...
"Ölme guşum, ýazam geler"
Bu zatlaryň bary bolar.
Sen gowysy, özüň aýa
Taýýar bol sen geljek ýaza.
===
Şu zatlaryň hemmesem bor, diňeje...
şu "diňeje-de" täze sözlerden (täsiri türki).
===
goşgular gahrymanyň adyndan ýazylýa diýýäler, ýöne şu gezegä Laçyn öz adyndan ýazan bolmaly. garagollyk kaňkap dur... :-)
===
soňy gussalyjamy?

Şu zatlaryň hemmesem bor, diňeje...
Ýaz gelende men bolman...

hawa, biz bolmasagam, bolmaly zatlar bolar durar.
degme, bolsun.
avatar
0
2 Medicall • 23:05, 16.01.2023
Wiii, a gy-yy, şu zatlary edeñde Kakamyrat "ýalylar"-a näme?! Geçer gider her kim öz ýoluna. "Eder her kim özüne eder" diyalermi?! 2006- Kakamyrat 20 ýaşynda ken..bolmanda 30-ynda diyen bolsa "hää" diyseñ bolsa bolordom wolin.. ("ýalylar" sözüni ulanmagy awtory içigara yaly görkezipdir yaly bolupbataniken bärde)
avatar
1
3 Мango • 23:19, 16.01.2023
Laçyn Pürjäýewadan düşündiriş:
"kakamyrat rejebow ýalylar diýmek--- şahyrlar diýmek
kakamyrat ---- şahyr diýen sözüň sinonimi"
avatar
0
4 Kyyas • 00:06, 17.01.2023
Kitapçydada ýazdym, Ýalylar sözi gönümel kemsiden ýaly ýada tankyty goşgy ýaly bolup eşdilýär. Elbetde men ýönekeý okyjy bolanym soñ. Şol setiri nähili edeñde-de kembaha şahyrlar diýen ýaly bolup eşdilýär
avatar
1
5 Mekan • 00:46, 19.01.2023
Goşgy ýazmaga ökdäý şü Laçyn. Ýöne (mangoñ diýşi ýaly) garagolja-da. Okamda garagolluk damarlarym oýanýa.
avatar
0
6 Medenýet • 00:02, 22.01.2023
Başda Kakamyrat agaň öz dili ýetendirdä Laçyna olam ýatyp galandan atyp galandyr.aý bilmedim ýöne şeýle pikir rdýän.Laçyn näçe ýaşyndady şo wagytlar.
avatar
0
7 Mekan • 00:05, 22.01.2023
Şübhäm artýa
avatar

Старая форма входа
Total users: 202