Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:24
Ekspertizada..
EKSPERTIZADA

Hany siz merhemetlidiñiz?!
Gurbatlydy sözleriñiz, güýçlidiñiz.
Öz diliñizde,
Ýeke sözde aýdylanda:
Nerdemlidiñiz.

Nirde ýitirdiñiz bulañ baryny
Nirede gömdüñiz hakydalary,
hatyralary
nädip öçürdiñiz göwnüñizden.
Neneñ daşa baglap, gara möhur basdyñyzda
up-ulakan  gulp asdyñyz ýürekleriñizden?! .

Emma ol henizem şübhede:
Gör agtaryp,  jesedini med ekspertiza
geçirýar öldürilen ynamynyñ
"öz göbegine özi  boglandyr" oýlaýar...
Arman-arman, kepenini açyp görse -
siziñ penje yzyñyz...
Bölümler: Goşgular | Görülen: 165 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 4.9/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 18
avatar
1
1 sussupessimist • 09:02, 01.04.2024
Nerdemlidiñiz?
"Erdemli" bolmaly bolaýmasyn?

A ol bolsa henizem şübhede ýör - şu setiriň gurluşyny halamadym, bir-ä "A" diýip başlamagyny. Orslarda bu söz bar, iňlisleň "and" ýa bizdäki "pylan bolsa" diýen manyda, ýöne biziň dilimize sowet döwri ors diliniň täsiri bilen girizildi. garaz, özüm-ä muny ulanmajak bolýan, türkmençesi barka. "ki" diýeniň gowumyka diýýän. Ýöne bu sözlemde "A"-da bar, "bolsa"-da bar.
birem "şübhede ýör" diýlişindäki ýör öňi işliksiz ýeke özüni göterip bilmeýän ýaly. Goşgyň sazlaşygam döwülýär, ýogsam-a yzyndaky gör bilen gowy sazlaşýaram.

Emma "ynamynyň jesedini medekspertiza berip, öz göbegine özi boglanyny" güman etmegi, soňam onda penje yzyny görmegi - güýçli.

Özem biziň penjämiziň yzyny...
"Это очень серьезное обвинение!" diýýälermi?))
avatar
1
2 aygull • 09:16, 01.04.2024
Bizi bagyşla, Nurdan!
)) Leopoldyň ýanyna ötünç sorap gelýän syçanlar ýadyma düşýä, nämüçindir
avatar
0
3 Medicall • 09:20, 01.04.2024
bellikler üçin ulakan sagbolsunym (öçüräýsemmikam posty:)

ner - simwolika edip alaňda mertleri, gaýratly adamy nere deňelýär, ärdem, merdem * iner gaýratly- goç ýigidiň gaýraty (demi dagy ýykjak güýçli diýilýär) Ner-demli bulam şol sözlerden. owadanaý biziň dilimiz, baý özem.

Emmaki gaty dogry, örän makul, beter hakyky diýip kabul edýän A setirdäki belligiňizi, ony şeýle alýaryn onda:

Emma ol henizem şübhede:
Gör agtaryp,  jesedini med ekspertiza

şuňa hezil edip ýylgyrdym:
"Özem biziň penjämiziň yzyny...
"Это очень серьезное обвинение!" diýýälermi?))"

ýok-la Alla saklasyn, siziň penjäňz däl :))
avatar
0
4 Medicall • 09:22, 01.04.2024
Aýgulýa, ýooo, size diýmedim, asyl goşgydaky waka maňa degişli dälem, degişlem bolup biler ýöne))

oýun etdim gazageýýý, towa etdim gazageýý  diýýän şumahal:))
avatar
0
5 aygull • 09:39, 01.04.2024
Aý,adamçylyk diýýän-dä. Bilip-bilmän...
Merdan aýtmyşlaý "gödek" bolamsoň.
avatar
0
6 Medicall • 09:54, 01.04.2024
gönülikde, gödeklikde özümem her belaça, bir belaça bardyrynlaý))
avatar
1
7 aygull • 10:03, 01.04.2024
Indi goşga geçýäs.
"Hasam güýclidiňiz-ä".
Şunda hasam deregine juda, örän bolsa ýerlikli boljak ýaly. Hasam bolanda kimden has, nämeden has? Düşnüksizräk.
Emma ol henizem şübhede däl-de, umytda bolsa goşgyň manysyny gowy açarmyka diýýän.
Gör, agtaryp diýmän
Agtaryp ýör diýerdim. Okajaga-da aňsat bolar diýip. Ýöne dogry ederdimmi, ony bilemok.
avatar
1
8 Pero • 10:04, 01.04.2024
Aỳaldogan men-ä düşünmedim. Düşünmedik zadym barada-da bir zat diýseñ gelşiksiz. :)
avatar
0
9 Medicall • 10:09, 01.04.2024
aýaldogan, şu wagt seň düşünmän gözüň tegeläp oturşyň gözöňüme gelýärda:))(bolýa, kelläňi agyrtma düşünmedigiňe düşünjek bolup))

Aýgül, Gör G:ör manyda, ýör diýseň ol manyny bermez ol.

bolýa, Hasam-y ýitirim edýän şotaýdan))

şübhede muny umyt bilen çalşyp bolmaz, sebäp ol eýýam ölen zadyň gürrüňini edýär, umyt ýok, öldürilenini aňsa-da ýene özünden: "öz göbegine özi boglan bolaýmasyn" diýip şübhelenýär.

bu setiri başda alamda diňe :

Gurbatlydy sözleriñiz, güýçlidiñiz.

şeýledi, soň hasam güýçlidiňiz-ä boldy (ÄÄÄ- li gürlemegi halamokdymam ýogsa:)
avatar
1
10 Pero • 10:11, 01.04.2024
:)))
avatar
1
11 aygull • 10:13, 01.04.2024
Gör bolanda, o dünýädäki komnat bolýamy ýa?
avatar
1
12 Mekan2 • 10:29, 01.04.2024
o dünýä geçilýän gapy
avatar
0
13 Medicall • 11:04, 01.04.2024
Hawa, şo taýy))
avatar
1
14 Seýrаn • 08:52, 02.04.2024
Şoň üçin çalajanlara aýawly çemeleşiň. Ölüp ýetişmedik bolsa direler.
avatar
0
15 Medicall • 09:08, 02.04.2024
janynyň entek çykmadyk, çalajandygyny bilsek ilkinji kömegi berip aýaga galdyrmak biz bilen))
avatar
1
16 Мango • 00:58, 03.04.2024
gyzykly goşgy (ýa-da täsirli)
ýöne, hudaýa şükür, meniň-a penjäm ýok.
(günäkärlenmekden şeýdip aýrylýan).
avatar
0
17 Medicall • 22:55, 03.04.2024
Hawa, hawa, mangoda penje bolmaýa, Mango günälenmekden halas edilýar şoñüçrip)
avatar
1
18 Merdan • 00:58, 04.04.2024
Gowy gowy
avatar

Старая форма входа
Total users: 203