20:41 Jigim Jorja | |
JIGIM JORJA Nije günüm geçdi sussupeslikde; Birahat ruhumyň dik depesinde tümlük goýalýardy. Asman astynda (Şonda şeýle pikir edipdim aslynda) durup, diňlemeklik sazlaşyk heňin, eýse, kysmatymda barmyka meniň? Gije Demirgazyk ýyldyzlarynyň müň bir öwüşginine ýiti nazarmy dikip, synlamakdan irmedim birdem: Ýazgydymy okadym men ol ýerden; ...Apollon lirany gowşurmaz maňa — Goý, asman ot alsyn şapakdan ýaňa. Alys bulutlardan, çala görünýän ho-ol jadyly kirşler nur çaýsyn dünýä; Tokaý arylarnyň güw berýän sesin gelenok çopanlaň heňne öwresim; Ylhamdan owsunjy almaryn nesýe, Gadym rowaýatyň yşkynda, eýse, ýüregimem, haýp, tutaşmaz gaýdyp, Joşmaz geçen günleň aýdymyn aýdyp! Ýöne käte şöhrat arzuwyn eden bu gowgaly Ýere bakýar belentden: Ylahy ylhama göwün berýär ol, Dumly-duşda şygryýeti görýär ol. Diýlipdir-ä, Jorjum, haçan-da şahyr (Muny Spenser hem aýdypdyr ahyr) maýyl bolan çagy şirin hesere, gelýär şol dem gudratlaryň ýeseri. Bedewler asmanda buýsanjaň çapýar, Rysarlaň darkaşam oýuna sapýar. Açyk derwezeleň ýalp-ýalpyn, göýä, Ýyldyrym çakýandyr... öýder bilmeýän; Tüýdügi ses edip derwezebanyň gaplap alanynda Şahyryň aňyn, Şol barmana ýiti gözi düşer oň, Atlylaň şöhratly söweşlerden soň ýagtylygy parran böwsüşip, sap-sap inişlerne meýlis ýerne atygsap. Ol giň myhman jaýda, ýanynda mermer sütünleriň, barja zady ýerbe-ýer kaşaň-kaşaň zenanlara syn edýär hem «Bu düýşümmikä?..» — iňkise gidýär. Pürepür doldurlan sansyz badalar, Stollaň degresin gurşap aldylar. Daşdaky rehnetli baýlyk hakynda göz öňüne getirmegem çakyňdan kyn başy ölümlä: şahyr, döret sen, şol güller barada ajap sonet sen. — Ol geň galyp, eglip olaň öňünde, Reň alardy zemin bägüllerinden. Hyjuwly nazaryň açan zatlary ak köpürjik çüwdürimi ýatladyp, kümüşsöw suw damjalary, haçan-da, bir-birini öpüşişip guçanda, şat delfinler ýaly keýplerin çaglap, olar belentlikden inýärler şaglap. Şeýle keramaty görýändir onsoň, Kimiň guýmagursak zehini bolsa. Şol hem ýüzün tutup sergin şemala, Mylaýym bir agşam gezse, hamala, ümmülmez giň çuňluk, düýbüne çenli durşuna dür bolup ýatana çemli. Gijäň melegimi, owsunýan asyl, Geýip keşiş gyzlarynyň lybasyn, Tümlükden buludy böwsüşip çykýar — Ol onuň yzyndan otlukly bakýar. Göýä, bir jadyly düýşdäki deýin, Gör, onuň erkine niçe syr boýun: Şolaryň şaýady bolsadym birden, Kän zat hakda gürrüň berip bilerdim! Şahyr bu durmuşdan kän alar lezzet, Emma gymmatly bor ertirki hezzet. Gözi gubarlanýar, urunyp zol-zol, Janhowluna ýuwaş pyşyrdaýar ol: «Jan jesetden çykyp, uçar asmana, Ruhum nesillere ajaýyp nama gönderer, ol sedam dillerden-dile geçer, ýurdun söýen gylyç alar ele. Görersiň, goşgymyň gudratly güýji ýaňlanar gider-de, senatda süýji ukuda ýatan ol hökümdarlaryň gök gümmürdän ýaly oýarar baryn. Dana — goşgymdaky oý-pikirlere Ölmez öwütleriň ömrüni berer. Suhangöýlik bilen ruhlanyp menden, Joş alar ol märekäniň öňünde. Gyzlar bolsa maý säheri meýdanda bigam oýunlary oýnap ýadandan soň, akja guwlar deý döwre guraşyp, Gök otlukda oturarlar ornaşyp. Gör, ortaradaky eli çemenli oturan — şa gyzy bora çemeli... Bar reňkler garyşdy — al, sary, ýaşyl; Betbagt hem hyjuwly yşkyň nyşany — Ajaýyp bägüliň ýanynda öwser olar, onsoň öçügsije melewşe. Benewşeler hiç bir gaýgy-gussany bilmeýän gyz gursagyny ýassanyp, Ymyzganşyp aşagynda korsažyň1 ýatyr. Gyz sebetde ýygşyrlan naşy kitapçany alýar. Boýdaşlarynyň şatlygnyň çägi ýok, boýdan-başlarna — şowhuna, heşellä, gülkä beslene, Gujaklaşyp begenç bilen seslener... Meniň ýaşlyk goşgularmy täzeden eşiderler, ýylgyrjaklap näz eden şol şirin zybandan... Wagty gelende olar, onsoň eneleriň dilinde hüwdi bor — bäbejik parahat uka gider, gysmyljyrap ejesne baka. Bagyşla, eý, gamhanasy zeminiň! Göterilýän asman giňişligne men. Ganat ýaýyp ýokarsynda barlygyň uçuşym, ýugrulan bagtyýarlyga: Goşgulam gyzlara duýgudaş bolar hem ýigitleň gursagyna gor salar!». Jigim, jan-jigerim! Eger miýesser etse ile peýda bermek — ýüz esse bagtly bordum, gürrüňsiz, şan-şöhratyň sermest hyjuwnyňam ýatyrdym badyn. Ýöne ýagty pikir dömen dessine, Şol pursada deňeç mukaddesligne galan gymmat hazynany açandan beter göwnüm galkar, ýürek janlanar. Undulsyn sonetlem undulsa, meger, şat bordum, olary okasaň eger. Ýaňyrajykdy, bu pikirler serimde at saldy, otlukda ýatan ýerimden söýgüli pişäme berlip, ine, men şulary çyrşadym, saňa — inime; Pessaýja öwüsýän salkyn şemalam Çekgämi sypaýar. Ynha, şumalam güwleýän girdaba belentden bakyp oturan çolaja kert gaýa çykyp, Güller içre ýatyryn men agynap. Terslin-oňlyn, ýüzne bu sahypanyň adaja yranýan baldajyklaryň kölgeleri çyzyk çekip çykdylar. Alyslarda, arasynda süleleň, Al-elwan öwsüşip oturan kileň hapa haş-haşylaň başy görünýär; olaň reňki — ilata gün bermeýän emeldarlaň lybasyn salýar ýadyňa, sypatlarna gözüň düşen badyna... Ummanyň kä narynç ösýän, käýarym ýaşyl ösýän; gök örtügi çarpaýa galýar. Ine, kümüşsöw reňkli, däli gomlaryň üstünde ýelkenli gämi; Ine, azat çarlak edip öz argyn ganatynda baryn, erkinde baryn, Aýlaw ýasap gelip, tolkuna gonýar — Bir-de göge galksa, bir suwa inýär. Al şapaga bakýan ýalkym içinde. Neçüýn? Hoşlaşmaly... Şonuň üçin-de, eziz Jorjum (zeýrenme sen birjigem), Salam saňa — bol, eliňi ber jigim! © Jon Kits (John Keats) Terjime: © Annamuhammet KIRŞEN | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |