Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:38
Meniñ hemram
MENIÑ HEMRAM

Çagalygymda geñ düýşleri görerdim, düýşümde asmanda uçup bilýärmişim, özem näbelli guşuñ ganatynda uçup, dünyäniň gözellikleriniň içinden nämälim bir zat gözleýärmişim. Oýalykda-da ol düýşümiñ oraşan bolup, meni ganatyna alyp dünýäni seýran edýan guşumyň bolmagyny höweslärdim. Ol wagtlar düýşüme girýäniñ, meniñ bolsa oýalykda-da dünýäni, hatda kitaplaryñ gatyndanam agtaryp gõzleýänimiñ nämedigini bilip bilemokdym. Ýöne men huşumda diňe nämedigini bilmeýän zadymy däl-de, eýsem, şo-ol meni ganatyna alyp dünýäniñ gõzelligine maýyl bolup seýrana çykýan guşumy-da gözläp, her ýerden onuñ owazyny, düýşümdäki aýdymlary diňlemek islegim bilen geçirmeli bolýardym.
Şeýde-şeýde aýlar aýlanyp, ýyllar dolandy.
Soñra bolsa hut hakydamda ebedilik galjak düýşler hakykata õwrülip başlady..
...Biziñ çarbagymyzda uly howuz gurdular, oña bolsa dünýäde iñ owadan guşlar ýygnanardy, ýaşylbaş sonalar, guwa gazlar, olaryň owazlary biri-birinden üýtgeşikdi, hersi öz dilinde täsinden täsin aýdym aýdardylar. men bolsam (haýran galaýmaly, nireden õwrenenim, kimiñ meni ol ýola salany ýadymda däl) şol guşlaryñ öz dilinde aýdýan aýdymlaryna düşünerdim, olaryň aýdymyny sessiz-üýnsiz diñlemegi, hiç kime eşitdirmäni hiñlenmegi, hut şolar ýaly ganat ýaýyp uçmagy, dünýäni depesinden synlamagy halardym.. Günleriň bir güni Guşlaryñ içinden, hut meniñ hyýalymda suratyny çeken, düýşlerimde meni ganatynda aýlan guşy tanadym!
Ol Humay guşumdy.

Soñ gör, nähili kyn günleri başdan geçirdik. Garasöýmez adamlar meniň Humaý guşumyň ganatyny döwübem gõrdüler. Emma ol hyýalymda janlandyryp bilişim ýaly gaýratlydy. Men Humaý guşumyň ganatlarynyñ tiz gutulyp, owadan Asmanymyñ ýüzüni nurly jemaly bilen nagyşlap belentlere uçmagy üçin melhem gözläp, dag derýalary, çarkandakly ýollary bir özüm aşmaly boldum.
Ahyrsoñy melhem tapyldy. Indi meniň Humaýym gutular, õñkilerinden has owadan uçmagy başarar.

* * *

Düyșlerimi mesgen eylän bașy jygaly Guşum! Erkin ýaý ganatlaryñy, seniň al asmanda ganat ýaýyşyňa begenjime zeminde duran ýerimden gollarymy salgap ýylgyrşym, iň ajaýyp arzuwlarym bilen ýola salýaryn.
Sen erkin bol, meniñ ömrümiñ ebedilik hemrasy!

© NURDAN
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 95 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 ToylyOraz • 07:28, 21.04.2024
ммм БахГовы Язылыпдыр!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203