11:07 Aglama, Aýsoltan... | |
AGLAMA AÝSOLTAN Halypam, filologiýa ylymlarynyň kanditaty, göroglyşynas, maýor Rejep Pirjanowyň ýagty ýadygärligine ...Ýene şol aýdym, ýene şol jigeriňi dilip gidýän dilgir sözler. Eý, Alla! Şeýle mert kişini agladyp duran gyzyň ýüregi nämedenkä? Doňandyr, bilýän. Oňa-da düşünýän. Ykbal beýle haly hiç kimiň başyna salmasyn. Özüm nä güne düşüpdim?! Bir ölüp, bir direlmedimmi näme! Gel, men gowusy, Aýsoltanyň ýanyna özüm baraýyn. Halyndan habar alaýyn, şeýtsem, belki-dezenan ýüregi zenan ýüregine täsir edip, onuň derdi ýeňlär. Oňa öz çeken derdim hakynda gürrüň bereýin, şonda Aýsoltan meniň halymyň öz halyndan has umytsyzdygyny bilip, şükür eder, a belki-de, Göroglyny bagyşlar?! Şeýdäýse, meniňem ahyrsoňy ýüregim ynjalar... *** Kiçiräkkäk atam doganym ikimize «Göroglynyň» her gün bir şahasyny gezekleşdirip okadardy. «Göroglynyň ölümi» şahasyny okamagam meniň paýyma düşdi. Öňem birnäçe gezek aglap okan şahamy ýene aglap okamaly boldum. Okap bolanymdan soňam agymy goýmadym. Göroglynyň ölüminiň täsirinden çykyp bilmän, başyny aşak salyp salyp oturan atam ilki sesini çykarmady. Emma men köşeşer ýerde köşeşmedim. Özümem «Ol näme üçin öldi, ata? Indi Çandybildäkiler nätsin? Ol hemme kişini gorap ýördi ahyry?» diýip aglaýardym. Ahyry atam meniň sesimi goýdurjak jogap tapdy. Ol kitaby elimden aldy-da, ony ýapdy. Soňam ýüzüme seredip şeýle diýdi: «Gyzym, şu kitaby hiç hili gutarmasaň nähili bolar, heý, göz öňüne getirýärmiň?». Men atama düşünmän gözlerimi tegeledim. Atam düşündirdi:«Gyzym, bu kitaby ýazanlar, kitaby gutarmak üçin «Görogly öldi» diýmeli bolupdyrlar. Sen bir pikir et, ýogsa, kitaby nädip gutaryp, nädip adamlara ýetirjek? Sen entek, ulal, gyzym. Göroglynyň ölmändigine göz ýetirersiň». Meniň dünýäm ýagtylyp gitdi. Gözdäki ýaşym şolbada gurady. «Ah, sen...» diýen manyda ýylgyryp, kitabyň ýüzüne seretdim. Atamyň ýekeje diýen zadynyňam galat çykmaýşy ýaly, onuň Görogly hakyndaky aýdanlaram dogry çykdy. Görogly, hakykatdanam durmuşda ýaşap ýör ekeni. Men ony ilkinji gezek goşgularymy «Esgere» getiren günüm gördüm... *** ...Aýsoltan, seniň henizem aglap otursyňmy?! Ah, uýajygym, «Bir dogan ýanar, bir dogran» diýenlerine mysal bolup otyrmyň? Men-ä, başymy aşak salyp, seniň gaşyňda bir gysym bolmaga gelendirin, ynansaň. Ýogsa, seniň sönmekden geçen, gaýta,wagtyňam ýüzüne ot çabradyp lowlaýan derdiň, meniň öň çekip ýören derdimiň üstüne dert goşýar. «Sen kim bolarsyň?» diýýärmiň? Wah, men, men...Men öz kimdigimi nädip, nä ýüzüme aýdaýyn, Aýsoltan?! Sen entek meniň kimdigimi bilmäge howlukma. Saňa bir aýdyp biljek zadym, men bir aýby gözündäki göni gelen jeren. Galan zadam meniň aýtjak sözlerimde... Aýsoltan, maňa seniň agaň wepat bolan pursadyny okamak, göz öňüne getirmek gaty agyr boldy. Bir okadym, jigerme duz guýuldy, iki okadym, kalbyma köz guýuldy. Bilmezlikden bolan waka zerarly men hem saňa ýandym, hem Görogla. Göwnüm ikä bölündi-de, bir bölegi ylgap, seniň saçlaryňy sypap, gözýaşlaryňy süpürdi, beýleki bölegi bolsa, dyza çöküp, başyny aşak salyp oturan beg kişini ýerinden turuzjak boldy. Ýöne, görgüli göwnümiň bitiren goşy bolmady. sen-ä şol gözýaşyňy saçdyň oturdyň, Görogly begem şol ötülmejek müýnden ýaňa henizem hyrçyny dişläp otyr... Aýsoltan, sen bir seret, öňüňde ner-bugra deý azmly kişi bir gysym bolup başyny egip, ötünç sorap dur. Ol ömür-ömürem adamyň öňünde peseljek kişi däl halyna saňa ýalbarýar. Günäsini geçmegiňi soraýar, özi agaň deregine agaň bolaýyn diýýär. Gözýaşyňy süpür-de, uludan demiňi alyp, bir pikir et, öleniň yzynda ölüp bolýarmy? Bagyşlaý ony, Aýsoltan! Ýogsa, seniň derdiňe, onuň halyna gyýla-gyýla, indi ençe ýyldyr meniň ýüregim suw bolup gitdi-le... *** Halypamyň gödeklikden bärräk, sypaýçylykdan aňyrrak häsiýetleri bardy. Ol hijem hiç kimden ýüz görmezdi. Döredijilik meselesinde hasam gaýduwsyzdy. Ýazylan makalada ýasamalyk gördügi, ýa bir ýerden göçürilendigini duýdugy «tupan turuzardy». Men onuň bu häsiýetini hem-ä şeýle bir hormatlardym, şol bir wagtyň özünde-de şol «tupany turuzaýmakdan» mydama gorkup gezerdim. Her gezek makala tabşyranymdan soň, makalamyň nähili ekendigini bilýänçäm saňňyldap gezerdim. Halypam bolsa, eger-eger, makalaň pylan ýeri eýle ýa beýle eken diýip düşündirmezdi. Oňlamadyk bolsa, «Senden garaşmandym!» diýer, artykmaç sarnan bolsam, getirip stolyma patyladyp oklar-da, «Gerekmejek ýerleri bar, kes!» diýer. Özem ýanyňda durar-da, hem-ä seniň öz makalaňy kesýän wagtyňda bolşuňa syn eder, hemem gerekmejek ýeri tapyp bilşiňi yzarlar. Makalaňy halan bolsa dagy, ony asla-da aýtmaz. Oňa derek, seniň bilen jedelleşesiniň gelýändigini bildirip, «Pylan ýerde nämüçin pylan diýdiň? Sen ony nireden bilýäň?» diýip, makaladaky pikirleriň böwrüni gyjyklar. Senem öz pikirleriňi delillendirjek bolup haýyr-heläksiň. Bir tarapdan, öz pikirlerňe hossarlyk etjek bolarsyň, beýleki tarapdanam, öz halypaň bilen jedelleşip, özüňkini gögertjek bolup durmaga uýalarsyň. Asyl, oňa geregi seniň jedelleşip, özüňkini gögertmegiň eken. Men oňa soň-soň düşündim... Ýöne, barybir men iň soňky sözi onuň özüne goýardym. Meňki göz-görtele dogry bolsa-da, halypamdan üstün çykan ýaly görünmegi islemezdim. Pikirlerimi delillendiribilşimden delillendirenimden soň, nämedir bir zady bahanalap, ýuwaşlyk bilen turup gaýdardym. Ýerime gelip oturardymam welin, 5-10 minutdan telefonym jyrlardy. Galdyrsam, aňyrdan ol, edil hiç zat bolmadyk ýaly:«Çaý bişdi. Käsäňi alyp gel.» diýerdi. Ana, şol çaý hem, meniň bu ýazan makalamyň halanyp, indiki ýazjak zatlaryma garaşylýandygynyň alamatydy... Men, halypam biz bilen hernäçe degşip-gülşen bolsa-da, ony mydama çynlakaý, agras, hatda gaharjaňrak keşpde göz öňüme getirýän. Bu ahmal, onuň nägehan derdiň yzasyny bildirmän çekjek bolup gezenligindendir. Biz her gezek ýagdaýyny soramaga baranymyzda, onuň tä gaýdýançak öňki bolşuny ýitirmän dik oturşy, eginlerini hem dik tutmaga çalşyşy, biz bilen işdämensiräp iýip-içişi, başardygyndan gapa çenli ugradyşy─ bularyň bary onuň biziň ýanymyzda ejiz görünmejek bolup, zoraýakdan eden hereketleri bolsa nätjek?! Asyl ol, biz gapydan çykanymyzdan ýanyny ýere berýän eken-de, zalym üsgülewigem onuň bogazyndan ebşitläp tutýan ekeni. Onuň biz gidýänçäk agyr hassa halyna üsgürmän oturyp bilşini diýsene! Henize çenli şeýle özerkli, mert adam görmändigini, şol wagtlar onuň ýanynda gijelerine ýoldaş bolup, ýowuz derdi çekişini gözi bilen gören ýoldaşym hem haýran galyp gürrüň berýär... *** Aslynda, menem seniň ýaly, Aýsoltan! Ikimiziň janymyz aýry, jebrimiz bir, dogan! Ýöne sen agaly meselede menden bagtly. Seret, ýazyk edip, seniň agaňy öldürenem bolsa, Görogly ýaly merdi-merdana kişi saňa «Aglama, Aýsoltan, agaň bolaýyn!» diýip başyny egip dur. Sen bu sözleriň dutara salnyp, aýdymda ýaňlanyşyny bir diňlediňmi?! Şol aýdym-da, meniň jigerimi dilim-dilim edip duza basan. Sen bu ahy-zara nädip çydaýaň, men haýran! Seň ýeriňe men bolsam, Görogly ýaly gerçek «agaň bolaýyn» diýip durka, raýyny ýykyp bilmezdim. «Turuň ýeriňizden! Beg başyňyz egilmesin! Hemme zat Alladandyr!» diýerdim. Ah, Aýsoltan, biler bolsaň, men edil seniň agaň zaryny çekişiň ýaly zarlanymda hiç kim maňa: «Goý, aglama, men seniň agaň bolaýyn» diýmedi. Men onuň näme sebäpden diýilmändigine-de düşünýän. Sebäbi hiç kim onuň ýerini tutup bilmejekdigine düşünýärdi, ony tanaýardy. Çünki meniň agam ýalylar başga ýokdy, Aýsoltan! *** ...Ol bedeniniň agyrysyna tap getirip bilmese-de, ruhuna welin iň soňky demine çenli erk edip bildi. Şonuň üçinem ol öler diýip pikir edip bilmedim. Ol bardy-geldi gözleriňde gussa görüp, özi hakda alada batanyňy duýsa: «Hä, näme öler öýdüp gorkýarmyň? Entek ölmerin, arkaýyn bol! Men özümiň nähili gerekdigimi bilýän ahyry» diýip gatyrganardy. Onsoň öz ýanymdan sussupeslik edenime şeýlebir utanardym. Ol düşekde ýatan hassa halyna sag gezip ýören adama ruh berip goýbererdi. Hamana, sag-aman şu gün geçse, ertiriň özünde dikelip gitjek ýaly gürlärdi. Ol ýogalan wagty men şäherde däldim, Awazada döredijilik saparyndadym. Ýöne onuň bilen her gün habarlaşyp durýardym. Jaňymy alyp, sesini eşitdirse, has begenerdim. Jaňymy alman, SMS ýazsa, gürlemäge mejalynyň ýokdugyny aňlap, gyýlardym. Şol güýzüň çylkasyz çypar adam ýaly ýakymsyz güni ömürem ýadymdan çykmaz. Birdenkä, ony gaty göresim gelip, ýüregim üzlüp gitdi. Diwarda asylgy sagada seretdim:14:45. «Ýatandyr ahmal, belki-de ýatanam däldir» diýip, telefonymy elime aldym. Ýaşaýan otagym ýokarky gatda bolansoň, telefondaky ses gowy eşidilenokdy. Şonuň üçin aşak düşüp, arkaýyn gürleşeýin diýdim-de, lifte mündüm. Liftden düşsem, ony tanaýan, onuň bilen deň-duş döredijilik işgärleriniň ýüzi-gözi salyk. Atylyp ýanlaryna bardym. Olar ajy habar alyp, şonuň täsirinden çykyp bilmän duran ekenler... Men köp agladym, deňizden öýe gelýänçäm, öýde, işde...Soň maňa gürrüň berdiler. Meniň gürleşesim gelip, jaň etjek bolan wagtym, ol ajal bilen ýaka tutuşyp ýatan ekeni. Menem şonda ýüregimiň bitakat bolandygyny aýtdym. Ahmal, ol iň soňky deminde seni ýatlandyr diýdiler. Men, şeýdip onuň bilen hoşlaşybam bilmedim. *** Meniň bu bolup durşum, edýän gürrüňlerim seni agyr hala salaýan däldir-dä, Aýsoltan?! Ýa men öz derdim bilen öňki derdiň üstüne dert goşdummy?! Men aslynda, beýle etmekçi däldim. Meniň bar maksadym, seniň Göroglyny bagyşlamagyň hemem dünýäde agasynyň zaryny çekip ýören ýene bir naçaryň bardygyny bilmegiňdi. Özi-de, şol naçaryň halynyň seňkä görä has teňdigine, çünki onuň agasynyň ýerine aga boljagyň ýokdugyna, bolubam bilmejekdigine düşünmegiňdi. Sen maňa görä bagtly. Seniň öňüňde aga bolaýyn diýip duran dag ýaly gerçek bar, Aýsoltan. Ýeri bolýar, men indi gaýdaýyn, çak boldy. Hyýalda bolsa-da, beýle dartgynly ýagdaý aňyňa, ýüregiňe agram berýär. Saňa-da, kyn, maňa-da. Bir arzuwym, bir arzym ─ maňa düşünseň, Göroglyny bagyşlasaň bolýar. Men ýükli gelip, ýene yzyma ýükli gitmäýin, jan dogan! Derdim özümde galsyn, ýükümi bir bölüş sen. Gaýrat et! Ahyry başyňy atdyň. Diýmek, bagyşlaýaň-da?! Emaý bilen başyňy galdyryp, «Hawa» diýen manyda ýylgyrdyň.Nähili gowy! Maňa seniň keşbiňi görmegem nesip etdi. Dogrudanam, görküň dessandaky tarypyňdan zyýat bolmasa, kem däl eken. Gözleriň welin, gussasy ýetik. Hany, dur-la, sen maňa bir zatlar diýjek bolýarmyň? Seniň gussaly gözleriň balkyldap, menden bir zatlar soraýan ýaly-la. Wah-h, ýeri sen şol soragy beräýmelimidiň, Aýsoltan?! Men seniň şol soragy bereriňden ýaýdanyp, şu çaka çenli ýanyňa gelip bilmändim ahyry! Emma, gorkuşym ýaly boldy. Sen meniň agamyň kimdigini soraýarsyň... ─Meniň agam Göroglydy, Aýsoltan! © Aýgül GARAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |