09:57 ÝAŞLARDAN TAMA ULY | |
ÝAŞLARDAN TAMA ULY Geçmişiň sapagy Ýaş şygryýet baradaky gürrüň aýratyn jogapkärli, bir tarapy töwekgellik bilen baglanyşykly iş. Bu işiň başyna barmaly bolanda, her gezek edebiýatymyzyň ýakyn geçmişine degişli bir edebi fakt ýadyma gelýär. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda görnükli edebiýatçymyz Saýlaw Myradow şol döwrüň ýaş şahyrlarynyň, olaryň içinde-de Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi barada makala ýazypdyr. Häzir şol makalany okap, edebiýatçy hökmünde juda ýitiligine, duýgurlygyna we synçylygyna garamazdan, awtoryň şahyryň anyk şygyrlary baradaky pikirleriniň hem Wagtyň pikirine çapraz gelendigini, Gurbannazar Ezizowyň edebiýatymyzdaky orny we ähmiýeti meselesinde-de Wagta garanda bimamla bolup galandygyny görýäris. Bu mysal bize «Geçmişden sapak almaly» diýen pikiriň hakdygyny ýene bir gezek ýatladyp goýýar. «Kimiň özgäň ýalňyşyny gaýtalasy gelýär» diýen ikinji bir hakykatam ýaş şahyrlar babatda sende aýratyn eserdeňligi, ünslüligi hem-de seresaplylygy oýarýar. Çünki, göräýmäge, tersine ýaly bolsa-da, aýdaly, islendik nusgawy şahyr bilen deňeşdireniňde, haýsydyr bir ýaş zehiniň şygyrlaryny derňemek has ýaýdandyryjydyr. Birinji ýagdaýda arkaňda-ha dag ýaly bolup Wagt dur, eliňde-de Wagt kazysynyň şeksiz höküminiň güýjündäki taýynjak bahasy bar. Ikinji ýagdaýda bolsa sen öz bahaň bilen ikiçäk dursuň. Makullaýjydygyňy, ýaňsylaýjydygyňy bilmeseň, Wagtyňam haýsy tarapdan hoşallyk ýa närazylyk bile ýylgyryp bakýanyny-da bileňok. Edebi münber Durmuş, şol sanda edebi durmuşam akgyn derýa ýaly şaglap gidip otyr. Mundan elli ýyl, ýüz ýyl, bäş ýüz ýyl ozalkysy ýaly, ýaşlar irginsiz we umytly döredijilik gözleglerine meşgul. Ýaşlyk hem-ä geçmişiň belentliklerine gözügidijilik bilen bakýar, hem-de özüni ykrar etmegiň we ykrar etdirmegiň sagdyn hyýallary bilen gaýnap-joşýar. Onsoň ýaşlygyň esasy edebi münberi bolan «Nesil» gazetiniň şygryýet sahypalarynda ýaş şahyrlar bilen duşuşmak özüňi durmuşyň jümmüşinde duýmaga, ýiti syzgylary halaýan aklyňy kä aýlap girdaba taşlaýan, kä göterip, göge zyňýan tolkunlaryň arasynda ýüzmäge şert hem puryja döredýär.Ýaş şygryýetimiziň ýürek käniniň özboluşly çeper – şahyrana ýüze çykarylmasy bolan many-mazmun çuňlugy-da bar, dünýä we ynsan ýaşaýşynyň täze serhetleriniň açylmasy bolan özboluşly çeper aňlatmalary-da bar. Şindiki çuňluklary we giňişlikleri açýan, haýsydyr bir nukdaýnazardan, uly bolmadyk, emma jedelsiz özboluşly şahyrana tapyndylary «ine, ine» diýip, jikme-jik açyp görkezmek gerek. Munuň özi hem ýaşlaryň özüne we geljegine ynamyny berkider, hem-de edebi durmuşymyzyň janlylygyny, dolulygyny we baýdygyny üpjün eder. Amannepes ŞYHNEPESOW, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, edebiýatçy alym. Çeşme: «Nesil» gazeti, 2009-njy ýylyň 30-njy iýuny. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |