Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:36
Hekaýam
Ejizje bedenim,
Ejirden doly.
Ýama-ýama ýaralarmyñ sargysy,
Ýazgydymyñ köýen ýaly algysy,
Bolýan ýerim,
Dertlileriñ salgysy.
Belki göwnüme...
Halym gören şükür eder gününe,
Allany ýatlap.
Galñan gussalarym,
Gaýýan bentlerim,
Hasabyn ýitirdi hasap depderim.
Gözümden umydyñ jadysy gaçdy,
Edýän arzywlarym adatylaşdy.
Ömrüm çolaşdy.
Sabrymyñ suwuny sykyp içdiler,
Kiçijik dünýämi ýykyp geçdiler.
Kaýyllyk baryndan geldimi rüstem,
Deñ boldy zeminiñ aşagam, üstem,
Dürtsem,
Duýmaýar, janly jesedim,
Görnüp duran zady ýazmak aýyp däl,
Wah, nädeýin,
Men Hezreti Eýýup däl.
Ybraýymam däl men, ody gülleden,
Synalarym doldy gurşun gülleden.
Gülmeden kesilen kemis ýüregim,
Hajymelik,
Hassalyk,
Sordy ýiligim.
Eldäki ýaragym kagyzdyr galam,
Bir gün bolar tamam,
...Hekaýam.
Galaýsam aman!

© Süleýman Teķäýew
Прикрепления: Картинка 1
Bölümler: Goşgular | Görülen: 115 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Teg: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Hyýalbent • 11:42, 31.07.2024
Ekslucive
avatar
1
2 Мango • 12:21, 31.07.2024
Ýama-ýama ýaralarmyñ* sargysy...

("ýarlarymyň" diýip harp ýaňlyşam giden ýaly)

entek biz bagtyýarlykda ýaşamaýakak geýim, balak, jorap... ýamalýardy.
indi olam ýat boldy. şu ýamalan sargy (bint) kän ynandyryjy däl. ýaraňy sarajak mataňam bir ýamalarmy?

"hekaýaň" ýaman dertli hekaýa eken, Süleýman beý...
avatar
0
3 Hyýalbent • 12:28, 31.07.2024
Mango daýy belliklerñize minnetdar, harp ýalñyşynam düzetdim. Ýenede teswirlerñize garaşýan!
avatar
1
4 sussupessimist • 11:06, 02.08.2024
Derdiň ýamman ýaman eken, hatda sargylaryňam ýaman bolsaň...

Goşgulary barha güýçlenýä Süleýmän ekäň. Esasy zat - öz-özüňi gaýtalamazlyk. Hemem nalyşdan (ýa Nejep aýtmyşlaý - pahyrsyramakdan) gaçyp, ekezlenmek gerek. Derdiň hakda aýtmak - nalamak däl, ýöne nädip aýdýanyňa kän zat bagly - göz-görtele mysal - Magtymgulyň "Bu derdi" ýa "Buluda gardy meni" goşgulary. Soňkyň tekstindäki tragiki äheňi duýman (ýa düşünmän), Akyş Sapar ony hatda birtüýsli şagalaňlyja aýdyma-da geçiripdir:

dyk-s-dyk-s-dyk-s-dyk-s... hijran ýüregim ýaryp, aftaba serdi meni.
Hyrydar gözi bile kim gelip gördi meni?...
Ne jeset içre jan bar, ne kuwwat galdy tende,
Hem sergeşte, hem haýran, bu işe galdym bende...
avatar
0
5 Hyýalbent • 12:41, 02.08.2024
Maksat aga eden belliklerñize beren maslahatlarñyza minnetdar. Başardygymdan düzetmäge synanşaryn, ýenede teswirlerñize garaşýan. Sagboluñ!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203