02:49 Hadysa | |
HADYSA Onlarça gün hiç kim bilen gürleşmedi. Gürleşesi gelmeýäni üçin däl-de, özüne düşünmeýäni sebäpli öz-özi bilen ýekeçäk galanyny kem görmedi. Özüne nämeler bolup geçenine düşünenokdy, şu wagt oña başgalara düşünerinden özüne düşünmegi möhümdi. Emma näçe düşünjek bolsa-da başarmady. Göýä diýersiñ ruhuny nämedir bir zat çarpan ýaly, ýa-da uçup gelşine garaşylmadyk ýagdaýda ýolundan çykan aýna diwara urduryp bady gaýdan ýaly geñ halda, ruhy kürtdürip durana çalymdaş ahwaldady. Ondan öñki wakalary ýatlamaga synanyşdy. Ýene-de ruhyny sarsdyrýan ýürekgyýyjy owaz ýañlandy: "bu men, ýöne men men däl ahyryn, hany men?". Hykga damagy doldy, otagda özünden başga adam ýokdugyna garamazdan garamyk gözlerinden syrygýan ýaşlaryny hiç kime görkezmek islemeýän ýaly çaltlyk bilen syldy. Penjireden daşary seredip oturşyna öñünde demlengi kofesini owurtlansoñ, ulydan dem alanam bolsa, näçe gündir içini hümledip, jogap tapman gaýtalaýan "beehh"-inden başga zat diline-de, pikirine-de gelmedi... Bir zatlar ýazmaga synanyşdy. Başarmady. Ýene-de şol owaz gaýtalandy: "bu men, ýöne men men däl ahyryn, hany men?" Bu sapar ol owazy ýañlanandan "behh" - ini gaýtalamady, dogumlandy, özüni dürsemäge, ruhyna gol uzatmaga, halas etmäge çalyşdy. Dadyna niredendir bir ýerden, nämedir bir zat ýetişdi-de pyşyrdady: " " ýok, "men" bar, özem ýöne bir baram däl-de mert hem üýtgewsiz "men" bar"! Ýylgyrdy. Älem ýagtyldy. Ine-de nähilidir bir güýç ony ýene özüne gaýtaryp getirdi... 18.07.2023 © Kalba NUR | |
|
Ähli teswirler: 11 | |
| |