Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:52
Gutlaýarys


Salam, hormatly awtorlar, okyjylar, myhmanlar! Siziñ ähliñizi ýetip gelen 2024-nji luw ýyly bilen ýürekden gutlaýarys. Size maşgala abatlygy, ýurt parahatlygy, dünýäñ rahatlygy bilen ýyllaryñyz haýyrly, bereketli, düşümli bolsun! Döredijilik üstünlikleri, işde we durmuşda şowlulyk, rowaçlyk hemrañyz bolsun! Täze ýyl täze, täze üstünlikler getirsin!
Iñ gowy arzuwlar bilen Edebiýat Kafesiniñ administrasiýasy
Bölümler: Dowam edeliñmi?! | Görülen: 133 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 4.8/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 15
avatar
3
1 Küle • 00:01, 01.01.2024
Täze ýyly nobatçylykda garşylaýanyma partlabilmesemem şu ýerde - jemgyýetimiziň iň bir edebiýatsöýer, kitaphon we Hakdan içen zehinli adamlarynyň rasynda garşylaýanyma begenýän. Düşümli ýyl bolsun! Uzyndan uzyn ctrl+c-v gutlaglary halamok. Так что, GUTLAÝAN.
avatar
1
2 Küle • 00:02, 01.01.2024
Täze ýylyň ilkinji kommentem menden.
avatar
1
3 Bagty • 00:09, 01.01.2024
Täze ýyl gutly düşümli ýyl bolsun! Luw ýyly size we maşgalaňyza egsilmez bagt, bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp şatlykly pursatlary, ornuny öýke-kinä gahar-gazaba bermejek söýgini, depseň deprenmejek yralasaň dökülüp saçylyp tükenmejek rysgaly , baýlyk bilen gazanyp bolmajak agzybirligi, tümlüge bürenmejek ak ykbal ýollaryny hiç bir wagtyňyzy girewine almadan peşgeş bersin!2024- ýüregiňizde besläp, gursagyňyzda kemal tapyp wysal bolaryna garaşýan arzuwlaryňyzyň hasyl bolýan ýyly bolsun!
avatar
2
4 Medicall • 03:06, 01.01.2024
Umyt, arzuwlaryñyza sagboluñ doganjan, üstünlikli, haýyrly ýyl bolsun!

täze ýyldan öñki gün gijesi nobatçylykda bolmagam iç gysgynç bolyakeni. Menem dûyn gije nobatçylykda bolup patlamakdan sayt ünsümi sowdy biraz, sag aman işläñ))
avatar
0
5 Medicall • 03:09, 01.01.2024
Sagbol boýdaşym, galamyñ ýiti, ylhamyñ joşgunly bolsun!
avatar
0
6 Medicall • 03:11, 01.01.2024
Bu ýyl has uly işleri, ajaýyp eserleri ýazjakdygyña yşarat şeýle bolmagy))
avatar
0
7 Küle • 07:43, 01.01.2024
Minnetdar
avatar
1
8 Kyyas • 09:22, 01.01.2024
Ilkinji ädimiñiz ilkinji eken gowy niýetleriñiz, arzuwlaryñyz gögerip, hasyl bermegi hem çalt bolsun!
avatar
1
9 Arzuw_Umydow • 09:48, 01.01.2024
Ähliñizi Täze ýyl bilen gutlap, Täze ýylda täze-täze döredijilik we iş üstünliklerini arzuwlaýaryn! Mydama janyñyz sag, keýpiñiz çag bolsun!
avatar
1
10 Medicall • 13:11, 01.01.2024
Şu posty açanymda täze ýylyñ ilkinji teswirini kim ýazsa şoñ saýtdaky rang ýokarlandyrjak ( çin berjek) , kim ilkinji post açsa oña-da ýokary general çin garaşýar diýip niýet edipdim hormatly awtorlar üçin öz ýanymdan Edebiýat Kafedan Täze ýyl sowgady diýip.

Şu gutlaga goşulyp kommentariýa ilkinji goýan:

Umyt Küle (polkownik çini)

Bagty ( maýor çini)

Kyýas leýtenant çini

Arzuw Umydow (leýtenant çini)
bilen sylaglanýarlar:)))

(sylaglaryñyz gutly, düşümli, höwri köp bolup realda-da üstünlikler arzuw edýärin,
gelip, okap goşulasy gelmedik mähribanlar, size-de iñ gowy arzuwlar, durmuşda üstünlikler, ähliñize ykbal gülüp baksyn, ýüregiñizdäki ajaýyp arzuwlañyza ýetirýan ýyl bolsun!
avatar
0
11 janjennet • 18:57, 01.01.2024
menem, ilkinji bolup post açaýyn dp niýetlenipdim de, soňam irgözünden ýatypdyryn. Otyrybermeli ekenim diýdim:D
avatar
0
12 Мango • 20:51, 01.01.2024
osoň samsyk sorag kellä gelýo.
bu ýylky balyk ýyly nähili balyk ýylyka?
edil kakadylan balyk ýyla däldir enşalla...
akwariumly balyk ýylymyka?
deňizli balyk ýylymyka?
(deňizem apasnyý. her hilisi bar. kit diýdi, ýene bir gör diýdi...)
ýa akwariumy giňiräk balyk ýylymyka?
avatar
1
13 Medicall • 22:13, 01.01.2024
Niýet edeniñiz üçin sizi-de leýtenant çini bilen hormatlaýarys onda jigim:)
avatar
0
14 Pero • 22:14, 01.01.2024
Bagtly boluñ!
avatar
0
15 janjennet • 01:06, 02.01.2024
mahjup oldum diýýämi türkler sagboluň sylagňyza. (çes berip duran türkmen köýnekli gyzyň smaýligi:))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203