Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:49
Men Yşk ekenim

MEN YŞK EKENIM

Bir zat,
bir zatlar samradyñ öz diliñde..
Düşünen ýalydym,
düșmăn ekenim.
Entek du:şman ekenim
yșka düșmän ekeniñ...

Waahh,
Hakyt sen maña dușma:n ekeniñ,
Ölügsije yş ekeniñ, Yşk däl ekeniñ..
Soñra boluşyña puşman çekeniñ
paşman ekeni.

Köýerimden heder edip,
Ahyr seni öz yșkyma
köýdürip, gara ört edip,
külüñi sowuryp,
uçuryp düșüren yerim -
-Uçmah ekeni...

Wadaryg-a,
Sen Söýgi ekeniñ..
Men Yșk ekenim..

© NURDAN

"Nesil" 2022ý
Görülen: 138 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
1
1 Bagabat • 15:23, 11.03.2023
Geň goşgy.
Ilki bilen-ä "ş" sesini "ç" sesiniň aýdylandaky "ş" ýakyn sesi bilen gatyşdyryp-garyşdyryp şeýlebir oýnadýar welin, içiňden gaýtalap-hetjikläp heziller edýäň.
Onsoň "duşmazlyk" bilen "duşman" aňlatmasynyň oýnadylan bolşam enaýy.
Umuman bu goşgyň tutuş äheňi täsin.
Meniň-ä pikirim: Özüne laýyk sazy ýetenok. Taýynjak aýdym.
Azazyl lagnat daşyna hem gargyşyň otly taganyna sezewar edilip, gara-köýük edilip, behiştden dowzaha kowulýar (gaçyrylýar), bu ýerde bolsa liriki gahrymanyň yşgyna "köýdürilip, gara-ört edilen" liriki magşuk, tersine uçmaha düşýar.
Logika ters gelýämi?
Men-ä: "ýok" diýýän.
Sebäbi jennet näme üçin bendesine bagyş edilýär?
Bu dünýäde bitiren ýagşy işleri, şol sanda çeken halal ezýeti üçinem.
Ezýetiňem halaly-haramy barmy?
Elbetde.
Birewe nähak zelel ýetirmek üçin, pidullygyň zerarly ezýet çekseň ol jebir halal bolup bilermi?
Keselçilikden, musulman bendesini halas etmek üçin, gark bolan, ýangyna sezewar bolan we ş.m. şehitleriň bolsa jaýynyň soragsyz jennetdigi ykrar edilýär.
Diýmek bu goşgudaky liriki magşugam halal ezýet çekýän bolýa. Sebäbi ol päk yşga köýýär.
Goşgyň mazmunyndaky çylşyrymlylyk bolsa, edil ýörite bulaşdyrylan sapak ýaly söklemeli.

Harp ýalňyşlyklary:

1.yalydym - ýalydym;
2.Köyerimden - Köýerimden;
3.köydürip - köýdürip;
4.yerim - ýerim;
5.Wadaryg-a - Wadaryga;
6.Söygi - Söýgi.

Gowy.
Höwri köp bolsun.
Kitapçy.ru saýtynda Aýsapar Emelowanyň "Meniň bir..." atly goşgusyna modern goşgy bilen konserwatiw goşgy formalary hakda pikirlerimi ýazypdym. Şol pikirler umumylykda şu goşga-da doly degişli diýip hasap edýän.
avatar
2
2 Medicall • 15:40, 11.03.2023
Bagyşlarsyñyz Serdar Aga, Aýsaparyñ goşgusyny düýn @Mango paýlaşypdy şu salgyda:
Meniň bir... - 9 Марта 2023 - EDEBIÝAT KAFESI
https://edebiyat.clan.su/news/menin_bir/2023-03-09-712
avatar
1
3 Bagabat • 15:45, 11.03.2023
Indi okadym, @Nurdan. Görmändirin.
avatar
1
4 Medicall • 15:50, 11.03.2023
Sagboluñ, Alla ýalkasyn!

Türkmen diline men ý diýip bilmeýän ekenim bolmaly :D

Gazetda beýle däldir, başda ýazan wagtym teliñ zametkasyna ýazypdym, şol wagt klawiş oñman ýördi-de, bu wagtam üns bermän goýupdyryn şonda kompa geçirip goýanymy.

Belligiñize Köp sagboluñ!
avatar
0
5 Bagabat • 16:03, 11.03.2023
"Köpbilmişsireýä" diýme, ýöne gazetdäki görnüşi:

SEN SÖÝGI EKENIŇ

Bir zat,
bir zatlar samradyň öz diliňde...
Düşünen ýalydym,
düşmän ekenim.
Entek duşman ekenim,
yşka düşmän ekeniň...

Wa-ahh,
Hakyt, sen maňa duşman ekeniň.
Ölügsije yş ekeniň, yşk däl ekeniň...
Soňra boluşyňa puşman çekeniň
paşman ekeni.

Köýerimden heder edip,
Ahyr seni öz yşkyma köýdürip,
garaört edip bişiräge-de,
külüňi sowuryp, uçuryp
düşüren ýerim uçmah ekeni...

Wadaryg-a,
Sen söýgi ekeniň...
Men yşk ekenim...

"Wadaryg-a" diýen jümle, dogry ekeni. Bu ýerde söze basym bermek üçin "a" harpyny kese çyzyk bilen aýratynlaşdyrylyp ýazylypdyr.
Keçiresiz.
Birinji teswirdäki 5-nji belligim ýalňyş.
avatar
0
6 Bagabat • 16:07, 11.03.2023
Gazetdäkileriň hemmesem gowy. "Ene", "Hanha, deňiz", "Ýapraklaryň gelnalyjysy"... Öň hemmesinem saýtlarda okadym. Ýöne çap edilen görnüşde näme üçindir gözüňe has üýtgeşik yssy görünýär.
Äý şü kagyza ýazylan ýazgyda özboluşly bir jady bar-ow!

Şu aşakdakyny öňem birnäçe sapar okapdym.

He-eý,
ömrüm, ömrüm...
Ýanmankak öçmäli,
Bihuda geçmäli!

Kynçylyga bermäli ýan,
egşäp, müzzerilip,
iňňildäp ýörmäli, hoşmy?!
Owadan bolaly,
göýäki gözel goşgy.

Bir gymmatlyk bar,
Ezelden peşgeş ynsana:
Şoň bilen hemdem bolupjyk,
«Göwnümiziň göwünjigin» unudyp,
Her gün, her dem
Haýyr işiň ugrunda
Mansur bolaly.

Bir gezek bolup mediwany,
Görnüşhana gelen
ötegçidigmizi unutmany,
sen meni,
men seni uýaldyrmany,
Bezäli menzilmizi, ýagşymy?!
...Gül ömrüm, eziz ömrüm!
avatar
1
7 Medicall • 16:10, 11.03.2023
Wii śol bişirýãnçi ýerimi ýañy şu ýerde goýjak bolamda aýyrdym, öñki olara ugradan wariantymda bardy, indem okap diydim: beýdip bişirip onam kösäp, özümem kösenip oturmaýynda şony, gõni külüni sowry:p ugradaýyn diýip, bişirmäge ýaltanyp bişirýänçi ýerini aýyryp goýdum:)
avatar
1
8 Medicall • 16:24, 11.03.2023
Hawa, bular ugradyşym ýaly çykarylan, adynam ýañy goýjak bolanymda üýtgedip goýdum:)

Gaty dogry belleýãñiz, kitaplary hem kagyzda okañda lezzeti başga. Ýöne telefonda okanyñdan komp-da okanyñ hem gowy. Ondanam çapdan çykan kagyzda okanyñ lezzeti, saglyga täsiri has başgaça-la.
avatar
0
9 Bagabat • 17:26, 11.03.2023
Obamyzda kempirinden jyny pes gelýänräk ýaşulularyň biri, keýwanysy eşitmeýänräk ýerde, köplenç:
-Äý-how, şü-how, ganymyň aýal bolmasyn-how! Duranja ýeriňde ýakaýjaklar-ow!-diýip hüňürdärdi, bende :-).
Nämüçin beý diýýädi?
Alla bilsin.
Ýogsa oň başdaşy-ýeňňemiz, o bendäni otlajak bolup üstüne byzzyn sepip, otluçöp çakyp duranyna-ha aramyzda görenimiz ýo: :-).
avatar
1
10 Mekan • 18:00, 11.03.2023
Maladis, oñatja goşgy bolupdyr.

Liriki gahrymanyñ ýüzlenýäni janly bende däl-de, duýgy bolsun gerek.

Men bende goşga düşünemok-da, şu bende-de düşünmedim.

Köýerimden heder edip,
Ahyr seni öz yșkyma
köýdürip, gara ört edip,
külüñi sowuryp,
uçuryp düșüren yerim -
--Uçmah ekeni...
avatar
1
11 Bagabat • 18:11, 11.03.2023
Köpbilmişsiräýin. Geçiň öň aýagysyraýyn :-).
@myhmanstilde (öz düşünişime görä), şu topbagy düşündirmäge synanyşaýyn:

1.liriki gahryman özi aşyk bolup, söýülmän, aldanyp "köýüp" galmakdan elheder alýa;

2.emma onda-da aşyk bolýa-da, özüniň aşyk bolmakdan elheder alýan hyýaly "magşugynam" özüne aşyk edip, ony öz lowlap ýanýan duýgusy bilen çowlap "köýdürip", "gara-ört edip" külüni sowurýar.

3.kösenjiniň hatyrasyna, duýgy oduna gowrulan hyýaly "magşuk" jennete düşýär. Jennet şol jennetmi ýa-da dertden gutulyp, zemini rahatlyga ýetmek?

4.şahyrana gahrymanyň "wadaryga" diýip perýat etmesi bolsa, ol aşyk bolmajak bolup aşyk bolýar, kösenmejek bolup kösenýär, köýmejek bolup köýýär. Sebäbem, aýny wagtynda hyýaly magşugynyň-a "söýgüdigine" özüniňem "yşkdygyna", ýagny ikisiniňem şol bir bütewiligiň şol bir aňlatmasydygyna düşünmeýär, akyl ýetirmeýär. Netijesem, ýanmak, köýmek.

Bellik: Ýöne bu düşünje, "pynhan magny tirensirän" bolmak obýektiwlikden daşdaky subýektiwlikdir. Mundan galanynam "dinozawr ekgäň özi ýahşi biledi".
avatar
1
12 Мango • 18:57, 11.03.2023
gowy goşgy, ýazylyşam, tehnikasam...

Wadaryg-a,
Sen Söýgi ekeniñ..
Men Yșk ekenim..

Yşk (aşk) näme Söýgi näme?
tapawutlary barmy?
şonam bilmeli bolup du.
awtor hanym goşgusynda umuman "yşk" barada agzap geçýär:
1) Entek ... yșka düșmän ekeniñ...
2) Ölügsije yş ekeniñ, Yşk däl ekeniñ..
3) ...seni öz yșkyma köýdürip...

..diýýä, diýýä...yşk diýýär ahyram, ýalňyşyny boýun alýan ýaly: (sen yşk däl ekeniň) Sen Söýgi ekeniñ. Men Yșk ekenim -diýýär.
"söýgini" jemlemede agzaýar.

indi sorag: Yşk (aşk) näme Söýgi näme? Tapawudy näme?
gysgaça AŞYKLYK tanamazdan bolup biler, emma SÖÝGI diňe tananyňdan soň bolar diýýä gugul daýy...
(Bir insanı sevebilmeniz için onu tanımanız gerekir, aşık olmak için tanımanız gerekmez. Bu yönüyle bakıldığında aşk tehlikeli sularda yüzmeye benzer. Sevgi ise fırtınalara hazırlıklı güvenli bir limandır).

bu zatlardan soň Awtor hanym "men näme diýjek boldumkam?" diýip pikire çümüpdir diýýä... :-)

Sen söýgi ekeniň...
Men yşk ekenim...

men ýakyp-ýykyjy, hiç zat tanamaz duýgy YŞK ekenim,
(köýdürip, gara ört edip, külüni sowuryşyndanam belli) sen bolsa SÖÝGI ekeniň...
entegem giç däl. Yşk Söýgä öwrülip biler...

minnetdar we üstünlikler.
avatar
0
13 ibrahimbadakhshan • 03:10, 14.03.2023
Gowy goşýan ekeniň!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203