23:57 Men guran taraşa peýdasyz, nepsiz... | |
Men guran taraşa peýdasyz, nepsiz Gerekmejek ýerde keserlip ýatan. "Bu dünýede gerekmejek zat ýokdur" Şeý diýip, maslahat bererdi Atam. Taraşa bolsam-da kimdir bir kişi, Ýakmak üçin ojagyna ulanar. Men şonda özümi oda uraryn, Belki mährim öýüñ için ýyladar. Ýa agaç ussasy ele alarda, Pinokio ýaly ýasanar gurjak. Aşa pide bolsam, bag-bakjalara, Iýmitlik üçin dökünä boljak. Däl ahyryn, köçeden köçä oklanan, Ýöne bir hereketsiz taraşa Gyş gelse bölekläp dykarlar peje, Ýöne umydymy ýitirdim aşa. Emmasy bar, Ornumda alowlaýar gaz... © Remezan Mämetgurbanow | |
|
Ähli teswirler: 0 | |