TÜRKMEN EDEBIÝATY


15:59
Hiç gitmejek ýalydyň

HIÇ GITMEJEK ÝALYDYŇ-LA...

Sümbül saçy bürme-bürme,
Garlawaç gaşyňda sürme,
Sensiz maňa ömür türme,
Ýüregimiň ýarydyla ,
Sen gitmejek ýalydyň-la!

Ýaşlygymy gurban edip,
Galdym ýene arman edip,
Täze ýola perman edip,
Terk etmejek ýalydyňla,
Sen gitmejek ýalydyň-la!

Seni küýsäpler mydama,
Keşbiň çekip hakydama,
Öwrülipler hak pidaňa,
Seň yşgyňda dälidimle,
Sen gitmejek ýalydyň-la!

Gelip toýdur ýaslarymda,
Gülüp kemi köstlerimde,
Kalbym ýakan dostlarymdeý,
Senem meni alladyňla,
Sen gitmejek ýalydyň-la!

Yşk dünýämi örtdi duman,
Aýralykda geçmez zaman,
Göwnümde galdyrman güman,
Meni ýüpsiz bagladyňla,
Sen gitmejek ýalydyň-la!

Uçar guşlar dolandylar,
Sowuk gyşlar dolandylar,
Duýgularmy dillendire,
Ýana-ýana agladymla,
Hiç gitmejek ýalydyň-la!

© Süleýman TEKÄÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 90 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Teg: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE