Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:23
Lal gyza
Ümsümlige tussag edilen bilbil,
Saýramany oñýar çäresizlikden.
Sözlerniñ şekilin çekýär elleri,
Derdini añladýar sessiz sözlükde.

Taýýarlyksyz, bu synaga girsede,
Doglup, zulmat içre gözlerin açyp.
Käte ýakyn-ýady ondan irsede,
Nätsin, ýazgydyny almandy seçip.

Dodagyñdan okap bilýär diýýäniñ,
Añýar ol, köpleriñ üstünden gülşün.
Hemmä, synagdygny goja dünýäniñ,
Kakabaş jahyllar, nireden bilsin.

Gursagnyñ göwheri görünmez göze,
Ýalñyzlyk, köýnegniñ etegin ezýär.
Dünýä sorag bilen seredýän ýüze,
Näbelli ýylgyrşy nur çaýyp gezýär.

Sözleşmek, eşitmek ýönekeýje zat,
Bize, sagbolsuna berilen ýaly.
Seniñ üçin bolsa, bar zatdan zyýat,
Gursakda garramaz arzuw mysaly.

Köp zatlardan mahrum edipdir ykbal,
Gaýgy-gussañ gözleriñde jemlenen.
Señ kalbyñ gürleýär, meñ bolsa dilim,
Näler, dertleşesim gelýär señ bilen.
Hasratyñ aýtmaga, wah ýüregim lal.

© Süleýman TEKÄÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 140 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Teg: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 4.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 15
avatar
0
1 aygull • 10:57, 07.04.2024
Meniňem jigimiň iki çagasy gürläp bilenok. Biri oglan, biri gyz. Owadanja, akyllyja çagalar. Şolary kemli saýamok men-ä.
Olara maýyp diýmegem dogry däl. Gürläp bilýän, eşidýän çagalardan öň düşünýäler ümledigiň. Esasy düşünişmekdir-dä durmuşda. Eşideňde, gürläp bileňde näme, gerekli ýerinde ulanyp bilmeseň.
Olaryň nerwilerem sagdyn, k stati, şeýledikleri üçin.
avatar
0
2 aygull • 10:59, 07.04.2024
Diýjek bolýanym, ýüregiňi tutup aglaryň ýaly zat ýok lal gyz üçin. Ony okatmaly,sowatly etmeli. Ýazuw bn aýdar aýdasy gelýän sözleri.
Sen aýt-aýt, bu dillileriň ýele giderýän sözlerini. Aglasaň, şoň üçin agla...
avatar
0
3 Medicall • 11:14, 07.04.2024
"Añýar ol, köpleriñ üstünden gülşün."

Aý, ýok, mena lal bendäni görende oñ üstünden gülüp biljek (hatda jahyllykdanam) tapylar öýdemok.
Diñe şoña gürlemäge kömek edip bilmeýänine çäresizlikden dymaýmasa adamlar, ýa lala duýgudaşlyk üçin ýylgyraýmasalar üstü'den gülünjegine ynanamok. Akly ýerindäki adama gülmez olaryñ üstünden.

Ýakynlarynyñ ondan irjegine-de ynanamok. Diñe çäresizliklerini içine salyp gyýylýandyrlar halyna.

Onsañam gürläp bilmeýanler zehinli bolýar, entek zada gõzüni ýaşlap ýörenlerem dälmika diyyan. Olary diñe öwrenmäge ugrukdyrmaly. Halyna aglap eñräp ýören ejizler däl beýle adamlar. Sähel yşarat tapsa öwrenip, ökdeläp biljekler.
Kyndyr elbetde, emma olar ejizläp ýörmekden güýçli ýaradylan.

Umuman birine nebsiñ agyryp goşgy ýazañda başgalaryñ duýgusy hakda ýüzleý pikire uýmak dogry dälmika diýýan.
avatar
0
4 Hyýalbent • 11:52, 07.04.2024
Aýtýan zatlarñyzyñ hemmesi dogry özümi ýüregi awan görkezip hiç kimi ynjytmak islemändim. Hatda özümi her kimden ýokary ýada başgalary özümden pes hasap edemok. Goşgy köplük manyda dälde bir adama bagyşlanyp ýazyldy aýtjak zatlarmy düşündirip bilmedik bolsam men günäli bagyşlarsyñyz!
avatar
0
5 Pero • 08:44, 08.04.2024
Biz zat ýazanymyzda özümize osup ýazaýýas-da,Aýgül,Nurdan! Emma çagalaryñ,ýetginjekleriñ hatda ulularyñ arasynda hem bardyr şeýle adamlary ýañsylamaga milt edip bilýän. Üns bereniñe degýänem däldir diýip biz pikir edýäs,emma olar has duýguçyl bolansoñlar ýüreklerine ýakyn kabul edip bilerler. Gynansagam durmuşda şeýle ýagdaýlar ýeterlik. Süleýman jigimizem şonuñ ýaly waka şaýat bolup täsirlenendir,çünki hakyky ýazyjy-şahyrlar hem has duýguçyl bolýalar,beýlekileriñ şatlyk-hasratyny öz içlerindenem geçirýåler.
Ýöne näme diýseñem,Aýgül bilen Nurdan adama,daş-töweregine motiwasiýa berip bilýän adamlar. Şeýle adamlary köpräk diñlemeli.
avatar
0
6 Pegas • 09:50, 08.04.2024
Awtor bir ýerden-ä otur belgisiniň boluna düşüpdir :))
avatar
0
7 Medicall • 10:10, 08.04.2024
Çarliden öwrenendir, ))
avatar
0
8 Medicall • 10:21, 08.04.2024
akly düzüw adama gülmez, Pero. (goşgyda  Añýar ol, köpleriñ üstünden gülşün.  diýip köpleriň gülýäni aýdylypdyr)   şonuň ýaly ýagdaýa gülüp bilýän adamyň aklynda bir mesele bardyr hökman.  duýguçyllyk on iki süňňi sagatlarada, umuman adamzat ähline mahsus häsiýet.  
on iki süňňi sagatlarda-da bar sähelçe kynçylyga duýgulanyp, ruhdan düşüp gabşyryp ýöränler.
emma meň bilýanimden şonuň ýaly doga dili tutulyp doglanlar öz dertlerini beýle uly ezýet bilenoklar. bolmalysy ýaly kabul edýärler.  olar has güýçli ýaradylan ýaly. ejizläp, göz ýaşlap ýörenlerini göremok, tanaýanlam bar şeýle.
emma öň gürläp, soň dert tapynan bolsa başga ýagdaý...

çagakak goňşymyz bardy, uly adam,  gürläp bilenokdy, çaga bolsagam hiç kimem çagalaram gülenokdy şoň ýagdaýyna. özem ussady,  işeňňir adamdy, maşgalalydy, gyzjagazlary bardy üç sany. şoň gyzjagazlarynada atasyny hiç bir çaga gyjalat bermezdi. çagalary gynansa gynanýandyr, emma olaram hiç kime bildirmezdiler, Baýram agaň özem şadyýan adamdy.
avatar
0
9 sussupessimist • 10:42, 08.04.2024
CODA atly gowy kino bar, bu meseläni çöp döwen ýaly edýär.
avatar
0
10 Pero • 10:49, 08.04.2024
Bir zat yada düşdi:"Öñler "Mirasdan" "Syrlar dünýäsi" göýberilende görüp bilmezdim,sebäbi filmdäki wakalar meniñ üçin-ä gaty çişirilýädi. Bir tarap akja jüýje,beýleki tarap bolsa gara towuk bolup galaýýady. Emma...ýyllar geçdi...köp wakalara §aýat bolduk,ýa eṣitdik...gûnlerde bir günem"Beee,şo bir wagtky ynanmadyk toslanan hasaplan wakalaryñ durmuşda bolýan ekenow" diýdirdi.
avatar
0
11 Hyýalbent • 11:01, 08.04.2024
Nurdan doganym siziñkem dogrudyr ýönesi bar bäş barmagyñ deñ däl Añyar ol köpleriñ üstünden gülşün. Diýenimde hemmeler gülýär diyemok.aşagynda Kakabaş jahyllar sözüni aldym jahyl ýaş sözüni añlatsada düşünjesi pes adamlaram girýär oña şonuñ üçin alypdym goşgyny ýazmak bn hiç kimi kemsitmek islemedim baryndan şol gyzyñ duýgusyny başardykdan beýan etmek isledim ýeri gelende aýtsam özüm hereket bilen doly we dogry bolmasada lallar aýtjagmy aýdyp gepimi düşündirip bilýän.
avatar
0
12 Merdan • 11:09, 08.04.2024
Kemsidilmeler ýok däldir emma gülýän azdyr. Bu millet anikdota zordan gülýähow. Gara dere batyp Ýagşy bilen Myrat molla zordan güldirýär-ă bulary.
Indi bärde kemsitmek üçin edilýän ajy ýylgyryşy "üstünden gülmek" manyda ulanyp bolar.
Ikinji tarapy wagtynda okuw sowat bermeseñ lal (aslynda her kimem) gülkinç adama öwrülip biler.
avatar
0
13 Merdan • 11:19, 08.04.2024
Umuman goşgy güýçli däl welin, jemleme hasam peseldăýipdir da, Sülman aganyñ mundan güýçli jemläp bilmăge ukyby bar hasap edyan.
Meselem näme ücin şahyryñ ýüregi lal bolmaly?! w.şm..
avatar
0
14 Hyýalbent • 11:31, 08.04.2024
Beýle alanymyñ sebäbi içindäki duýgularñy gözleriñde görýärin, ýüregim hasratyñy duýýaram welin aýdyp bilenok. Aýtjak zatlarym kän aýdyp bilemok manysynda aljak bolupdym
avatar
1
15 Medicall • 11:36, 08.04.2024
Bolya, oñarypsyñyz, ýazypsyñyz, duýgulandyrdy, gynançly ýadaylary suratlandyryp bilipsiñiz.
Üstünlik.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203