Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:37
Iň soňky minutda / Laçyn Pürjeden Täze ýyl gutlagy
IŇ SOŇKY MINUTDA
Laçyn Pürjeden Täze ýyl gutlagy

Toýlaryň mynasyp gutlagy bolsa,
Myhmanlarnyň gözel-gözel arzuwy.
Bagşylarnyň ýeke matlaby bolsa,
Gaçyrmasa, şol toýlaryň arzyny.

Gyzlarňyzyň güller bitse ellerne,
Ogullaryň dabanyndan ot çyksa,
Isleg bitse, çagajyklaň dillerne,
Her sözuňe her tarapdan «ho-o-op» çyksa...

Adam sähel-mähel urga kaýyldyr.
Goý, belent başyňyz egilmesin hiç.
Sekuntsaýyn egsilse-de aý-ýyllar,
Etsem-petsemlerňiz egsilmesin hiç.

Biz birleşip, döredeliň, guralyň,
Köpügören bu topragmyz güllesin!
Görsek, diňe kinolarda göreliň,
Dönükligi, pälazanyň güllesin.

Dil — kesgir, ýöne ol gylyç däl gynsyz,
Siz dosta, dost size gyljyn syrmasyn.
Synsa, suw ýolunda suwküýze synsyn,
Suw getirenleriň göwni synmasyn!

Gündizlerňiz şowhunly saz mysaly,
Hüwdi ýaly rahat bolsun gijeler!
Jiglese-de, süýjäp-süýjäp, gijigen,
«Söýýän» diyen söze jiglesin jiger.

Adam aşygydyr owadan dünýäň,
Çyndan gülüp, dünýä ýene gelmek bor.
Hergiz gülkiňizde galplyk bolmasyn,
Gülki ýalan bolsa, şonda erbet bor.

Bägülden bägülüň ysy gelmese,
Gülkiň güldürmese, töwerek-daşyň,
Şol bägülden düýrügeniň geňleme,
Şol gülküden eýmenewer, gardaşym!

Behiştden nygmat bil, Alladan ilçi,
Goňşulaň tabagyn — ynsap talabyn.
Sagatsaýyn süýjäp barýan durmuşyň,
Adamlar bir gaçyrmasyn tagamyn.

Ynsaplysy bolsun gelen gelniňiz.
Ynsaplysy bolsun täze başlygňyz.
Öýlerňize ýoda salan ýat bilen,
Jebisleşsin hasam garyndaşlygňyz.

Il diýeniň aýna ýaly asmandyr.
Asmana tüýkürseň, ýüzüňe düşer.
Adamlar adama juda gerekdir,
Adamlara adam gerekdir juda.

Goý, durmuşyň duzy bolsun köne ýyl.
Täze ýylňyz bitin bolsun çörek deý!
Köne ýylym, sen durmuşyň tagamy,
Seň bilen lezzetli durmuş, Köne ýyl!

Bir minutdan Täze ýylmyz başlanar,
Bir minutdan ýene bir ýyl a:hy:rla:r.
Şol minutda arzuw etse, arzuwy,
Dileg etse, hasyl bormuş dilegi,
Owal-ahyr garramayan şahyrlaň.

Şahyr bolmasagam, arzuw edeliň,
Bagşy bolmasagam, aýdalyň aýdym.
Ýürekden ýylgyryş sowgat edeliň,
Siz birek-birege gutlaglar aýdyň.

«Watan» sözi ýaly dik bolsun başlar!
«Türkmen» sözi ýaly haýbatly boluň!
«Eje» sözi ýaly mähribanlaşyň!
«Çaga» sözi ýaly siz datly boluň!

Bu ýyllarmyz ömrümizden gädilmez,
Döwrüm — ajap, goý, döwrümiz bat alsyn!
Täze ýylda salamlaşyň ädimden,
Dünýä siziňkidir, eziz adamlar!

18.12.2007ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 161 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 17
avatar
0
1 Мango • 22:30, 30.12.2022
käwagt ýaşulylar köpçüligiň içinde uzyn-uzyn dogalar edýäler.
senem her kim bilen bir hatarda eliňi açyp dogasyna goşularsyň.
ýaşulam joşar gider, joşar gider... dogasyny uzak eder.
elleriň ýadar gider....
onda-da dogasyna şärik bolmak üçin gaýrat edip elleriňi howada saklamaga jan edersiň.
doga gowy zat.
arzuw-dilegem gowy zat.
teswirimi uzadyp oturman "Ämin" diýeýin (sizem ýadatmaýyn).
avatar
0
2 Lacrymosa • 20:23, 30.12.2023
Täze ýylyňyz gutly bolsun, Öňküdenem bagtlyja boluň, ,,Edebiýat kafesiniň" hormatly kofesöýerleri!
,,Nurdan Söz" baýragyny almak ugrunda yglan edilen bäsleşigiň işine-de şowlulyk arzuw edýärin. Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, zehiniňiz açyk, galamyňyz ýiti, sözleriňiz ötgür bolsun! Ajaýyp eserler döredersiňiz, gün-günden gyzgalaňly döredijilik we bäsleşik gider, örän gyzyk bolar dp umyt edýärin. Her biriňize tekrar --- Üstünlikler, arkadaşlar!
avatar
0
3 Pero • 22:42, 30.12.2023
Arhiwden eken bu goşgam. Ajaýyp arzuwlar,ajajaýyp goşgy. Bize diñe bu arzuwlara goşulaýmak galýar.
avatar
0
4 Lacrymosa • 23:12, 30.12.2023
Şu gün goşulanyňyz goşulanyňyz, adamlar! Ertir goşuldyrtjak däldirin!
avatar
0
5 Nurdаn • 23:17, 30.12.2023
garaş onno laçynulýa, ertir goşultyrmajak bolsoň hooo ýokaryk çykaryp goýaýýyn muny))))
avatar
0
6 Nurdаn • 23:21, 30.12.2023
al baş sahypa goýdum, inni hezil etsenäň şun laçyna goşulyp baryňyz, ertir goşulmaýaňyz bilip goýuň özünem:)))
avatar
0
7 Mekan • 23:22, 30.12.2023
Goşulmakak käbir zady anyklaşdyrmaly.

15-nji bentdäki... sözi ýaly bolmalymy ýa özi ýaly.
avatar
0
8 Medicall • 23:25, 30.12.2023
ertir Baýramyň täze ýyl goşgusy durýar baş sahypada:))
avatar
0
9 Medicall • 23:27, 30.12.2023
@ myhhman, 35 minutdan ertir bolýar, bol bahymjak goşul, ýogsa goşultdyrmaýa laçyn:))
avatar
0
10 Мango • 23:29, 30.12.2023
men şumat gahrym gelip du.
gitmän du ýanymdanam.
ömrümiň ýene bir ýyly reňksizje, manysyzja geçip gitdi...
avatar
0
11 Medicall • 23:33, 30.12.2023
kowsanaý şo gaharyňy, senna bu ýyl newir mango reňkilje barýaňa houuu))))
avatar
0
12 Lacrymosa • 23:43, 30.12.2023


Hindileň poezdi ýaly bolsun-la şu goşgy
goşulyň-goşulyň, ilişiň-ilişiň
(teswire surat nasil goyulýar. Otlyly Mumbaýdan Delä barýan hindileri goýaýjakdym)
avatar
0
13 Medicall • 23:47, 30.12.2023
Mango! biremmara "bir ýyly manysyzja geçdi.." diýip gahryňy joşduryp, kürşşriwoturma, entäk ylaýyjak ýene 24 sagat 13 minut bar ýylyň gutarmagyna> belki ertir gowja bir iş edersiň hää, reňkläp ýetişersiňä hää bir günde-de))
avatar
0
14 janjennet • 23:48, 30.12.2023
günler bn bagly yrymçyllygym galman geçjek. Şu ýyl, täze ýylyň täze güni 1nji ýanwar 1nji günden başlaýan eken(belki ozalam bolýandyr, ýöne aň bolan däldirin, täze ýyl mundan ozal gyzyklandyranokdam) Şu ýyl Bariş Özcanyn 13 aylyk kalendaryndan çykardynasym geldi birhili(@Lacrymosa, büde meň özümçe goşulşum)
avatar
0
15 Medicall • 23:55, 30.12.2023
teswirde goýmak üçin öňki açan postlaňa ýükläp goý, iň soňka ýükläý, özüm alyp goýupjyk bereýin hindiskiý suwrotloňy :))
avatar
0
16 Medicall • 00:31, 31.12.2023
ana goýdum delä barýan poýyzam teswiriňe:))
avatar
0
17 aygull • 15:26, 31.12.2023
Meñ úcin aŷratyn bir topbak ŷok eken-aŷ...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203