TÜRKMEN EDEBIÝATY


15:32
Saglyk gerek
Dert egsilmez derdinenňe,
Umyt bardyr her demiňde,
Ýazgyt ýükün gerdeniňde,
Daşamaga saglyk gerek.

Saglyk bolsa bolmaz gussa,
Saglyk gadryn biler hassa,
Şatlyk paýlap desse-desse,
Ýaşlanmaga saglyk gerek.

Söýgä besläp ömürleri ,
Çöz aradan düwünleri,
Açyp birdem göwünleri,
Hoşlamaga saglyk gerek.

Goý,bolmasyn şöhrat-şanyň,
Baýlygyňdyr sagat janyň,
Gazanmaga halal nanyň,
Işlemäge saglyk gerek.

Dert ýyksada içden daşdan,
Doýma ýokdur bu durmuşdan,
Müň ýykylyp ýene başdan,
Başlamaga saglyk gerek,

© Süleýman TEKÄÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 46 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Teg: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE