Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:00
Uly sungatyň bosagasynda

Uly sungatyň bosagasynda

Seýitmyrat Geldiýewiň şygyrlaryny ýokary derejedäki çeper pikirlenme diýip kesgitlärdim. Ol durmuşy söz suratyna geçirmäge ökdeläpdir. Surat şireleriniň pelsepe löderesiniň bardygy onuň şygyrlaryny pelsepe görnüşe degişli edýär. Gurbannazar Ezizowdan gözbaş alyp gaýdýan bu ugruň ýaş şahyryň döretmeleri arkaly özboluşly taraplarynyň açylyberýändigini aýtmak gerek. Özboluşlylyklar aforizmlere meýl edýän pelsepe umumylaşdyrmalarynda we täze söz öwrümlerinde ýüze çykýar.

Bu durmuşdan oýananlar aşykdyr.

Mämmetweliň içmegi deý kysmatym,
Ýama-ýama bagt – belaga mahsusmy?!

Sen söýüber, söýüp gazanan bagtyň,
Akylyň çäginden daşarda galar.


Pelsepe löderesi aşa güýçli we datly bolanda, jümleleriň hemde pikirleriň ganatly söze öwrülip, şygryň daşynda ýaşamak mümkinçiligi peýda bolýar. Şonda janly durmuş geregim we hajatym diýip, şygryň içindäki aýry-aýry pursatlary özüne sorup alýar. Bular aýrylykdaky bitinliklerdir, dowamatdaky gutarnyklylyklardyr, parçadaky dolulyklardyr. Biziň uly şahyrlarymyzyň döredijiliginiň ýeten derejesiniň görkezilişi ýaly, bu eýýäm durmuşyň sungaty özi ýaly, özi bilen deň gymmatlyk hökmünde ykrar etmegidir. Şeýle şygryýet uniwersal ýaşaýyş diliniň başga, täze hususylygydyr. Dil munda elastyndaky serişde, agyz boşlugyndaky ýa-da kelle boşlugyndaky gural däl-de, ýagny, obýekt däl-de, subýekt – ýaşaýyşyň özi, bir filosofyň kesgitlemesine laýyklykda, «ýaşaýşyň ýaşaýşy» bolup öňe çykýar. Seýitmyradyň ümzüginiň şu belentliklere tarapdygyny fakt hasaplaýarys.
Onuň belli-belli şygyrlarynda metaforalar gyryň daşy ýalydyr:

Ýaz ýagşy ýagardy ýedi ýyl öňem,
Ýedi ýyl owalky derdi dörjeläp.
Ýedi ýyl owaldan ýedi ýyl öňki,
Ýazyň ýagyşlary kakýar penjiräm.

Ýaz yşkyň baslygan arhiwin dörüp,
Söýgiň söneňkirlän peltesin ýaglar.
Ýere siňýän damjalara ses goşup,
Ýaryndan aýrylan her ýazda aglar.

Ýa-da armanyňa alnyň deginçä,
Başyboş umydym gezer gusully.


Täze metaforalar durmuşyň täzeçe suratydyr.

Boş günleri ownuk – irisi bilen,
Deňimden geçirýän, ötýän duşundan.
Ýöne aňymdaky wirusy bilen,
Durmuşyma çykman bir gyz huşumdan,
Şyňňyrdadyp gyzlygynyň şelpesin,
Syryny özüne aýan edinýär.


Şygryň belli bir kämillige ýetendiginiň alamatlarynyň biri döredijilikde hususy temalaryň peýda bolmagydyr. Tema diýilse, köplenç, ortalyk bir zada düşünilýär. Şeýle düşünje adalganyň durmuşy manysyna esaslanýar. Şygryýet, umuman, sungat ýaly ýokary derejeli giňişlikler bilen dahyllylykda, ol adalga anyk many edinýär. «Tema» maýyşgak närsedir. Ol döredijiligiň hususyýetine laýyklykda, mazmun – tema, söz – tema, surat – tema, jümle – tema ýaly hususy şekillere geçip biler. Seýitmyradyň «Garaýyş» şygrynda özara baglanyşykly azyndan iki tema – «kör düýe» temasy bilen «gapyrga» temasy bar. Onuň «Açyş» şygrynda şäher temasynyň açylyşyny synlap göreliň.

Şäheriň durmuşy, ritmi owadan,
Şähere ýeteňde agarýar agşam.
Sabyr-kanagatly trolleýbuslaň,
Gol uzadyp, tokdan asylyp barşam,
Dükanlaň ullakan penjiresinden
Adamlara garap duran eşikler,
Baglaň saýawan deý penjelerinde
Asmana ýyrtylan sansyz deşikden
Güýzüň dury ýagyşlary damanda,
Okuwyna haýdaşanda talyplar –
Pikir kömelek deý güberçekleýär.

Şäherli agaçlaň ýygyrt atan budy,
Meňzeş maňlaýyna garry kakamyň.

Juda sada zatlar abstrakt,
Seredip-seredip ýetenok aklyň.
Janyň syzanynda çyndyr hakykat,
Arassa abstrakt adamyň aslam.


Bu ýaş şahyr çalt ösmäge ukyply. Bu bolsa zehiniň baş alamatydyr. Gitdigiçe has kämilleşip, ol döredijilikde özüniňem, biziňem hatda garaşmaýan indiki belentliklerimize galar diýip umyt edýäris.

Amannepes ŞYHNEPESOW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty, edebiýatçy alym.

Çeşme: «Nesil» gazeti, 2009-njy ýylyň 30-njy iýuny.
Bölümler: Edebi tankytlar, seljermeler | Görülen: 147 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Amannepes Şyhnepesow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 atayeva • 12:20, 28.05.2023
Aman mugallymyň fakty ýalŋyş bolup çykdy. Bir zady halysalla edebiyatlaşdyrasyň gelip, yok sypatlary tapmaga synanşanyňda bolyan zat. Seyitmyrady köp okayan diyip bilmen. Yőne onuň bular yaly doredijiliginin ýokdugyny aydyp biljek
avatar
0
2 Мango • 13:12, 28.05.2023
...trolleýbuslaň tokdan asylyp barşy,
dükanlaň penjiresinden garap duran eşikler,
baglaň saýawan deý penjeleri, olaryň ýyrtylan sansyz deşiginden ýagyşlaryň dammagy, kömelek deý güberçeklenýän pikirler, şäherli agaçlaň ýygyrt atan budynyň garry kakasynyň maňlaýyna meňzemegi...
ullakan harplar nilen AJAÝYP!
Seýitmyrat - şahyr.
avatar
1
3 Medicall • 20:59, 28.05.2023
@Saryýew, gaty gowy makalalary, hekaýalary, goşgulary paýlaşýañ, hezil edip okaýan. Sagbol, dowamly bolsun, Alla myradyñy bersin!. Ýene ýetirip duruñ!
avatar
0
4 Pero • 09:18, 29.05.2023
Ylalaṣýan,ṣahyr.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202