Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:16
Içim itler dalaýar
Içim itler dalaýar,
Ýasamalyk ýüzümde.
Onki süññüm aglaýar,
Küýsäp seni her günde.

Ýatlamalar ýassygym,
Oýarmañ meni düýşden.
Nädip bu hassalygym ,
Goparyp zyñjak düýpden.

Howa ýetenok sensiz,
Sessizligme boguldym.
Baglap özüñe kemsiz,
Gursagymy sogurdyñ.

Çekýän jebrim az görseñ,
Hindiler deý tenim ýak.
Bir gün derde ýarasam,
Bu dünýede kemim ýok.

© Süleýman TEKÄÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 98 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Teg: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
2
1 Seýrаn • 08:39, 21.06.2024
Süleýman täzeçil zatlar gözleýär, göze ilýär. Emma ki soňky bentdäki ýazyşyň köçe diline ýakyn bolupdyr, pikirem şonçarak. Özüň o däl, özüň ýokarky 3 bentde başgaçarak seň. Haýdaber!
avatar
0
2 Hyýalbent • 11:26, 21.06.2024
Beren maslahatlarñyza ajaýyp pikirleriñize minnetdar! Düzetmäge synanşaryn ýenede belliklerñize garaşýan sagboluñ!
avatar
-1
3 Kerim • 14:08, 21.06.2024
Ahyry okadymaý, iki gün bäri şu goşgyň ady bardy-da özi ýokdy...
avatar
0
4 aygull • 17:42, 21.06.2024
Täzeçil ýazmak üçin özüňi täzelemeli ilki.
Ýogsa, şol bir poçerkde gyzyl, gök, ýaşyl ruçka bilen şol bir haty ýazmak bolýar.
"Özüňi nädip täzelemeli?" diýip kinaýaly sorag berjeklere:bu babatda her kimiň öz usuly bar.
avatar
0
5 Hyýalbent • 19:14, 21.06.2024
Aýgül gelneje pikirlerñize minnetdar! Siziñ ýaly Halypalar dogry ýola ugrukdyrar, kemçiliklermizi açyp görkezer diýip tama edip saýta goşgy goýýan. Ünsden düşürmedigiñize sagboluñ!
avatar
0
6 aygull • 19:52, 21.06.2024
Gowy edŷàñ,jigim.
Ýòne goşgularyñ arasyna maý saljak bol. Arakesme al. Ýogsa birmeňzeş goşgulary ýazyp, şol bir bellikleri alarsyň.
Kòp goşgy ýazmaly diýen pikiriň bar bolsa, onuňam ùstùnde işle. Men-à gowy goşgyň kòp bolýandygyna ynanamok.
Halypa diýip ýùzlenipsiñ. Belki ýaşym ùçindir.
Òzùñi ýitirip-tapyp durmakda ùstùnlik arzuw edýàn,jigim.
avatar
0
7 Merdan • 20:56, 21.06.2024
"Içimi it dalaýar"
Diýse boljak däldirda elbetde kim bilýär, "Düşinmäm bolmaz" diýýämidi Gurbanýaz Daşgyn
avatar

Старая форма входа
Total users: 203