12:16 * * * | |
Ejizlemen şowsuzlyga ýan berip Pikirim depder, sözüm syýa kylmyşam. Ýitebilmen ara ýolda jan berip Ykbalyma öçmez eser ýazmyşam. Niýetime gara ýokmaz sürtseler- Päk serime beyik duýgy salmyşam. Bu bahara kän garaşdym, garaşdym, Umydymy monjuk edip boýnumda Ak säherleñ aýdymyna garyşdym Ylham ganatlarna ýazyp adymy Dünýäm içre ýaşaýan bir perişdäñ Keramatly heýkelini köñlüme Göterip, apalap gorap şer işden Ýörüşime düşünmezler güñleler Aý aýlanar, ýyl dolanar ir-giçden Hakykat perdesin syrar dünýeler... Kim men, nirden geldim, Barýaryn nirä, Şelaýyn dillere dymýan näme üçin, Wagt görkezer.. © NURDAN | |
|
Ähli teswirler: 0 | |