Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:08
Mangonyň terjimehaly..
Surat: © Loran Folko

MANGONYŇ TERJIMEHALY..

MANGO – adyny gadymy hindi rowaýatyndan gelip çykan hasaplaýarlar. Şiwa Hudaýy öz söýgülisiniň göwnüni galkyndyrmak maksady bilen onuň şanyna bir agaç ösdürip ýetişdirýar. Bu agaçdan alnan miwe “miweleriň hudaýy” diýllip atlandyrylýar.

Asly Hindistandan, Birma, Andaman adalaryndan(flippin) bolan, hemişe gök öwsüp oturan tropiki agajyň miwesi mango özüniň ýokary peýdaly täsiri netijesinde “ miweleriň şasy” adyna hem eýedir.

Mangonyň esasy peýdaly tarapy bedeniň ir garramagynyň öňüni almakda: derini nemlendirmekde, saglykly saklamakda, bedeni gurplandyrmakda, çeýelendirmekde, ýokumlar bilen baýlaşdyrmakda ýokary täsirlidir. (polifenol erkin radikallar hasabyna)

Ýagtylygy, ýylylygy halaýan tropiki ösümligiň miwesi bolan mangonyň beýleki ter miwe we bakja önümleriniñ köpüsinden aýratyn tarapy düzümindäki kaloriýasynyň ýokary bolmagydyr.
Ýagny kaloriýa täze miwelerde:

100gr – 46,00 kkal alma, armyt, erik...

100gr şetdaly - 41 kk

100 gr nar - 52,00kk

Üzüm 100gr = 60- 78 kk aralygy. (üzümiñ sortyna görä üýtgeýär)

Gök önümlerden:
100gr kelem- 28,00 kkal
100gr şugundyr-48,00kk
100gr käşir – 33,00 kkal
100gr sogan- 30,00 kk
Kädi, ýeralmasy, gawun-garpyz – 29,00 kk
Badamjan, kabaçok, bulgar burçy – 35,00 kk
Gök otlar – 45,00 kk

100 gr mango – 70,00 kk.( Beloklar 0,6 ýaglar-0,4 uglewodlar-11,8)


Düzümi: tiamin, kalsiý, demir, magniý, fosfor, kaliý ýaly ýokumlyklara baý bolan bu tropiki miwäni öý şertlerinde ösdürip ýetişdirseňiz, esasy bahar aýlarynda ýetirilen idegi bilen ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwsüp, örän datly tagamy, ýokumy bilen hojalygyňyzyň lezzetine hem bezegine öwrüler.


2002 – nji ýylda Hindistanda bolup geçen, ondan öň görülip eşidilmedik adaty däl hadysada ýagny, ýaşyl reňkli ýagan ýagyşda hem mangonyň tozgalarynyň bardygy anyklanypdyr.

Iň ýokary Agramy boýunça 1 – 2 kg-dan uly bolmaýan mangonyň agramyny kolumbiýaly fermerler 4,5 kg ýetirmegi başaryp Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giripdirler.

Maglumat Internet sahypalary esasynda taýýarlanyldy
Bölümler: "Jahanda näler görüner" | Görülen: 202 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/8
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
1
1 Мango • 23:35, 13.03.2023
öňem biri namaz okap durmyş.
ýanynda oturanlaram munuň waspyny edýämişler: tüweleme, namazy doly we düzgün okaýar, pylan-pysmydan... - diýip.
namazdaky dostumyzam namazda bolsa-da bir gulagy hoş gürrüňlerdemiş.
garaz, onuň gowja öwgüsi ýetipdir.
namazy bitirip: "entek meniň agzymyň beklidiginem bir bilsediňiz" -diýýýämiş.
***
entek meniň peýdaly miweligimden başga-da hat-pet ýazyp-pozup, surat çekip, aýdym aýdyp, tans edýänimem bir bilsediňiz.... :-)
***
terjimehalym üçin minnetdar Nurdan hanym.
avatar
2
2 Aygul • 11:18, 14.03.2023
Yrýa ýeri ýok eken...
avatar
2
3 Medicall • 16:28, 14.03.2023
Mangoñ surat çekmäge höwesekdigin-a öñem pikirlede ýazýanlaryndan añladyk, ýöne tans oýnaýanyny göz öñüne getirmek kyn boljak bolup dur bärde :)

-Mango kim?!
- ine terjimehalynjy çamalagy ýazylan.
- o ýazylana iýmitinji mango.
- olam iýmitda,
-goýsana gy-y, iýmitem bir ýazyp bilermi?
-ynanmasañ baryp göräý.
- Nireli ol, Niräk?
- Hindistanly! Hotak!
avatar
1
4 Bagabat • 17:23, 14.03.2023
"Mango" atly hekaýadan parça:

...mekdepde okadýannyrlar, garaz, goşgy-poşgy çyrşaşdyrýan bolsaň, özüňem bilýänsiň, adamyň bedeninde iýmiti, himiki elementleri iň köp sarp edýän agzasy – oň beýnisidir. Şo meýnem, has aktiw işlände dagy oň sarp edýän iýmiti ençe esse artýandyr. Döredijilik bolsa, mazgiňi işletmegiň ýokary derejedäki bir görnüşidir.
Şoň üçrib, senem mazgiň gowy işlärini, şoň netijesinde-de has depme-däli goşgy ýazyp başlaryňy isleseň, ilki bilen meýniňi yzygiderli iýmitlendirmäň najadyny tapgyň!
Şu ugurdanam men saňa, hemmelere mälim bolmadyk bir, ýaşyrynja maslahat bereýin!
Bilýäňmi, “mango” diýen bir miwe bar. Oňa bitýän ýurdunda: “miweleň patyşasy we danalygyň gözbaşy” diýýäler. Sebäbi oň düzüminde hut beýniň ägirt uly möçberde sarp edýän himiki elementleri bolan ýod, kaliý, kalsiý, magniý hem-de dürli witaminler ba!
Onsoň şol miweden helemek dürüşde (bilmeýän bolsaň, türkmençe: “kaktel” diýilýä) edinip içseň, seň beýniň turborežimde işläp başlar. Onnoň ol-a gowy goşgy ýazmak ekeni, birki hepdede Tolstoýyň “Doganlar Garamazylar”-danam galyň romany-da düňküldedip beýläňe oklap iberersiň!
Özüňem üns ber, eger-de men seni aldajak bolýan bolsamdym, onna: “birki hepdede” diýmän: “birki günde roman ýazarsyň” diýerdim. Ýöne, ýaňky sözlerim meň çypbakaý-çynymy aýdýandygymy subut edýär.
Özem, men saňa arzanjak, täzeje, terje mangony nireden elýeterli bahadan satyn almalydygynam dostlarça aýdaýyn: Teke bazaryna bararsyň. Azady köçesi tarapdaky ýerasty geçelgäň gapdalyndan girersiň. Girelgeden çepe sowul! Onsoň on ädim. Onsoň ýene-de ýokarylygyňa, ýagny günorta tarap, laýyjak otuz ädim. Onnoň şo taýda, ýaşy ellä ýetiberenem bolsa, henizem öz äriniň gözün-ä-hä peri-peýkere ýakynrak birzat bolup görünýän, “daýza” diýip ýüzlenmäge diliň barmajak gelneje, öňünde üýşürip, dürli-dümen miwe satyp oturandyr.
Ine şolaň arasynda-da birgiden, böwri gyrmyzy, ýeke gezek sereden badyňa iýesiňi getirip başlaýan mangolar üýşüp ýatandyr.
Adamlar heniz şo miweleň näderejede nähilidigine doly düşünmeýär. Şoň üçinem: “alma-salma” diýdi, “hurma-banan” diýdi, “nar-üzüm” diýdi, kellelerine taýak degen mal ýaly, şol bir endik eden miwelerini satyn alşyp, şeýlekin ajaýyp, miweleň soltany – iýmişleň danyşmendiniň ýüzüne-de seretmän ýörler!
Ýöne, sen bir ol akmaklar ýaly bolma, jan ji:m!
Özüňem täze şahyrçylyga başlan bolsaň, şo miwe tüýs geregi saňa!
Iýdigiň, göni, ertesi gün gaty erwet şahyr bolup taşlarsyň!
Ýazan goşgyňy dagy, haýsy klasdaşyň okasa, şolam seň ugruňda ser-sepile öwrülip galar! Onnoň, yzyňda wägirişip: “Waý öldüm, şo goşgyňy ýene-de birje sapam okamaga beräý-dä!” diýşip ýören meleklerden gaçma iş bor, saňa!
Muny men aýdýan saňa!
avatar
1
5 Bagabat • 17:24, 14.03.2023
Dowamy:

Özümiz-ä, hanha, öz döwrümizze şuň ýaly jadyly nazy-nygmatyň jahanda bardygynam bilmän, namut galypdyrys!
Ýetginjekkäk bar arzuwymyz kakamyza Täze ýylda işinden berilýän iküç kile mandarindi. Bananyňam şo, mangoňam. Ýeriň ýüzünne, gyş-a sogan-käşir bilen turp-şugunnyr-kärtişgeden başga, tomus-güýzem gawun-garpyz bilen erik-alma-şetdalydan özge miwe bitýännirem öýtmänniris!
Inni, inim, sen bir biziň ýalňyşymyzy gaýtalama!
Hut Zeminde şahyrlaň kömelek gögerene dönmegi üçin asmandan inen bü miweden dadyp bilmän, jahanyň ýüzünnen şü ýykylan körzehinligiň bilen ahmyrly ötüp gidämegin, birden!
Özüňem köşek, men saňa ýalan sözlemäýin! O miwäň bahasy, eýleki adaty iýmişlerden biraz galarakdyram welin, sen şonna-da oňa puluňy gysganma! Sebäbi şu gün öz körzehinligiňi, üzül-kesil bir demde, öz nikiňe laýyk hakdan içenlige öwürmäge çykaran wiçjik çykdajyň, ertirki gün saňa Nobel baýragynyň milýon dollary bolup gaýdyp geläýse, nädersiň, hä?!
Men-ä şü, imenno ýaňky gelnejeden, şo miwäň ep-eslije kilesini satyn alyp, ondan kaktel edinip içseň, hut şeýle boljagyna tüýs ýüregim bilen ynanýan!
Onna, ji:m, ýoluň-a ak bolsun, ýoldaşyňam Hak!
Alla işiňi oňuna etsin!
avatar
1
6 Pero • 21:25, 14.03.2023
Beee,Bagabat aga mangony köp iýýän bolmaly yazýan zatlaryndan çen tutsañ:)
Mango-ha mango iýmek geregem däl,sebäbi onuñ özi mango ahyry. Onuñam ýazýan zatlaryndan belli
avatar
1
7 Pero • 21:29, 14.03.2023
Eger-de ýerli miwelerden miwebaşy saýlamaly bolsady haýsy miwäni saýlardyñyz saýtdaşlar we näme üçin?
avatar
1
8 Medicall • 21:47, 14.03.2023
100 gr Hyýardaky kaloriýa 15, 00))

Her adam günüñ dowamynda umumy iýmit kalorýasyny 4000 den ýokary kabul etmeli. Hyýar günüñ dowamynda normatiw 50 gramdan, 100 gr-da 15,00 kk. 50 gr-da 7,5 kk.

Tak çto hijiñize ýerli miweden hyýary saýlamagy maslahat beremok :))

Pomidoryñ 100 gr-da 20-25kk aralygy, tomat edip alañda 22 kk. Onsoñ onam saylamagy maslahat beremzok :))

Iýmitlilik kuwwaty (kalorýasy boýunça saýlamaly bolsa):
Nar 100gr = 52,00

Üzüm 100gr = 60- 78 kk aralygy. (üzümiñ sortyna görä üýtgeýär)
avatar
1
9 Medicall • 22:05, 14.03.2023
Mangony konserwirlenen görnüşde iýmegi maslahat beremzok. Başarsañyz terligine iýiñ!
Sebäbi ähli konserw önümleñ iýmitlilik kuwwaty 100 gr-da 8,00 kk deñ.

Gowusy kakadylan miweleriñ iýmitlik kuwwaty: 100gr=374,00kk (günüñ dowamynda 20 gr ulanylmaly ýöne:)

Tassyklanan normatiw boýunça şeýle..
avatar
1
10 Bagabat • 10:59, 15.03.2023
Jogap hökmünde henek (hakykatda bolan waka):

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortasynda, täjirlemmiz Eýrana gatnamagy öwrendi-de, şo ýandan tropiki miweler gelip ugrady. Mandarin, pyrtykal, banan ýaly miweler defisitiňem mamasy bolmagyny bes etdi. Ýöne onda-da, beýle diýilse, o nygmatlar ite dökün, itiň mugty däl. Daýhan çagasy o zatlary diňe öz ekini hasyla durup, o hasylyňam bahasy “bolmalysy ýalyjak” bolanda iýip bilýä. Şonda bizem ýetginjekler özbaşdak, mellegimizden ýygan ekinimizi (bulgarburç ýa-da kelem, badamjan, hyýar, pomidor we ş.m.) gara daň bilen Teke bazaryna satmaga äkidýäs. Harydymyzy göwnümize jaýrak bahadan (“jaýrak” diýýänim, nä, “göwün” (nebis bolýa :-)) diýlen närsäň aňyrsyna ýetme barmy?), ýerlesegem, jigilemmize dadyrmak üçin ýaňky “tropikanzade” üýtgeşigräk miwelerden “doýumlyk däl-de dadymlyk” alýas. Sebäbi känräk alyp, gazanylanja puluňy öteräk egsip öýe baraýsaň, “eje” diýilýän, hojalygyň iňňän zabun maliýe auditory (gözegçisi) igene-igene, zeýrene-zeýrene gulagyňdan igletjegi köre hasa.
Özümizem nä, o mahal ýaş oglanlar, haçan görseň näme tapsa iýjekden, mydama aňrymyz ýalmanyp durandyr. Onsoň Teke bazaryň uk ýanynda (demirgazygyndaky) äpet awtobushanada Büzmeýine gidýän awtobusa garaşyp durşumyza-da, öýe barýançaga garaşmaga takatymyz ýetmän, ýaňky “tropikanzadelerden” ýetdijek paýymyzy symyş kylýas. Olam, nä owal-a del miwe, üstesine-de “garyn doýsa-da göz doýmaz”, ölçeglije zat, “bäriň-ä tagam berýä, aňryňa-da habar”, hiç mährimiz ganmazdy. Onsoň ýanymdaky bazardaş jahyllaň biri, adama bir sary banany haýaljakdan dişläp, süýndürip iýip bolanymyzdan soň, “içi ýananyňam bir gülküsi bolmazmy?” diýlişi ýaly, öz-özüne şeý diýen bolýa:
-Äý! Banandan nan bolmyýa-laý, han ogul!
Heh.
Şo bazardaş gardaşyňky ýaly, menem: “Mangodanammyr owkat boljak-maý?!” diýen bolaýmasam.
Ýöne, sadagasy boldugym, elbetde peýdasy känse kändir weli, men-ä iýsemem sabyn iýen ýaly gördüm. Bilemok, ýa heniz bişmedigini iýendirin, ýa-da maňa duşan sorty şo pisintdir. Onsoňam genetikamyza ornanyndanmy nämemi, Tejeniň, Gyzylarbadyň gawun-garpyzyna, Garrygalaň naryna, injirine, Owadandepäň üzümine, Gökdepäň almasyna, hurmasyna taý geljek miwe ýokdur-laý.
avatar
0
11 Kyyas • 19:41, 27.07.2023
Ýerli miwelerden Erik
avatar

Старая форма входа
Total users: 203