08:38 Biwepalyga sypaýyçylyk | |
BIWEPALYGA SYPAÝYÇYLYK Bagyşlaň, başgaça bolup bilemok, Men ýagdaýa görä bolmaly bolýan. Siz çaga däl, düşünmeli şeýle-de, Men eýýämem aýtjak zatlarym aýtdym. ,,Ýaradylşym şeýle'' hem diýip biljek däl, Dogrusy-ha Siziň maňa düşünenňiz, düşünmänňiz bir köpük. Hawa, söýdüm. Söýýän. Ýeri, söýemde näme?! Bütin ömrüm sizi söýüp ýaşap bilmen ahyry. Hemişelik bile bolmak, hah-hah-haý! Bu çendenaşa sadalyk dälmi?! Siz bagyşlaň, Elbetde sözüňde durmak ýakymly. Emma menem beren sözünden dänmez Hemem... Töwekgellik eder derejede akylly däl-le. 09.08.2011ý. | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |