10:10 Bilbiljik | |
BILBILJIK Men gabagmy bir galdyrsam, Kükregiňde dem tükener. Gadamymda saz çaldyrsam, Gursagyňda heň tükener. Marynyň gyzlary ýeser, Bir bakyşda sesiň keser, Gözýaş bolup çykar heser, Gözleriňde nem tükener. Aýdymlarym --- heneklerim, Tans oýnasam, melekdirin. Bakma, baksaň, ýelekleriň, Seniň sesiň deý tükener. Marynyň gyzlary kesir, Ejeleri hasam kejir. Saýrap, maýyl etmek ---- ejir! Gündiz gün, şam şem tükener. Kapasamy, öýüň, bilmän, Bagdan gaýtsaň, özüň bilmän, Gaýtadan saýradyp bilmän, Bilbiljik, melhem tükener. Saňa golaý barsam, eger... Bir ýylgyryp garsam, eger... Näz bilen ýalbarsam, eger... Gylça janyň hem tükener. Bilbiljik, seň derdiň ýaman, Laçyndan sen sora aman, Ger, söýse, maryly, Tamam! Ömri ömre deň tükener. 25.09.2008ý. | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |