Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:24
Gurt Ýakup

BEÝIK ÖMÜRDEN PARÇALAR


Gurt Ýakuby ýene raýkomyň haýbatly jaýyna çagyrdylar. Uzyn boýly, agyr ýüzli, agzy ullakan, ýaşajyk býurokrat kabinete giren bagşa zordan salam berdi.
--Ýaşuly, sen biziň aýdanmyzy etjek däl-ow.
--Inijigim! Sen bir maňa ýakyn bol ahyry. Türkmen diýeniň aýdym-sazsyz oňjak millet däl. “Pylan dessany aýdyp ber” diýseler nädeýin?!
--Bilemok diý.
--Bilýän zadymy nädip bilemok diýeýin?!
--Seň bilen ýaňkalaşyp oturara wagtym ýok. Indi dini aýdymlar aýtdygyň – gözüňi gözenegiň aňyrsynda açdyryn.
Gurt Ýakup egnine düşen çal goňagy kakmagy bilmeýän oglanyň galstugyny tiz-tiz düzedişdirip, sesine hemle berişini synlap, onuň arkasynda kimleriň duranyny ýatlady. Ýatlap gamgyn ýylgyrdy.
--Inijigim! Gahar etmäweri. Gözenegiň aňyrsyna geçireniňizde dutarly geçirýäňizmi?!
Gurt Ýakuby tanaýan adamlaryň ählisi onuň gaýmak ýaly mylaýym, ýumşak adamdygyny tekrarlaýarlar.
Ol iliň göwni diýer ýortar ýörer eken. Birem hiç kime baýlygy, pukaralygy üçin artykmaç sarpa goýjak bolup azara galmandyr. Onuň ýanynda ähli kişi bir deňlikde, hudanyň bendesi hökmünde.
Obalaryň birinde diňe aýlygyna ýaşap ýören biri toýuna Gurt Ýakuby çagyrypdyr.bagşy razylyk beripdir. Şol obadan ýene biri şol gün toçý edermen bolupdyr, ýöne ol haram baýlygy howlusyna sygmaýanlardan ekeni. Olam Gurt Ýakuby çagyrmakçy bolýar, emma bagşy öň şol obada birine söz berendigini ýatlaýar. Onsoň ýaňky adam baýlygyny mazamlap başlaýar weli, bagşy onuň sözüni bölüp: “Inim, Isgendriň soňky sargydyny eşitmänsiň-ow” diýipdir. Ynha, şo rowaýat: Dünýäniň ýarysyny alan Isgender soňky deminde ýatyrka, şeýle sargyt edipdir: “Men ölemde gollarymy tabytdan sallap, açyp goýuň. O dünýä hiç zat äkidip bolmaýanyny, goý, halaýyk görsün” diýipdir.
Onsoň toý güni Gurt Ýakup ilkinji çagyranyňka ir gözünden gelip, aýdym aýdyp başlapdyr weli, pukara toýam bolsa, obanyň aglaba ilaty şu toýa gelipdir. Görşüňiz ýaly, türkmen bagşysy hökmürowan puldan mydama belentde durupdyr.
Gurt Ýakup türkmen bagşylarynyň asyrma-asyr mizemän gelýän kanunlaryny, däplerini örän çuňdan bilýärdi hgem-de pugta berjaý edýärdi.
Neneňsi aýdymlar öwrenmeli, ne heňde, haçan, nirede, näçe wagt aýtmaly? Öýüňe myhman bolup, il içinde gezip ýörseň görýän eşidýän zadyň kän. Olaryň haýsyny ile aýdyp, haýsyny ömüralla unutmaly?
Bagşynyň barýan gapysy kän, emma şonda-da haýsy gapyny açýanyňy bilmeli. Bagşy bilen gatnaşasy gelýän, dost ýüreginden tör berjekler kän – kimi golaýyna göýbermeli? Ahyrda, öz sungatyny kime öwretmeli? Iň esasy hem sen çäksiz hezzet-hormaty görtermegi başarýarmyň? Sebäbi türkmen halky şaha, şahyra hormat goýmagy başarýar weli, onuň bagşa hormat goýşuny özüň türkmen bolaýmasaň, doly duýmak mümkin däl. “Türkmen bala çagasyna iýdirmedik zadyny bagşysyna iýdiresi gelýär” diýip, Gurt Ýakup welilik bilen aýdypdy. Onsoň bagşynyň arkasyna näçeräk hormat ýüklenýändigini göz öňüne getiribriň. “Mesligi gara goýun, gara goýnuňam garrysy göterermiş” diýip halk ýönelige aýdanok. Şu sowallaryň we şuňa kybapdaş ýüz müň sowalyň jogabyny tapan, ony dürs berjaý eden bagşy uzaga gidýär. Beýik Babagammar bilen Aşyk aýdyň pir diňe şeýle bagşylara ylham pyýalasyny uzadýar. Gurt Ýakup bagşylaryň ýazylmadyk kanunlaryna, däwplerine ilkinji ädimden tä soňky demine çenli wepaly boldy.
Bagşynyň iň uly baýlygy – sesi diýýärler. Tebigat gurt bagşa juda ägirt baýlyk eçilipdir. Beýle sesli bagşy ondan öň boldumyka/ onuň sesinde duýgulary hem-de sesiniň döredýän duýgularyny ahyryna çenli açyp biljek kişi barmyka? Onuň sesi Alla diýip, Adam diýip oba-oba aýlanan gadymy galandar-abdallary, gije ýatman nalyş okan päk göwün derwüşleri ýatlamaýarmy?! Onuň sesi seniň göwnüňe iň ýakyn melhemçiniň sesi dälmidir?! Şeýle sesiň bolar-da sen neneňsi aýdym aýdaryn öýdýäň?!
--senem iller ýaly “tarla traktorymy” “Ös, mekgejöwenimi” aýt. Şonda senem dynç borsuň, biziňem gulagymyz dynar – ýaşajyk býurokratyň şeýle talaby bar.
--wah inijigim, men o aýdymlary aýdyp bilmesem näme etmeli?
--goýsana, ýaşuly. O aýdymlary ýolda oýnap ýören çagaçyklaram aýdya.
-- Şuny dogry aýtdyň, o aýdymlar çagajyklaryňky.
Gurt Ýakubyň garşysynda duran çig beýni neneňsi bagşy bilen iş salyşýanyny seljererden ejiz. Ol kimi ur diýseler, gözüni ýumup şoňa topulýar.
Gurt Ýakup bolsa-da urlanda-da aýdym aýtdy. Aglanda-da , gülende-de aýdym aýtdy. Durmuşyň düýp aslyna akyl ýetirjek bolup kelle döwende-de aýdym aýtdy. Aýdym-saz onuň üçin lezzet, ýöne oýlandyrýan, sähel gamlandyrýan, ýüregiňi ýumşadýan lezzet. Hi, gamlanmaýandanam, gama batyp bilmeýändenem adam bormy?! Gam seniň gedem egýär, gazaply diliňi süýjedýär, töwerekden töwerekden öüňe hemra-dost gözledýär. Iň güýçli ýeri hem: seniň bu dünýä myhmanlygyňy ýatladýar. Myhman bolup gelen ýeriňe ýamanlyk etjekmi?
Göz gorkak, el batyr, dil ýüwrük, diýipdirler.ana, gam seniň eliňden tutýar. Ejize degme diýýär. Gam seniň diliňi düwýär. Ajy söz aýtma diýýär.
Elbetde, adama merdem gam gerek, adamy beýgeldiji, haýyr işlere iteriji gam gerek. “sen myhmansyň, gyssanaweri, ýagşylyk edip ýetişjek bolaweri!” diýip böwrüňe dürtüp duran gam derkar.bagşynyň ählimizi kökenlän gamy hem şo gamdan işilen bolsa gerek. şeýle bolansoň Gurt bagşy, ozaly bilen, beýik Magtymgula ýüzlendi. Özem şahyryň arap harpyndaky kitaplaryny okady. Gündizlerine edil aýna bakan ýaly ýüzüni kitapdan aýyrmady, ýatanda ýassygy Magtymgulyň kitaby boldy. Gurt bagşy arap-parsçadan, çagataýçadan habarly bolansoň, onuň Magtymgulynyň şygyrlaryna düşünişi üýtgeşikdi. Magtymgulynyň eserleriniň aňyrsynda ýaňlanýan owazy sogrup almagy gurt Ýakup başardy. Şoňa görä, bu dünýäde aýdym aýdyp geçen bagşylaryň arasynda mmagtymgulydan iň köp aýdym aýdan Gurt Ýakupdyr. Öňünden bir zat diýmek kyn weli, ýöne Magtymgulydan aýdym aýtmak meselesinde Gurt Ýakupdan öňe geçjek bagşy indi döremese gerek. Mary şäherinden lukman Myraly Ata ogly şu babatda bir wakany ýatlatdy: “Bir toýda Gurt bagşy Magtymgulydan aýdym aýdyp, aralygynda derinisylanda diňleýjileriniň biri:
- Gurt akga, Magtymgulydan näçeräk aýdym bilýäň – diýip sorady.
- Bilmedim, inijigim. Şony özümem bilesim gelýär. Hany, Magtymgulynyň kitabyny getiriň bakaly.
Magtymgulynyň 1983-nji ýylda çykan iki tomlygyny alyp geldiler.
- hany, inijigim, sahypalary bir ýandan agdaryp başla. Goşgynyň adyny okasaň bolýar- diýip Gurt bagşy dutaryň gulaklaryny çekişdirdi. Onsoň bir goşgynyň adyny okanyna mähetdel bagşy o goşgynyň bentlerini aýdym edip aýdyp başlaýar weli, indikä geçiber diýip ygtyýar berýär. O aýdymlaryň arasynda Gurt bagşynyň özi düzen , özi tapan heňleri hem az däldi. Şeýdip iki kitap tamam boldy weli, Gurt bagşy: “Munda Magtymgulynyň goşgusy ýok. Şu kitapdanam yzarlalyň” diýip köne ýazuwly bir kitaby sumkasyndan çykardy. Ony hem heňe salyp aýdyp çykdy. Beýle ýatkeşligi, saz döretmäge ukyby bir kellede jemlän bagşy indi bu dünýädegaýtalanmasa gerek.
Dogrydanam, Magtymgulynyň ruhuna Gurt Ýakubyň ruhy birleşipdir. Magtymgulynyň otlukly sözleri Gurt bagşynyň dilinde täzeden öwüşgin tapdy, naýza öwrülip, şu durmuşy bilaýjylara, nadanlara-namartlara, zynahorlara, içindki ýelden ýaňa çişiş ýören wezipeparazlara, dilinde bir zat diýýän, işinde başga zat edýan ikidillilere, özüni gara pula satýan parahorlara we şuňa meňzeş beýleki nogsanlara garşy göreşdi. Şeýtmek bilen bu durmuşyň hümmetini artdyrmaga onuň goşandy ummasdyzdyr. Muny hiç bir gural ölçäp bilmez, diňe ynsan duýar, ynsan onuň gadryny biler.
Gurt bagşy durmuşa örän içgin düşünýärdi. Ol resmi syýsatyň halky dinden daşlaşdyrmak bilen, onuň ruhyny neneňsi öçürýändigini, radioda, telewizorda hakykat hakda, durmuşyň gülala güllügi hakda tükezzybanyň ýalanlygyna, oňa derek buz astyndan gara derýanyň akyp ýatanlygyna ikiuçsyz göz ýetirýärdi. Ol müňlerçe adamlaryň bu galplyga ynanyp, aslyny unudyşlaryny, öz gadymy geçmişine dil ýetirişlerini, başga-başgalara meňzejek bolup azara galyşlaryny, aldygyna arak jyňkydyşlaryny göwni gyýym-gyýym bolup synlardy. Türkmenleriň ümzüginiň ters öwrülşine geň galýardy: öňler türkmeniň abraýy, umumy bähbidi diýip çapylýardy. Indi birhili parhsyzlyk döräpdir, gara nebis öňe geçipdir. “Gözüm görmese syrtymy böri iýsin” diýýän adamy hakyky adam hasaplap bolarmyka?!
Gurt Ýakup türkmeniň geçmişini ýagşy bilensoň, gelejegi barada köp oýa batýardy, howsalaly pikirler oňa ynjalyk bermeýärdi. Bu pikirler oňa nireden gonýardy? Ozaly bilen beýik Magtymgulynyň eserlerini ürç edip okan adamda şeýle pikirler döräýmelidi. Üstesine-de, durmuş seniň görmejek zadyňy görkezip, eşitmejek zadyňy gulagyňa guýup dursa nädersiň?!
Arly-namysly türkmen maşgalasy nire- nikasyz çaga doguryp, köçä taşlamak nire?! Duldegşir goňşyň ýorganyň arasyna dykyp ýygşyryp goýanja pulyny çilmek – hi öň görülip eşidilen zatmydy?! Häzirki döwürde edilýän jenaýatlar agzalsa depe saçyň hüžžeriberýär.
Türkmen durmuşyna bu zatlar nireden aralaşyp ýör? Haýsy şeýtan bu zatlary et diýip böwre dürtýär? Sebäpkär – günäkär kim?
Muny gytçylygyň döredýän hadysasy diýip düşündirjek bolýanlar bar. Muňa hä diýip bolmaz. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda müň esse agyr gytçylykdy ahyry. Emma şunça jenaýat edilmeýärdi. Hatda o döwürler türkmen öýüne gulp urlanyny gözläp tapaýmasaň, köpler gulpuň nämedigini hem bilmeýärdiler.
Kanunlar köneldi, düzgünler gowşady, şoňa laýyklykda adamlaram üýtgäp ugrady. Beýleki köp-köp ýurtlaryň ogrulary Sowet Soýuzynyň ogrularyny görende agzy açylyp galýarmyş. Gündogar ýurtlarynyň köpüsinde, ilaty bir milliarddan geçýän beýik Hytaýda ogurlygyň gaty seýrekligi hakda gürrüň berýärler. Munuň ilkinji sebäbi – kanunlaryň zabunlygy hem-de örän pugta berjaý edilýänligi. Hat-da käbir ýurtlarda ogrydan haýsy eliň bilen ogurladyň diýip soraýarlar. Çep elim diýse, çep elinden, sag elim bilen diýse, sagyndan dynýar. Ogurlyk eden zenanlaryň saçyny päki bilen syrmak hemýeňil jezalaryň hatarynda görülýär. Hany, şondan soň eliň kişiň malyna uzasyn-da!
Kiçijik Singapurda çilim çekmeli däl ýerde çilim çekseň, ýa galyndysyny ýörüte gaba taşlamasaň, ýüz dollar jerime salýarlar. Şoňa görä-de Singapur dünýäde iň arassa ýurt hasaplanýar. Muny görenimde öz gözlerime-de ynanmajak boldum.
Gurt Ýakup örän ýüwrük fantaziýasyna daýanyp, bu zatlary oturan ýerinden görüp, bilip otyrdy. Bildigiçe, gördügiçe ýüregini gan öýýärdi. Bagryndan ýylan dişleýärdi. Birmahalky ýaşajyk býurokrat hem onuň yzyndan galanok. Indi olýönekeý işgär däl-de, bir basagançak ýokarda oturan kişi. Öz adynyň “Pylany” diýip tutulmagyny islänok. Hokman pylany Pylanyýewiç diýilmegini isleýär. Gurt Ýakup üçin onuň parhy ýok. “ ata-babamyz Pylanyýewiç diýip geçmändir” diýdi. “ Size medeniýet öwredip boljak däl-ow” býurokrat torsaryldy. Hamana bir-birege Pylany Pylanyýewiç diýip ýüzleneňde medeniýetiň aňyrbaşy bolýarmyş.

Gurt Ýakup her gezek bu wakalary başdan geçirende, soňra ýatlanda, onuň başyna gam dumany çökýärdi. Gijeler ukusy gaçýardy. Dünýä bilen hoşy bolmaýardy. Onsoň ýeke özi birýana baş alyp gidesi gelýärdi.
Nirä gitjek, diýsene biçäre, Gurt bagşy?!
Onuň uzak gidýän ýeri – Murgabyň gamyşly, toraňňyly kenary. Sessiz akyp ýatan derýa, gamyşlaryň ygşyldysy toraňňylaryň çal ýapraklarynyň şapyrdysy bagşynyň kalbyna ynjalyk bermese, özge ýerden kanagat tapmak kyn. Kä gijeler ol öz pikir-duýgularyna şeýle bir gümra bolup daň atanyny hem duýman galýardy. “Maňa ne sebäpden käýeýärler? Dini aýdymlar aýdýanym üçinmi? Beýdibem dini gadagan ediop bolarmy? Magtymgulynyň iki goşgusynyň birinde dini öwüşgin bar ahyry. Onsoň Magtymguly o goşgulary akmak bolup ýazandyr diýjeklermikäler?! Ý-ok, bujagaz pyrryldyklar uzak gitmez..

Dowamy bar..
Bölümler: Aýdym-saz sungaty | Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Oraz Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Medicall • 01:17, 09.02.2023
bolmanda-da "Tarla traktorym" " ÖS sen mekgejowenimi" aýtmak bilen oňňut etse ondan GURT ÝAKUP bolardymy eyse.
avatar
0
2 Medicall • 01:22, 09.02.2023
Azar ýamanyn-a beripdirler bendä.. kitaby doly okanymda mende bu beýik Bagşa bolan hormat hasam artdy. juda inçe bir duýgy ýüregimi gyýdy durdy.
Ussatlaň ruhlary şat bolsun!
avatar
1
3 Mekan • 23:16, 11.02.2023
Şu ýeri täsin eken. Dykgatymy çekdi.

Şeýdip iki kitap tamam boldy weli, Gurt bagşy: “Munda Magtymgulynyň goşgusy ýok. Şu kitapdanam yzarlalyň” diýip köne ýazuwly bir kitaby sumkasyndan çykardy.
avatar
0
4 Medicall • 15:35, 12.02.2023
Dykgatyňyzy çeken ýeriň jogaby-da şu setirleň arasynda bar ýaly:
"Gurt bagşy ozaly bilen, beýik Magtymgula ýüzlendi. Özem şahyryň arap harpyndaky kitaplaryny okady. Gündizlerine edil aýna bakan ýaly ýüzüni kitapdan aýyrmady, ýatanda ýassygy Magtymgulyň kitaby boldy. Gurt bagşy arap-parsçadan, çagataýçadan habarly bolansoň, onuň Magtymgulynyň şygyrlaryna düşünişi üýtgeşikdi. Magtymgulynyň eserleriniň aňyrsynda ýaňlanýan owazy sogrup almagy gurt Ýakup başardy. Şoňa görä, bu dünýäde aýdym aýdyp geçen bagşylaryň arasynda Magtymgulydan iň köp aýdym aýdan Gurt Ýakupdyr."
avatar
0
5 TmBürgüt • 22:50, 05.12.2023
Dogry aýtýaňyz Şol sebäpli Gurt Ýakubowyň döredijiligine uly Hormat goýýan. Indiki postumda Gurt Ýakubowyň ömri barada, Magtymguly Pyragynyň goşgularyny öwrenişi hakynda goýmagy makul bildim. Beýik bagşynyň döredijiligine, gözleglerine bagyşlap hekaýa ýazdym şony hem goýaryn!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203