Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:39
Ömürjik... /hekaýamtyk

...Hemişekilerinden ir oýandy. Töweregi üçin, ony tanaýanlar üçin geňlikdi. Ol bu gün gerinmedi hem. Toýa, özem öz toýuna taýynlyk görýän ýalydy bolşy. Hemişe bulam-bujar edip turup gidýärdi, a bu gün emaý bilen, usullyk bilen, juda tertiplilik bilen ýorgan-düşegini ýygnady. Indi bir aýdyr, ýatanda gapdalynda saklaýan gülgüne gyz ýaglygyny üýtgeşik bir mähir bilen sypady. Birenaýy ýylgyrdy. Bu ýylgyryşda kän-kän ýatlamalaryň, kän-kän arzuw-hyýallaryň ýatandygyny bilmek üçin oňa azajyk beletlilik ýeterlikdi. Beýleräginde ýatan portfelini eline aldy. Ony açyp, kimdir birleriniň suratlaryny çykardy. Gözüniň alnynda, ine, birnäçe adamyň keşbi dur suratlara siňen. Her suraty eline alanda ýüzünde üp-üýtgeşik duýgular peýda boldy. Hem ýylgyrdy, hem bozuldy. Içinde, ho-ol içiniň bir künjeginde düşündirip bolmaýan titremeler döredi. Galpyldady... Birdenem hasyr-husur suratlary ýygnady-da, adaty däl hereketleri bilen mübtela boldy. Otagyndaky çalam-çaş bolup ýatan eşiklerini tertipläp başlady. Asgyçdan asmalylaryny asdy, epläp goýmalylaryny epledi. Ýöne, näme üçindir, ýuwmalylaryna, ütüklemelilerine üns bermedi. Olary hem edil bolmaly ýerlerindäki ýaly ýerlerde ýerleşdirdi. Eline bir ýazylyp gutarylmadyk ýandepderçäni aldy. Agdaryşdyrdy. Käbir sahypalarda ýylgyrdy, käbir sahypalarynda azajyk gussa batdy. Ony hem emaý bilen ýerinde goýdy-da, portfelindäki suratlara ýene elini uzatdy, özem bialaç... Otagyndaky işlerini tamamladym etdi-de, aşaky gata düşdi, maşgalasyndakylaryň öýde bolanlary bilen salamlaşdy, özem adaty däl duýgy bilen. Öýde dällerine hem gaýybana salam berdi, salam aldy...
Hammama girdi. Ömrüne namaz okamadyk, şonuň üçin täret hem almadyk halyna, bir kemini goýman täret aldy...
Ertirlik naharyny edinmedi. Iň gowy görýän eşiklerini geýdi: iň gowy görýän köýnegini, penjegini geýdi, iň gowy görýän galstugyny dakyndy. Atyr sepindi. Birkemsiz taýyn boldy köpe çykmaga. Çykdy. Ýürekdeşdir öýdýänleriniň ýanyna bardy, adaty gümür-ýamyr etdi. Ýöne hoşlaşanynda welin, üýtgeşik bir duýgular bilen hoşlaşdy. Gün öýle boldy. Hemişeki gelýän naharhanasyna geldi. Ýene, adatdakylar ýaly, nahar iýmedi, kofe içdi, köp içdi. Heziller edip çilim çekdi. Iňrik garaldy. Öýlerine gelip, agşamlyk naharyny iýdi ýakynlarynyň KÄBIRI bilen. Öz otagyna geçdi. Iň bir tämiz eşiklerini geýdi we birnäçe wagtdan bäri peýläp ýören ýerine ugrady...

...Ertesi ony iň bir gowy sözler, ýatlamalar bilen soňky ýoluna ugratdylar. Şeýdibem birnäçe Arzuwlar, Umytlar, Hyýallar eýesiz galdy...

Sapa Hommadow
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 120 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Sapa Hommadow | Рейтинг: 3.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 Мango • 14:57, 09.10.2023
"Ömrüne namaz okamadyk, şonuň üçin täret hem almadyk halyna, bir kemini goýman täret aldy..."

öň täret almadyk halyna, täret almagyň düzgünlerini bilmän nädip "kemini goýman täret aldyka?"

"...özüçe täret aldy" diýilende näderdi?

---

araky ýogalan şahyr oglan ýada düşdi...
geçen ýakynlary bilen suratlar üsti kontakta girip, olaryň tarapyna gidäýdimi?
gynançly.
avatar
0
2 Pegas • 15:17, 09.10.2023
Onuň öň täret almadygy täret almagy bilmeýänligini aňladýan däldir-le, agam)
avatar
1
3 Мango • 16:05, 09.10.2023
özüň diýip duň-a "Ömrüne namaz okamadyk, şonuň üçin täret hem almadyk halyna..." diýip. ömrüne namaz okamandyr we "şonuň üçin täret hem" almandyr... ýa gerek bolar diýip täret almagy öwrendimikä? ulanmaýan zadyňy ýatda tutmagam kyn. täretiňem öz tertibi bar.

ýeri bor-la.
ilkinji hekaýamtygyň eken.
yzy gür gelsin. üstünlik saňa.
(dilime aldygym däl, ýöne ol iki ýyzzyl mendendir :-))
avatar
1
4 Pegas • 00:07, 10.10.2023
Siz ýene düşünmediňiz öýdýän. Bar ahyry, bilibem, öwrenibem, amal etmeýän adamlar. Лично özüm-ä şeýle: bilýän, ýöne köp zady ýerine ýetiremok.
avatar
0
5 Myhman1185 • 09:57, 11.10.2023
Ömrüne täret almadyk bolsa, gusul almaly eken-dä pahyr.

Häk näbileỳin-dä, Rahman, Rahym, Kerim, Gafur, Halim... bolan Allahdan umyt kesilmez-le wellness, "tãretli geläýdiñmi, inim" diyip, jennediñ törüne geçirmejeklerem belli.

Aýdỳanlarym durmuşyna şutkadyr. Gaşymyzyñ myşsasyna agram salyp oturmalyñ, ýañagymyzyñ myşsasyny işledeliñ. Ine şeýle :-)
avatar
0
6 Pero • 10:02, 11.10.2023
Ol oyananda bir karar bilen oyanypdyr,diýmek. Bu dünýäden o dünýä geçeñde arassa - tãretli bolmalydygyna akyly ỳetỳän adam näme üçin öz janyña kast etmegiñ uly günädigine akyl ýetirmeýärkä??? Onsoñam öz janyna kast eden köp adamlaryñ hossarlary bn gürrüñdeṣ bolup gördüm. Olaryñ aýtmagyna göra beýle adamlar öz akylynda bolmaýar,ýagny gara düṣỳär yzyna,ýa arwah-jyn girýär içine. Ýene bir zat özüni pessejik ýerden asybam jan berenler bar. Ýa-da beýik ýerden assa-da aýagyndan ṣlÿopkasy gaçmadyklar bar. Adam jan howluna tipirdär,titrär ṣlýopkasy gaçar. A olarda beyle zat yok. Diýjek bolýanym özüne kast edýänler özi bilmezden edýän bolsa näme üçin uly günä bolýarka? Sorag kän. Yzyna gara düṣüp açylan adamlaram bar elbetde. Olaryñ utan tarapy birine ýagdaýyny düṣündirýär,olam ony molla okadýar ya psihologa görkezýär. Garaz ṣeýleräk...
avatar
0
7 Myhman1185 • 10:45, 11.10.2023
Hossarlar aýdyberýä, sebäbi merhumy aklaslary gelýä. Jyn-pyn musallat bolup, soñy ýañky yaly gutaryanlaram yok däldir. Olaram gowşak kişilere yapyşya. Gowşan wagtyñy peyleyä. Ýöne, osnownoy, psihiki yagday sebäpli bolya bu işler. O yagdayyñam kääään görnüşi bar. Protesto, meñki gutardy, maña zat diymäň, şantaž, jeza...

"Protestoçylar", köplenç, suw garylan uksus içýäler. Ýöne bir maşgala bardy, görgüliler, ikisi protesto etmek üçin "gitdiler". Gürrüñ beremde-de gybat bolup durasy ýok - hiç kim tananok, telefonda yazma kyn.

"Meñki gutardyçylaram" kän. Bulañ ayry-ayry görnüşleri bar. Iñ köpi özüniñ ya yakynynyñ eden işi üçin halkdan utanyanlar. Arasynda, yokarky hekaya(mtyk)daky yaly, "onsuz oñmayançylaram" "meñki gutardyçylara" degişli.
avatar
0
8 Myhman1185 • 10:49, 11.10.2023
Aslynda sabyr hakynda yazmakdy niyetim. O hakda bir sözem aytmandyryn, indi nätsemkäm, gowusy gidip 1 m ýüp gözläyin.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203