Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:15
Gyş duýgulary

Gyş duýgulary

Aknur Rozyýewa dünýäni görüş bitewüligini, anyk şahyrana nukdaýnazary edinmäge ýetip barýan şahyr. Ol ulgama gatnaşyjy bolman, öz-özi bilen çäklenip, birgiden söz boşluklarynyň arasynda ýekesiräp oturan hususylyklaryň, tükel bitewülige ýetmän galýan ýartygöwre detallaryň, on sany boş pikiriň arasyna süsdürilen bir dokmäde pikiriň derejesinden galyp, öz tematik örüsini edinmek ýoluna düşüpdir. «Gyş goşgulary» atlandyryp boljak toplum munuň aýan görkezijisidir. Belli bir zadyň başyny tutaga-da, anyk temanyň üstünde döwnemek, şahyrana änik-şäniklige ýetmek, täze we täze jikme-jiklikleri açyşdyrmak halypalarymyz tarapyndan arzylanylyp gelýän häsiýet bitewüligine ýetirip biler.
Şygryýetimizde munuň ajaýyp nusgasy bolan Seýit Nesiminiň «nefsi», Magtymgulynyň «dünýäsi», G.Ezizowyň «güýzi» bar. Kim bilýär, belki, özünde tükeniksiz kämilleşmek, ýokardan ýokary galmak potensiýalaryny açyp bilse, ýaş şahyram täze çeper ýaşaýyş giňişligi bolan «gyşlaryny» döredip biler. Ol durmuşy özboluşly suratda – «gyş» suratynda kabul etmegi özüni çeperçilik taýdan döretmegiň usuly hökmünde aňlatmaga çalyşýar. «Gyş» onda, bir tarapdan, aklyk hem arassalyk, tämizlik hem kimirsizlik, beýleki tarapdan bolsa, çolalyk hem çäklilik, ýalňyz alyslyk hem reňksizlik manysyna gelýär. Täze görüşleriň boljakdygyna umyt döredýän ikinji tarap çeperçilik ösüş üçin has ähmiýetlidir. Biz degişli toplumdaky aşakdaky anyklyklary umyt uçgunlaryna esas hökmünde görýäris:

Gözýetim ýatyr agaryp,
Aglap bilmez agylarym gowzatmak isleýän ýaly.

Juda aglasym gelenin
Duýan bolsaň, gel bu gyşda.

Gar ýagsa,
Pynhanym pyşyrdap aýtsam pelege.

Dide dikip ýollaryna melekleň,
Tisgindim ümsümlik çawuşlaryna.

Ýazaryň «düýşleşen ädimlerim», «dymar ýatar dymma ýerler», «aglabilmez agylarym» ýaly abstraksionizmleri gyş duýgularyna oňyn howaýylyk häsiýetini berýär. Onuň nusgawy şahyranalygymyzdan alyp, özboluşly reňk berýän, has dogrusy, özboluşly suratda reňksizlendirýän «pany», «älem», «pelek», şeýle-de «barlyk» ýaly birlikleri adaty manydaky surat däl-de, düşünjelerdir. Surat göreje, ten duýgusyna berilýär, düşünjeler howaýylaşdyrmaga dahylly zatlar. Olar arkaly ýaşaýyş ilki eräp, soňam bugaryp, «göwreden» mahrum bolan, gözden uçan gar ýaly, tensizlige, sulba öwrülýär. Eýsem-de bolsa, bu zatlaryň bary gowy welin, sagdyn şahyrana pikirlenme elden giderilen halatynda, tebigaty häzirlikçe oňyn howaýylygyň lenji alasarmyklyga geçmek howpy bar. Üstesine-de, ýokarky pelsepe aňlatmalaryny netijeli işletmek üçin, aşa okumyşlyk hem-de degişli tebigy ýasaw gerek. Şeýle-de, şahyryň şygryň tehnikasyna, ylaýta-da, kapyýa gurluşyna bütinleý biperwaýdygyny bellemek gerek. Haýp, senetsiz sungat bolmaýar.

Dil nädürslükleri

Zehinli şahyr A.Rozyýewanyň şygrynyň dilindäki many – dil nädogrulyklardan:

Dertlerimiň ýangynyny sowatmak isleýän ýaly.

Galamymdyr wyždanlygym.

Ylahynyň owazlygy –


ýaly setirlere ünsi çekesimiz gelýär. Türkmen diliniň kanuna öwrülen many aňladylyş aýratynlyklaryna görä, «Ýangyny sowatmak» bolmalymy näme?! «Ýangyny öçürmek» görnüşinde aňladylmaly bolaýmasyn?! Şeýle-de ýokarky mysallardaky «wyždanlygym», «owazlygy» ýaly sözlerde nädogry ulanylan goşulmalaryň emeli söz döredýändigi görnüp dur. Inçe sungat bolan şygryýetiň dili şeýle emelilikleri götermeýär.

Amannepes ŞYHNEPESOW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty, edebiýatçy alym.

Çeşme: «Nesil» gazeti, 2009-njy ýylyň 30-njy iýuny.
Bölümler: Edebi tankytlar, seljermeler | Görülen: 151 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Amannepes Şyhnepesow | Рейтинг: 4.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 atayeva • 20:05, 28.05.2023
Üstesine-de, ýokarky pelsepe aňlatmalaryny netijeli işletmek üçin, aşa okumyşlyk hem-de degişli tebigy ýasaw gerek. Şeýle-de, şahyryň şygryň tehnikasyna, ylaýta-da, kapyýa gurluşyna bütinleý biperwaýdygyny bellemek gerek. Haýp, senetsiz sungat bolmaýar" Вот тут я с вами пожалуй соглашусь.
avatar
0
2 Saryýew • 20:51, 28.05.2023
Aknur gelneje ylhamyňyz egsilmesin! Täze goşgularyňyza garaşýarys!
avatar
0
3 atayeva • 21:21, 28.05.2023
Niresi yakymsyz? Men shu pikir bilen ylalashsam gerek diyen yerim yakymsyzmy? Senin eshidesin gelyan zatlaryňy aytmasam yakymsyz bolyarmy? Seň özüň yakymsyz.
avatar
0
4 Pero • 09:10, 29.05.2023
Aknur gowy ýazýady. Adamçylygam adam ṣekilli,tüýs ṣahyrlyga laýyk. Emma näme üçindir ol ýitdi. Soñky döwürler goṣgularyna hiç gabat gelemok.
avatar
0
5 Мango • 17:37, 29.05.2023
surat barada.
arka fony arassalanda fotoşopçy dostum, haltura etmeli däl ken.
"волшебная палочка" bilen belläp pozman, "перо" bilen seresapja плавный-ja belläp, kesip arassalaýmaly welin.... ýaltanyp öz derejäňizi peseldäýýäňiz-dä...
suratyň gyrasy gädik-gädik bolup dur. gowmy osoň şo?
***
sowgat berlen ýaşyl gutyň içinde näme barka?
bokalmyka?
çäýnekmikä?
avatar
2
6 Saryýew • 19:56, 29.05.2023
Mango däde, surat meňem göwnüme jaý däl. Ýöne nädeýin başarýanym şol boldy-da. Kompýuterim okuwçylaryňky bolansoň, fotoshop... diýen ýaly agyr programmalary göterenok. Ýogsa, häzirki zamanlaşan nootbook bolanlygynda näler gowy edip oňarardym. Şonuň üçin suratly taraplaryny görmedik bolmaşak edäýeliň:)
avatar
0
7 Мango • 21:24, 29.05.2023
hää... ýokdan bar edýän bolsaň, onda-ha saňa ýyzzyl goýýan.
ýöne, mümkin boldugyndan ganymatja işlemeli-dä.
hoş. suratly tarafy görmedeksiräýin.
***
goýýan materiallaryňa ýene bir gezäm sawwol aýdýan.
sawwol.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202