Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:53
Guşlar bilen söhbet
GUŞLAR BILEN SÖHBET

Guşlar, gökde hüwlän seriň,
Perwazyny menden soraň.
Yşk ýaýynyň şuwlap giden,
Peýkamyny menden soraň.

Jidirdisin diňläň ýagşyň,
Goý, peltekläp diňmän ýagsyn,
Guşlar, guşlar, emma Arşyň,
Permanyny menden soraň.

Penjirämi mährap biliň,
Penjelermi sähra biliň,
Penjegmiň garantga beren,
Peýdasyny menden soraň.

Aňlasaňyz, maslahatym,
Guşlar, Guşlar, däl siz batyl,
Ýaryň ýara ýollan hatyn,
Peýgamyny menden soraň.

Ýunusyň Röwşen şemini,
Leýliň Mejnun hemşerini,
Daglar ýardyran Şiriniň
Perhadyny menden soraň.

Nurdan bina ýeleklerim,
Guşlar, Guşlar, beletlerim,
Arş astynda melekleriň,
Per-ganatny menden soraň.

Bilmeýen, ne agtarýaňyz ,
Ne tapýaňyz, magtanýaňyz,
Laçyn diýer, bagt aňlanyň,
Peýmanyny menden soraň.

03.03.- 13.09.2007ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 64 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
1
1 Bagabat • 09:16, 05.12.2022
Halk döredijiliginiň äheňindäki ajaýyp goşgy. Hüwdi ýaly akgynly.
avatar
2
2 Pero • 10:31, 05.12.2022
Hawa,akgynly. Beýlekilerdäki ýaly bu goşguda hem Laçyn Pürjäýewanyñ özüne göwni ýetijiligi bark urýar.
"Peýgan" sözi näme many añladýarka? Ýa-da "Peýan" sözüniñ "g" harpynyñ artdyrmaly wariantymyka?
avatar
1
3 Мango • 10:37, 05.12.2022
Pah-pah Pürjäň “P”-lary pyrlaberişini…
perwaz, peýkam, perman, penjire, penje, penjek, peýda, peýgam, perhat, per, peýman.
—-
Penjegmiň garantga beren,
Peýdasyny menden soraň.

Penjeginden gören peýdasam-a gyzyklydyr özi, aýdyp berse….

—-
Ýaryň ýara ýollan hatyn,
Peýgamyny menden soraň.

peýgama düşünmedim.

—-
Leýliň Mejnun hemşerini,
…menden soraň.

hemşere-de düşünmedim.
sözlüklere baksam:
hemşeri - türkler bir şäherden bolanlara hemşeri diýýän ekenler (hem şäher - sözünden). Parslar hamşehri - meňzeş şäherden bolanlara diýýän ekenler.
osmanlyda hem-ser diýen sözem bar eken. Dost manysynda hemem är-aýalyň ikisine-de diýilýän söz eken.
hemşeri - ärsarylar şu sözi dost manysynda-da ulanýar öýdýän.
garaz… Leýliň Mežnun dostuny menden soraň diýip düşünmelimi?

ýyzzyllary basdyk.
berekella.
avatar
1
4 Bagabat • 10:43, 05.12.2022
Peýam (peýgam) [peýa:m پَيا م ] başga biri tarapyndan iberilen habar, sargyt: Benefşe kibi dymazuz, zyban peýam getür (KB, 454-3).

Gadymy türkmen sözlügi. Aşgabat, 2007. 569 sah.
avatar
0
5 Bagabat • 10:47, 05.12.2022
HEMŞERI, at. Baryş-geliş edilýän, gatnaşyk edilýän
ýoldaş, dost.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. Iki tomluk. I tom. A–Ž. – Aşgabat: Türkmen döwlet
neşirýat gullugy. 2016. 554 sah.
avatar
0
6 Мango • 10:52, 05.12.2022
Ýaryň ýara ýollan hatyn,
Peýgamyny menden soraň.

Ýaryň ýara ýollan hatyn,
Poçtasyny menden soraň.

Ýaryň ýara ýollan hatyn, 
SMS-in menden soraň.
avatar
0
7 Мango • 10:54, 05.12.2022
Onda: “Leýliň Mejnun hemşerini hemşerisin” bolmalymy?
avatar
0
8 Мango • 20:31, 05.12.2022
Penjegmiň garantga beren, 
Peýdasyny menden soraň.

men ýene doly düşünmändirin şu setirlere (boýum gurmasyn).
goşgyň gahrymany köne penjegini mellekdäki garantga geýdirýän eken.
garantgada ol penjekden peýdalanýar.
ýöne, berýän-ä köne penjek, onam diline çolaýar. şeýtmesi-hä bolanok.
“garantgaň meniň beren penjegimden nähili haýyr tapanyny bilýäňizmi? ony menden soraň” diýip ähli eden ýagşylygyny nola çykarýar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203