21:58 Men hakyky ýürekdeşe garaşjak | |
MEN HAKYKY ÝÜREKDEŞE GARAŞJAK Ýene geleñsizlik golun bulaýar, Erkimiñ ýüpüni goýberdi ellem, Pikirleñ atyzny şor alan ýaly, Dereksiz zatlara agyrýar kelle. Ýylysy ýok, ýakymy ýok durmuşyñ, Men buzlary ýorgan edip ýapynýan, Derdimi, halymy sorama , dostjan, Soñky wagt şowsuzlykdan bukulýan. Ah-eý men guraýyn, men şol ýelýürek, Täleý bilen tersleşen telbe men, Geljek hakda eden ähli arzuwlam, Bagtymyñ ters tarapyna ýelmenen. Ömür geçýär, bilmen haçan soñlanar, Ýapraklary gurap barýar bagymyñ, Hany men?, hany sen?, tapamok heniz, Bukjak bolýan saçlarymyñ çalyny. Ýalñyzlygyñ gurrasy ýok, tebip ýok, Menzillerem ýetdirerden alysda, Maña ýakyn gelmäñ ýürekdeşsyrap, Men hakyky ýürekdeşe garaşjak. Şatlyk mukamyny çalýan sazanda!, Şu gün bir meñ üçin ýañlansyn owaz, Düzüw okaýanlar okasyn doga, Hyýallarym bilen ruhymy dolap, Äkidiñ müdümi, iteriñ gowa. Öli ýaly ýaşap ýören diri kän, Ol barybir maña meñzeş biri däl... © Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |