Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:34
Bir ýer bar
BIR ÝER BAR

Bu ýerde ullakan gorky bar
Ýadawlyk bar
Nämälimlik,perde bar
Kä birinde gözýaṣ,
Käsinde utanç
Baṣgasynda gahar
Ýenesinde mähir
bar roýlarynda.
Daṣ keṣp aldap biler
Bir Alla bilýär
Näme bar oýlarynda.
Bu mekana agramlyja
gelmeseñ yüz beribem
baraýanoklar
çünki, biläýenoklar
Duýayanoklar
Dertlileriñ derdini
Herhal olar bizarlandyrlar
Adamçylykdan.
Ṣeýdibem çykandyrlar
Onuñ soñuna.
Bir gapa dañylyp galanlar bar
günler boýy. Kyn olara.
Jyda düṣenler bar
bedeniniñ zerresinden
Hatda hemmesinden
diýen ýaly. Olara has kyn.
Emma hernä bir zat ayakda
tutýar ,göreli haçana çen
ṣol zat galar olañ ỳanynda
Ol zat Kuýaṣ kimin gyzaryp duran,
Ýa gyýtmajyk Aý deý
Ýa-da bir çümmijek
Umyt.

© Meñli Aṣyrowa
Bölümler: Goşgular | Görülen: 115 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Medicall • 14:27, 13.08.2023
Ol ýerdäki perde bara aýaldogan, ol şol ulgamyñ öz saklamaly syryndan, wezipe borjundan gelip çykýar, ol iñ agyr bölüm, nähili düşündirsemkam: ol bölüme agyr ýagdaýa, garaşylmadyk netijede barylýan ýer... Işgärlerem mydam aladaly ýalydyr, agyrdyrlar, sebäbi olar özlerine barýanlaryñ aglabasynyñ soñky netijesinden eyyam habarly hünärmenler... Onsoñ isleseler islemeseler olaram ýagdaýlary gizlin saklamaly bolýarlar... Özleri bilen hossarlaryñ arasynda perde saklamaga mejbur bolýalaram köp ýagdayda...

Onsoñam ýenekisi belki, belki ýalñyş wagtda ýalñyş adamlara duşansyñ, Alla hiç kimiñ gözüni ol gapyda garap oturmaly etmesin, haýyrly wagtda haýyrly ynsanlara duşursun. Ýalkajak bolsa Özi haýyrly adamyñ keşbinde ugradar ýagşyzada pisint ynsanyny. Iki-üç sany näynsaba duşsañ şol toparyñ baryny "atyp öldüresiñ gelmegi" dogry dällen bolup dur.:))) Ilçilikdir, adamçylykdyr, her ulgamda-da ynsaplysam, biynsabam tapdyrar durar. Durmuşda bi. Bir dilegimiz her zaman, her müşgilimizde Ýaradan Öz ýalkawynda haýyrly ynsanlara duşurup müşgilimizi asan eýlänlerinden etsin.
Dert beren dermanynam bersin!
Galamyñ ýiti bolsun, indi beyle goşgy ýazmaly bolma ýöne!
avatar
0
2 Seýrаn • 17:46, 13.08.2023
Bir ýer bar, duýýaryn
Ähli zady aýtsaň bolar,
Ep-esli ýakynlaşypdyryn,
Duýýaryn
Ýöne düşündirmesi kyn
avatar
0
3 Мango • 18:38, 13.08.2023
düzetmeli:
1) Nämämlik,perde bar (Nämälimlik, perde bar)
2) Duýayanoklar (Duýaýanoklar)
3) Herhal olar bizarlandyrlar / Adamçylykdan
(..bizardyrlar.. ???)

gussaly goşgy.
hasam "gyýtmajyk Aý deý ...Umyt" täsirli bolupdyr.
avatar
0
4 Мango • 18:39, 13.08.2023
şumy?

AŇLADABILMEÝÄN

Eşdebilermisiň şygyrlarymdan
aglasam nalyşymy?
Uzadarmysyň eliňi ýüzüme
sylmaga gözýaşymy?
Aýdymlaň şeýle şirin,
sözleň ýetersizligin
bilmezdim bu derde düşmeýinçäm.
Her zady aýdabilinýän
bir ýeriň barlygyn bilýän.

Ýakyn baranym aňýan..
Ah, aňladabilmeýän.

© Orhan WELI
avatar
0
5 Seýrаn • 09:25, 15.08.2023
Originaly sadaja ýazylan güýçli goşgyny türkmençä geçirmäge köp adam synanyşdy. Bu üýtgeşik çemeleşme, duýgusy bar. Emma aňladabilmeýän diýen sözüň okylyşy kyn eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203