23:58 Bir parça gujur | |
Bir parça gujur Türkmen halky kalby şahyrana halk. Goşgy düzmek, şahyrçylyk etmek bizde hem hormat-sylag döredýän, hem köpçülikleýin ýaýran pişeleriň biri. Şahyrana höwesiň gerimine, goşgy düzmäge meşgul adamlaryň mukdaryna göz ýetirmek isleseň, iň bolmanda, gündelik metbugata ser salmak ýeterlik. Tüweleme, gazetlerimiziň goşgusyz çykýan sany ýok. Men goşgynyň hem şahyrlaryň köplüginden howpurgaýan, muny ýaramazlyga ýorýan, kesä çekýän adamlaryň pikirine goşulamok. Goý, köpräk ýazsynlar, goý, köpräk çap bolsunlar! Goşgy – kalbyň sedasy, muny her kimiň ile ýetirmäge hukugy jedelsizdir. Gowşak, çig, ýaramaz goşgularyň haýsydyr birimize köpräk bolup görünmegi pajyga-da däl, edebi ösüşiň haýallaýandygynyň ýa-da togtaýandygynyň alamaty-da däl. «Her kim bildijegin diýr gider», heňňam özüne geregini alar galar. Höküm çykarmak, saýlap-seçmek wagtyň ygtyýaryndadyr. Goşgularyň köplügi saýlap-seçmek mümkinçiliginiň giňligini aňladýan zat hökmünde gowudyr. Laçyn Pürjäýewanyň şygyrlary gyzykly hem üns berilmegine degýär diýip pikir edýärin. Her ki zadyň her kime öz ýaraşygy, gelşigi bar. Edebiýatda-da edil durmuşdaky ýaly, ýaşululara durnuklylyk, ýaşlara bolsa irginsiz, özem garaşylmadyk gözlegler, synanyşyklar, hatda hetdenaşa, ötegeçme bolup görünýän radikal eksperimentatorlyk ýaraşýar. Bakylyga – edebi bakylyga ýetmek üçin öz döwrüň mundan öňki döwürlerde bolmadyk ruhuny, mazmunyny aňlatmak gerek. Täze mazmun bolsa mümkingadar düýbünden täze formalarda ýüze çykyp biler. Laçynyň «Özüm üçin goşgular» atly toplumy mende täze forma gözlegleri bilen gaty oňyn täsir galdyrdy. Onsoň haýsydyr bir goşgynyň ýa-da bendiniň – jümle-hä beýle-de dursun – şowsuz çykanlygy ikinji ähmiýete geçýär. Ýaş awtoryň köne galyplarda özüni nälaýyk duýýandygy, reallygyň serhetlerini açmakdan ötri galybyň çarçuwasyna zarba urmak islegi ýerlikli hem göze yssy görünýär. «Ýatlama», «Haýyş», «Ýürejik hakda», ylaýta-da, «Goşgy ýazylmadyk gün» şygyrlarynyň oňat fakturasy bar. Maňa daglaň depesinde uç diýme, Daglaryň düýbüniň ownuk daşy bar – meniňçe, şu hili yzaçekilme durgunlyga hem doňan adatylyga öwrülen estetiki hem gaýry könemöwridiň çäginde awtora dem almagyň kyndygyny tekrarlamagyň formasydyr. Şu hili inkär etmede esasy zat täze reallyga açylýan yşlar hem umytlardyr. Magtymguly edebi pikirlenmäniň umumygündogar galyplaryny ret etmekden dörän täzelik. Ol şahyryň täze tipiniň – janly durmuş emosiýalaryna daýanýan, şondan kitabyň diline geçýän adamy berdi. Ezizow öz gezeginde şygryýetimizi dini-filosofiki ontologiýadan boşadyp, tas, sap estetiki fenomenologiýa-nyň hadysasyna öwürdi. Häzirki zaman häsiýetdäki edebiýata eýe bolduk. Adaty ylmy pikir ýöretmämizde muny poeziýada howaýy aklyň paýynyň azalyp, duýgynyň esasy orna geçendigi ýaly biraz ýalpak hem ýöntem kesgitleme bilen aňladýarlar. Meniňçe, şygryýetde häzirki emele gelýän ýagdaý bizde şolar ýalagrak örän düýpli özgerişligiň zerurdygyna yşarat edýär. Şygryň täze içki we daşky barlyklary açýan sungat hökmünde üýtgeşik mentallygy we täze parametrleri edinmegi derwaýysdyr. Şeýle düýpli özgermäniň zerurlygy bolmanda forma derejesinde hem ýiti duýulýar. Indi dörtlemede hem inçe mazmun açmak müşgillik bolup görünýär. Howaýy pikirlenmäniň hasam azalyp, ornuny dolulygyna sap duýgy bälçikligine bermegi, sözüň pikirparazlygynyň ýeňlip geçilip, poeziýanyň gutarnyklan suratda şekillendirişiň hadysasyna öwrülmeginiň öňünde durus. Şu jähtden biziň indiki edebi ösüşimiz üçin uzak gündogar we täze ýewropa poeziýasynyň tejribeleri howa ýaly zerur hasap edýärin. Şol ýerlerde adaty däl formalaryň we realistik däl pikirlenmäniň göze gelüwli hem göze doly miweleri bar. Mundan öň A.Atabaýew «Başga tüýsli goşgular» toplumynda şeýle synanyşyklaryň göreldesini görkezipdi. L.Pürjäýewanyň öz forma gözleglerinde şol tejribäni hasaba alandygyny ýa olardan bihabardygyny bilemzok. Ýöne onuň şygry howaýy adatylykdan hem howaýy pikirlenme gabyndan boşadyp, duýgy bälçikligini hem aňasty we aňöňürti reallygyň sap fenomenini aňlatmagyň usulyna öwürmek ýaly makullanylmaly meýilleriniň bardygy mesaňa. Ýüzüňi çytmagyň ýa seňrigiňi ýygyrmagyň geregi ýok, biz edebiýata Ezizowdan soňky ululygyň gelenini buşlamagyň çökder bir zatdygyna her kimçe düşünýäris. Gep galyby hem kanonlary kössek hökmünde aňlaýan ýaş şahyrda häsiýetli alamatlaryň görülýänliginde. Kössek bolup duýulýanlygy üçinem ol galypsyz, belli bir formasyz goşgulara synanyşyk edýär. Şeýle synanyşyklar beýleki ýaş şahyrlarda-da wagtal-wagtal ýalp-ýalp edip gidýär. Bu ýörelgä öwrülse, oňat bolardy. L.Pürjäýewanyň «Goşgy ýazylmadyk gün» atly şygrynda ýokary tendensiýalaryň has doly hem oňat ýüze çykýandygyna ünsi çekesimiz gelýär. Ýelkensizem bolsa, köne-de bolsa, Küreksizem bolsa, bolsa-da bibat Garaz, bir gaýyjak tapylmazmyka?.. O kenarda gök tokaý bar. Gök tokaýda kör torgaý bar. Torgaý örän okumyşmyş Çynmy-ýalan – meňkem eştmiş Hawa, myş-myş. Şeýle şygyrlarda alasarmyklyk bar, awtor diýýänine özem düşünenok hasaplamak nädogry bolardy. Gaýyk, kenar, gök tokaý,torgaý – aňyrdaky, özge reallyk awtoryň sýurrealistik hyýalyna biygtyýar gelýän şekilleri dälmi?! Şeýle synanyşyklarda şahyrana sözüň özi täze forma bolup öňe çykýar. Ol aňyrky reallyk pikiriň üstaşyry däl-de, göni syzgy bilen şekile salmaga synanyşykdyr. Gurak akylyň dellallygy bolmansoň, şygyrda belli bir galyp, belli bir çarçuwa-da ýok. Liriki sýužet duýgy oýnamalarynyň üstünde gurnalansoň, şygyrda biendigan ritmler, bideň uzynly-gysgaly setirler emele gelýär. Torgaý ýöne bahana Ha-Ha-Ha! Ýene-de bir goşgy indi jahana Ha-Ha-Ha! Kämilleşýän barha-barha! Ha-Ha-Ha! Mämmetýar hanyň aýdyşy ýaly, «ýaman däl». Ýogsa degişli synanyşyklarda deprenmez täze netijeler, demir durnukly edebi ölçegem ýok. Ine, iki-ýeke ýaş şahyryň özge göze alasarmyk, dumanlylyk, ondan-da beter sarnama bolup görünmeden ortaça okyjynyň duýgy dünýäsini berýän şekillere öwrülmegi üçin häzirki edebi gymmatlyk-laryň we awtoritetleriň derejesinde bakanyňda, näçe wagt gerek bolar belli däl. Bir zat belli: ösüşiň hem baky täzelenişiň hatyrasyna ýaş şahyrlar buta dönen estetiki awtoritetlerden daşlaşmaly bolarlar. Laçyn Pürjäýewanyň durmuşy şahyrana söze geçirişiniň mantygy we tärleri howaýylaşdyrmak däl-de, zatlaşdyrmakdyr. Çeper suratlan-dyrmanyň mantygy-da howaýylykdan duýga, duýgudan zatlara gidýän şekilinde amal bolýar. Munuň özi sungatyň asyl tebigatyna-da, däpleşen şygryýetimiziň aýratynlyklaryna-da oňat laýyk gelýär. Laçyn islendik tema ýüzlenende, ýuwmarlaşdyrmagyň deregine ýitileşdirýär, göz ýummagyň deregine syry paş edýär. Şeýle ýörelgäniň netijesinde gözellik duýgusyna hoş ýakýan şekil bolan kinaýa, lenje öwrülen ýasama aýlawlylygyň bäsdeşligi bolan gönümellik öňe çykýar. Gönümellik iki taraply zat, hulk hadysasy hökmündäki ýöntemlik bolsa-da, aýdaly, G.Ezizowyň «sadalygy» bilen deňdeşlik hökmündäki çeperçilik şerti manysynda ol oňynlykdyr. Çünki onuň üsti bilen şygryýetiň ýasama aýlawlylykdan dymyljan howasyna serginlik aralaşýar. Onuň «Gül ykbaly», «Ötünç», «Tötänden sataşmadan soň» atly şygyrlaryny şu tarapdan aýratyn şowly hasaplaýarys. Men – gül! Ysgalasym gelýär... Käte seni Hah-hah-ha-a! Owsarlasym gelýär, idesim gelýär. Al reňkli solgun bu adaty gülüň, Güýjüni saňa aňdyrasym gelýär. Meni ýolup, özüň bilen alyp git! Meni ýolup... Meni indi alyp git! Alyp git! Git! Git! Git, ýigit! Şahyryň iň oňat goşgularynyň özüçe kakuwy bar, onuň şahyrana sözleýşiniň özboluşly heňleri bar. Bu ýöne-möne zat däl, bu eýýäm çyn sungata dahyly bolup başlanandygynyň alamatydyr. Munuň özi durmuşyň entek barylmadyk tarapyndan barlanda, mümkin bolýar. Şygyr ruhy duýgy gujuryň bir parçasydyr. Ol – aňyrsyz-bärsiz durmuş barlygyndan ýolnup alnan bitewülik. Şygyr teşne kalba şypaly bir ýuwdum suwdur. Dürli himiki elementleriň bir owurt suw-da «ýitişi» ýaly, sözler, jümleler, öwrümler şygryň içinde eräp gidýär. Suwda ýa-da howada himiki birleşmeleriň bildirmeýşi ýaly, kämil şygyrda elementler aýry-aýrylykda duýulmaýar, okyjy ony bitewi gujur hökmünde kabul edip alýar. Ýaş şahyrlarymyzyň şygyrlarynyň uly sungatyň hili barada gürrüň etmäge, öňkülerden başgaça ylmy-pelsepe umumylaşdyrmasyna esas berýändigi şygryýetimiziň şu gününiň we geljeginiň kepilidir. Ejem, sesine çen garran ejem! Hüwdüsi-de, gülküsi-de, ýylgyrşy-da garran ejem! Ejem! Ak saçlaryň ýygşyrjagam bolmaýan mähri bar ejem! Mähriban ejem! Seni ak saçlaryň üçin gowy görýärin, Seni dişsizligiň üçin söýýärin. Durmuşyň öň duýulmadyk taraplarynyň täsiri bilen şahyryň kalbynda ruhy – duýgy gujurynyň göz açmagy esasy zatdyr. Şondan soň metafora-da, öwrümem, äheňem, mantygy geň-taňlygyňam özi gelip durýar. Sungatyň söýeni durmuşdyr, çyn söýgüdäki ýaly, sungat hem magşugynyň öňünde söýgi şertlerini goýmaýar. Ol durmuşy onuň öz bolşunda, onuň ähli «çepi-sagy» bilen söýýär. Ýaş şahyr üçin esasy unutmasyz hakykat her bir zadyň, şol sanda şygyrdaky duýgy bälçikligi-niň hem diňe öz çäklerindekä oňatdygydyr. Duýgy bälçikliginiň çägi akyl agraslygydyr. Şol çäk amala aşyrylanda, aşakdaky ýaly ýeňles däl, emma ýeňil, agyr däl, ýöne agras oňat şygyrlar döreýär. Hiňlensin, goý, hiňlensin, güller-guşlar hiňlensin! Hiňlensin, goý, hiňlensin, daglar-daşlar hiňlensin! Goý, baky heýjana gelen älem-jahan hiňlensin! Türkmen owazy bilen, heý, Türkmen owazy bilen! Amannepes ŞYHNEPESOW, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, edebiýatçy alym. çeşme: «Nesil» gazeti, 2009-njy ýylyň 30-njy iýuny. | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |