10:13 Wyždanyň sesi | |
Gijäň göbeginde, ýumulmaz gözlem, Wyždanymyň sessiz hüwdüsin diňläp. Gyzgynjagy bilen aýtmaly sözlem, Galypdyr heňläp. Agzymy dolduryp nahar iýýärin, Kimler, açlygyndan mejalsyz ýatyr. Men bolsa, gündelik işlerim hakda, Edýän howatyr. Ýaragalar jan alýar, jaýlar ýumrulýar, Bigünä çagalar gömülýär ýere. Ökünýän, elimden hiç zat gelmänsoň, ...Kömek edere. Uýalýaň, baryna göz ýumýanyňdan, Gelýän habarlara, gulagym dykýan. Ertire, nä umyt kimler janyndan... ... Özüme bakýan. -Ýüregňe batyryp jadyly periň, Dünýäň derdi bilen oda ýanýarsyň. Ynsanlyk namyna bar edýän zadyň, Goşgy ýazýarsyň. © Süleýman TEKÄÝEW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |