Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:22
Ykbal öwrümlerinden öwrenenlerim

YKBAL ÕWRÜMLERINDE ÕWRENENLERIM

Garaş! Sabyrly bolmagy başar! Ömür bilen ölümiñ arasynda sõweş gidýärkä ýaşaýyşdan bagt süýjüligini datman gitmejegiñe kasam et! Howluksañ, umytdan düşseñ õzüñi kyn güne salmagyñ ahmal, bagtyñ saña goýulan paýyndan ýoluñ sowa düşüp ahmal galaýmagyn! Õmür beren bu derejede bagtly bolmaklyga esas dõredipdir ahyryn - toýa baranyñda toý paýyny alnyña sylman gaýtmaýşyñ ýaly durmuş bagtyndanam binesip dälsiñ, eý, gözel Ynsan! Diñe sabyrly hem kanagatly bolsañ õmür bilen õlümiñ aralygyndaky menzilden nesibäñ bagtlylykdygyna düşünersiñ!

* * *

Adama maddy baýlyk zerurmy ýa-da ruhy baýlyk? Durmuş maña şu soragyñ jogabyny õz ykbalymda synama pursatyny dõretdi. Pulum az ýaşap gõrdüm: dostum azdy, duşmanym bardyr ýa-da bolar õýdüp pikir edemokdym. Emma ruhy dünýämde baýdym bagtlydym, syrdaşlydym, aýagymy uzyn salyp õýümde arkayyn ýatardym, ýekeje bir armanym bardy: edeýin diyen maddy kõmegimi etmekden ejizdim, ahmyrym diñe şoñady.
Maddy baylygym artyp ugrady, dostlaram köpeldi, derdi-aladamam kõpeldi, iñ geñ ýeri duşmanymam köpeldi. (Elbetde, duşmanam gerek ekeni durmuşda, goranmagy õwrenmegiñ üçin). Netijede ikisiniñde gerek zatdygyna, emma ruhy baýlygyñ maddy baýlykdan zyýatlygyna düşündim. Ruhy baýlygymdan el üzmäge mejbur bolmakdan howatyr etdim, Ýaradana arz etdim: "Allahym maddy baylyk berseñ ber, emma ruhumy garyp goýma! Ruhy baylyk berseñ maddy baýlygymy kem etme! Her kişiñ mõhmüni bitirip biljek derejede haýyrly ynsan bolmakdan mahrum bolmaýyn!"

© NURDAN
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 110 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Мango • 01:01, 07.06.2023
"Adama maddy baýlyk zerurmy ýa-da ruhy baýlyk?"
***
ikisem zerurlyk.
ýöne, gowusy, ilki ruhy baýlyga ýetseň.
şonda maddy baýlygam göterinip bileris.
***
ruhlary haraba bolup, bedenleri altyn-kümüşe batyp oturanlara gynanýaň.
***
"duşman gerek... goranmagy õwrenmegiñ üçin"
bir wraçyň maslahaty ýada düşdi: çagalaryň daşarda oýnamagyna, agyzlaryna hapa zatlary salmagyna, ýa-da kesek iýmegine... şuňa meňseş zatlara päsgel bolmaň, çagalaryň mirkoplar bilen tanyşmagy gerek, immuniteti güýçlenmegi üçin... - diýýär.
meňzeşlik bar. durmuşdan basylmazlyk üçin göreşmek gerek. göreş endigi gerek. ukuby gerek...
avatar
-1
2 Pero • 23:58, 07.06.2023
Gowy oylanma. Hiç wagt ünsden düṣmeli däl tema. Aslynda her adam bu soragy bermeli:
"Adama maddy baýlyk zerurmy ýa-da ruhy baýlyk?"
Näçe köp adam Mango kakañ pikirdeṣi bolsa ṣu temadaky ýaly,ṣonçada biziñ utuṣymyz. Meslige adam hökman taýynlykly bolmaly. Gödek bolsa-da ýene bir gezek yazýan meslige taýynlykly bolmaly. Onuñ ýoly bolsa diñe ruhy baÿlygyñ üsti bilen geçýär. Ruhy baýlygy bolanlaram maddy baýlyga ýetse,"çarygyny" unudaýýar-da. Aýaz hanyñ çarykly temasam ýene bir oylanma
avatar

Старая форма входа
Total users: 203