10:39 Jemlemäniň gymmaty | |
Jemlemäniň gymmaty Kä aýratynja element, käte öňli-soňly ep-eslije ulgam derejesindäki, kä aýry-aýry söz öwrümleridir metaforalar, käte-de özbaşdak hem bitin şahyrana kontekst-şygyr görnüşindäki delje tapyndylar başlangyç şahyrlarymyzyň aglabasynda duş gelýär. Şu aglabanyň içinde B.Çaryýewiň, A.Rozyýewanyň, L.Pürjäýewanyň, S.Otuzowyň, A.Ylýasowyň, G.Orazberdiýewiň, S.Geldiýewiň atlaryny tutasym gelýär. Tebigy suratda özüni hem özlügini söze geçirmegiň ýoly hökmünde saýlap alan söýgi temasynda ýazýan Batyr Çaryýewde häzirlikçe «ýerasty», içki hadysa bolup galýan bir oňat meýil bar: Ol mazmuny aňlatmakda gysgalyga, gunt ýaly kesgitlilige we çürtkesiklige, şeýle-de jaý wagtyndaky we ýerindäki tükellige ymtylýar. Şygyrlaryndaky pikirleriň aýyl-saýyllygy bile syklygam, düzülen sazyň kirişleri ýaly zarňyldap duran kapyýalaram, iň esasy-da, gütüledip goýulýan möhür ýaly, ýapylan gapydan asylyp goýlan läheň gulp ýaly oňat jemlemelerem şondandyr. Hoşlaşdyk biz, damagyma doldy seň Ugradamda damman galan gözýaşyň. Şeýdip, jogap ýazman gyz Ýüregimi ezipdiň. Şindi görüp otursam, Takdyryma ýazypsyň. Şeýle setirlerde taraşlanmaga mätäçlik manysyndaky haýsydyr bir zadyň ýetmezlik ýa artykmaçlyk edýändigini-de duýup bolar, belki, edebi «de-žawýu-da» göze kaklyşan ýaly bolar. Ýöne ýokarky artykmaçlyklaryň alnynda bular ikinji hataryň derwaýyslygydyr. Ýaş şahyr üçin jemlemäniň zerurlygy öwrenje sürüjä ulagy ýerinden gozgamakdan ony duruzmagy başarmagyň has gerekligi ýalydyr. Esasy zat zehiniň özboluşlylygyny hem öz güýçli taraplaryny wagtynda aňlamagydyr. Galan zatlaryň tejribe bilen özi-de geler. Batyryň şygyrlarynda «Gelmediň. Hemmesi boldy güýzden öň» ýaly täsirliliginiň sebäbi birbada düşnükli bolmadyk, ýöne şahyrana delligi bilen okyjy täsirini terlendiriji setirleriň-de bardygyny ýüzugra aýdyp geçen ýagşy. Amannepes ŞYHNEPESOW, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, edebiýatçy alym. Çeşme: «Nesil» gazeti, 2009-njy ýylyň 30-njy iýuny. | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |