Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:21
Seýranyň goşgularynda tema bar, sýužet ýok

Seýranyň goşgularynda tema bar, sýužet ýok

...Seýran Otuzowyň goşgularyny-da ýokarky gürrüňiň kontekstinde seljersek, netijeli bolardy. Bular mende güýçli täsir galdyrdy diýsem, ýalançy bolaryn. Täsirimi Seýranyň goşgulary bilen baglanyşykly iki pursatda düşündirmek isleýän.
Birinjiden, ol häzir söze erk etmegiň hötdesinden gelenok. Awtor sözlere haýsydyr bir şahyrana manyny ýükländirin hasaplaýar, ol sözlerde bolsa şol many ýok. Ikinjiden, esasy belligim hem şu – Seýranyň goşgularynda tema bar, sýužet ýok. Sýužet – hereket. Hereket üç pursatdan durýar – başy, ortasy, ahyry. Degişli goşgularda şu üçlük ýok, olary näçe dowam etdirseň etdirip oturmaly. Bu fakt awtoryň bir goşgusyny ýöne köp nokat bilen tamanlaýandygyndanam açyk görünýär. Sýužet ýok ýerinde many ýok, çünki many nilden atylyp çykýan ok ýaly sýužetiň daşa çöwrülmesidir. Atmajak bolsa tüpeňde ne many bar?! Sýužetiň dogurýan manysynyň ýok ýerinde, semantiki birlik derejedäki obraz – suratam döränok, olara derek howaýy pikir umumylaşdyrmasy, logiki kesgitlemeler (Ýylgyryş – adama sylag hem hormat – diýen ýaly) öňe çykýar. Maslahat bermek aňsat diýen ýaly, HTTU-nyň talyby bolan Seýrana döredijiligini şahyr hem okyjy hökmündäki gözlegler bilen utgaşdyrmagy, hususanam, häzirkizaman modern türk şahyrlaryny köp okamagy maslahat bermek ýerlikli hasaplaýarys.
XX asyryň ahyrlaryndan dürli taryhy özgerişlikler, ilkinji nobatda bolsa, milli Garaşsyzlyk netijesinde ruhuň täze ýaşaýyş şekili manysyndaky täze türkmen dili döräp başlady. Biz häzirki wagtda şol döreýşiň içinde, jümmüşinde ýaşaýarys. Öz döwründe Ahmet Ýasawynyň, Nowaýynyň, Nesiminiň, Magtymgulynyň başaryşy ýaly, öz döredijiligi arkaly täze türkmen dilini kämil suratda esaslandyrjak beýik şahyryň döremeginiň derwaýys zerurlykdygyny we kanunalaýyklyk boljakdygyny gepiň gerdişine görä aýdasym gelýär. Ýaş şahyrlarymyzyň şu ugurdan döredijilik gözleglerine meşgul boljakdygyna ynanýarys.
Häzirlikçe bolsa, ýokarky ýaly aňlatma nädürslükleriň S.Otuzow ýaly edebi däpleri oňat bilýän, özboluşly pikirlenýän şahyrda-da duş gelýändigini bellemeli bolýarys. Seýranyň «Töwerege ýagty ýalkym» setirindäki tawtologiýa göze görnüp dur. Onuň «Eretsin ol ýanyp duran narlary» sözlemindäki sözleriň, hususan-da birinji we soňky sözüň söz düzümine birikmeýändigini bilmek üçin üýtgeşik duýgurlyk gerek däl. Nar, ýagny ot eremeýär, ol diňe öçüp biler, üstesine, «nar» hem-de «ot» sözleri hemme ýerde bir-biriniň ornuny-da tutup bilmeýär.

Amannepes ŞYHNEPESOW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty, edebiýatçy alym.
Bölümler: Edebi tankytlar, seljermeler | Görülen: 212 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Amannepes Şyhnepesow | Рейтинг: 4.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Medicall • 23:41, 28.05.2023
Mbahh, men-a ylalaşmadym bu makalada ýazylanlar bilen.
Otuzow gowy ýazýardy.
Iñ bolmqnda mundan öñki makalada öwülenlerçe-ha ýazýardy.

Beýdip çürt kesik otrsatel baha bermek dogry dãlmika diýýan. Bu awtory uly ruhy çökgünlige sezewar etmek ýaly bir zat bolýar. Seljerme geçende bolmayan tarapy bilen birlikde BOLÝAN tarapynam agzaymaly eken Seýran dädãñ.
Öwesiñ gelenini kemini aytman öwüp, döwesiñ geleninem gowusyn aytman döwmek gowy däl bolup ýatyr bärde.
Aslynda Seýran Otuzowy diñe goşgularyndan tanayan, nireliliginem bilemok. Emma bu makala göwnüme ýokmady.
avatar
0
2 aygull • 11:15, 29.05.2023
Seýranyň munuň üçin göwni çökmez, ondan arkaýyn bolaý, Nurdan)))
Göhi gelip biler ýöne.
avatar
0
3 Medicall • 11:17, 29.05.2023
)) oñ ýaly bolsa bolýa-la, Aýgül, men-a daşyndan okabam Seýran gynanandyr diyip gynandym:)
avatar
0
4 Мango • 17:24, 29.05.2023
suratyny birinji gezek görýän.
şahyrlygy bildirýär, ters düşünmäň birhili ненормальность-lyk duýulýar.
beýle ýagdaý döredijilik adamsynda duýulmaly hem, bolmaly hem.
***
seýran - şahyrlardan biri.
avatar
0
5 Мango • 17:26, 29.05.2023
ýoldaş Saryýewe hem aýratyn sag bolsun aýdýan, soňky döwür gaýrat görkezýär...
okaýandyrys.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202