09:42 O ýer | |
O ÝER Gämi bir çak ýola düşdi köñülde Ýalñyz goýup ýaşlygmyzyñ kenaryn. Ilki gözel görnüp soñ derde dönen Aldy bizden söýgi soñunda aryn. Ýaşap ýörseñ,şeýle pursatlar bolýar, Çekilen surat deý doñýar-da galýar. Arzylap çarçuwañ içine salan şol birje pursadyñ ömre deñ gelýär. Duşurany üçin birek-birege, Müñ kerem razydyk ykbal paýyndan. Bilmän galdyk bize näme böwetdi, Näme beýle aýgytlylyk döretdi?! Ýogsa heýem göwnüñ sowap bilermi Aýrylyp bilermi, erk edip söýgä Şirin jandan eziz görlen söwerler. ....O gün baglar añan ýaly bir zady, Ýapraklary tänip çar ýan galgapdy. Gussa çöken gözlem gabak astyndan Soñky gezek hasrat bilen aglapdy. Bu ýer meniñ katra ýaş döken ýerim Seniñ müñ gez ýanyp hem sönen ýeriñ. (Indi ahmyrlaryñ däl weli ýerem) Ýöne belki yşga düşünen bolsak Bu barlyga düşünerdik megerem. Yşk bu özüñi unutmak eken. Meňli AŞYROWA | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |