12:16 Medet ber maña | |
Duýup dünýäň hakykatyn ýalanyn, Öwüt ündewinden ylham alanym, Seni ýat eýleýip aldym galamym, Ussadym Pyragy medet ber maňa! Diýşiň-deý, köp diňläp käteler susdum, Etjek işim ýedi ölçäp bir kesdim, Bu gün täze ýola gadamym basdym, Ussadym Pyragy medet ber maňa! Şygyrýetiň, binýady sen saýasy, Poeziýa, bag bolsa biz bir miwesi, Onuň senden gaýdýar asyl şiresi, Ussadym Pyragy medet ber maña Aýdyp gitdiň bize öwüt pentleri, Şygaryñ, bezeýär oba kentleri, Berkidýän ýoluñda şygyr bentleri, Ussadym Pyragy medet ber maňa! Şahyrlyk, nesibä çekdirse çakym, Il-günüñ söýgüsi ömrüme ýakym Razy men, kemeltsem ýürekleň ýükün, Ussadym Pyragy medet ber maňa! © Süleýman TEKÄÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |