22:29 Men “Instagram”-dan geýinýän… | |
Häzirki döwürde mahabat şeýle bir ösdi. Ony şeýle bir nepis işlediler welin, ol hatda göze görünmän bize täsir edýär. Biziň egnimizdäki eşigimiz, iýýän mesge ýagymyzdyr şöhlatymyz, içýän çaýymyzdyr kofemiz, hatda sepinýän duhilerimiz hem öz islegimiz bilen saýlanmadyk. Olaryň ählisi mahabatyň täsiri. Eger şeýle bolmasa, onda biz entek başlanmadyk gyş paslynda haýsy paltonyň ýa ädigiň moda boljakdygyny nädip bileli? Ony bilmek üçin internete göz aýlamak ýeterlik diýýäňizmi? Menem şol hakynda aýdýan! Pylanynyň, meselem, aýdaly, siziň halaýan aýdymçyňyzyň “Instagram” sahypasynda onuň haýsydyr bir egin-eşik magazinine girip, özüne palto alýan wideosy bar. Sizem ony gördüňiz. Eger siz palto almaly bolsaňyz şony alarsyňyz. Ynamsyzlyk bilen “ýok-la” diýmäň, nesip bolsa, şeýdersiňiz. Ine, dek düýn diýen ýaly bolup geçen ýagdaý: aýdymçy Amaliýa “Berkarara” gidip “miu-miu”-dan alan köwüşlerini ýekän-ýekän görkezip wideo paýlaşdy. Şol wideodan soň meniň işdeş gelnim gidip, ýörite “miu-miu”-dan köwüş alyp geldi. Tanamaýanlarymdanam şeýdenler kändir. Işdeş gelnimiň dagy, köwüş alma hyýaly-da ýokdy. Ähli zat şol wideonyň netijesi. Aslynda ýörite režissýor ýa operator tarapyndan alynmadyk bolsa-da, şowly çykan mahabat. Ýogsa, “Berkararda” şol “miu-miu”-nyň köwüşleri ozal hem bardy. Meniň işdeş gelnimem şol köwüşleriň deňinden näçe gezek geçibem gidendir… TV-de meşhur artistleriň, owadan modelleriň gatnaşmagynda mahabatlandyrylýan harytlaryň geçginliligi internetdäkiler ýaly däl. “Adamlar TV-ä tomaşa etmäge wagt tapýan däldirler” diýjek bolýaňyzmy? Internete girip, “Instagram” sahypalary yzarlap oturmak üçin wagt gerek dälmi nä?! Ýok, bu ýerde başga bir mesele bar. Biz ol meşhur artistleri, owadan modelleri diňe TV-de görýäris. Amaliýany bolsa, toý-tomaşa-da hem görüp bilýäris. Üstesine-de, ony halap diňleýäris. Ondanam beteri ony köp kişi toýa çagyrýar. Ýaşlaryň tas barysy Amaliýany öz toýlarynda aýtdyryp bilseler armanlary ýok. Onsoň onuň geýýän köwşi ýaly köwüş geýseň, armanyň näme? Egin-eşik bilen oňşarys, iýýän zadymyzam şeýle usula geçdi diýsem, ylalaşmarsyňyzmy? Aýdymçylaryň paýlaşýan kofelerini, naharlaryny görenimizde bada-bat kofeniň adyny, naharlary dostawka eden kafeniň salgysynam belläp ýetişýäs. Adamçylyk, birden dynç güni kafe gidip bolsa, şoňa gidip naharlanarys. A edil, öýüň gapdalyndaky gül ýaly kafe näme? Aý, ýok. Ondan, meselem, aýdymçy @selbi_t dostawka etdirenok ahyry. Bolýa, bu hälki “Instagram”-yň çägindäki ýagdaý diýeli. Ýöne bu ýyl gyş däl-de, indiki ýyl ýazda geýil(meli)jek egin-eşikleri hödürleýän dünýä moda hepdeliklerine näme diýersiň? Brendler nädip, ony öňünden bilip, kesgitläp bilýärlerkä? Birden olaryň hödürleýän eşikleri alynmasa, geýilmese, olar maddy taýdan batyp galmajakmyka? Biziň bu aladalarymyz olar üçin gülkünç. Sebäbi olaryň hödürleýän eşiklerini eýýäm pully adamlar alyp, «indiki ýazda geýerin» diýip, ýörite asgyçda şifonerinden asyp hem goýdular. Indi aljak bolsagam, olaryň bize galan däl bolmagam mümkin. Brendler öz edýän işleriniň girdejisinden aladalanmaýandyklary üçin trendwotçerlere minnetdar bolmaly. Trendwotçer (trendwatcher) – iňlis dilinden alynma bolup, trendleri öwrenýän, şeýle heme gelejegiň trendlerini çaklamaga synanyşýan adamdyr. Trendwotçerler ýörite täze trendleri tapmak bilen meşgullanýan adamlar bolup, olar köpçüligiň, esasanam, ýaşlaryň üýşýän ýerine baryp, olaryň häzirki wagtda eşik geýişlerini yzarlaýarlar. Meselem, olar ýeňleriniň uzyn bolup, olara päsgel berýäni üçin ýeňlerini çermäpdirlermi ýa-da jalbarlarynyň gonjy ýokary çekilenmi? Gyzlar köýneklerini uzyn görüp, billerine gysdyrypdyrlarmy? Trendwotçerler şuňa meňzeş ownujak hereketleri yzarlap, häzirki wagtda eşik nähili we ony nähili edeniňde has rahat hem gelşikli edip boljakdygyny çaklaýarlar. Aslynda dyzy ýyrtyk jalbarlaram, tirsegi süzük kostýumlaram şeýle yzarlanmalaryň netijesinde emele gelen trendler ahyry. Gyzlaryň birki ýyl bäri köýneklerini topukdan has ýokarda geýýändiklerine-de üns berdiňizmi? O-da trendwotçerleriň yhlasy. Başda-da aýdyşymyz ýaly, biz häzirki wagtda öz geýjek, iýjek zadymyz üçin doly jogap beremzok. Elimizde pul bolsa, aýaklarymyz “Instagram”-da waspy edilýän söwda merkezine ýa kafelere tarap çekip dur. Muňa erbet ýagdaý hem diýip bolmaz. Bu ýagdaý bize, iň bolmanda, wagt tygşytlamaga, ýyldyzlarça geýinmäge-hä mümkinçilik berýär. Üstesine-de, bize bilniksizden mahabat edýän adamlar hem köpler tarapyndan hormatlanylýan, hatda durmuş meselelerinde hem sorag ýüze çyksa jogap gözlenip, sahypalaryna barylýan şahsyýetler. Onsoň, olar bize garaçynlary bilen durmuş maslahatyny berip bilýärkäler, haýsydyr bir köwüş ýa kafe meselesinde hem ýalňyşdyraýaslary ýok-la… Selbi Selimowa | |
|
Ähli teswirler: 11 | |
| |