TÜRKMEN EDEBIÝATY


09:50
Her gün söýüñ!.

HER GÜN SÖÝÜŇ...!

Ýoguny bar edip sowgatlyk üçin,
Bir ýigit alyp dur bir desse güli,
Söýgülsini begendirmek isläpdir,
Fewralyñ ondördi ,,söýgüller güni".

Gyradan syn etdim bolýan ahwala,
Däpmi bu, dessurmy pikrime sygman,
Girdim gül dükana gül almak üçin,
Jübümdäki barja pulumy ýygnap.

Şeýle bir begenýän, guş ýaly uçýan,
Söýgümi bir gyza duýdurmak üçin,
Yzyna hiç bir zat hantama-da däl,
Diñe ,,söýýän sözi" diýdirmek üçin.

Sowgady gowşurdym, gyz hem begendi,
Ysyny ysgady, sypalap güli,
Diýdi,, Ýigit asyl bir günlikmidi?,-
Durmuşda söýmek hem söýülmek güni"...

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 70 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Nurdan • 17:21, 11.02.2024
Gör, sen bulary, walentina taýynlanyp ýörkenler-a))

Jigim, bir zady bilesim tutdy: dogrudanam şol gyzyñ aýdyşy ýalyrak sowal döredi: oglanlar her walentinada başga gyza berýäñizmi güli, ýa her ýylam şol bir gyza:)
avatar
0
2 @Baýram_Bejidow • 18:29, 11.02.2024
Salam uýam!
Men-ä şujagaz ýaşyma çenli bir gyza-da gül berip göremok( reklama däl) , walentina gününem umuman halamok ☺️
avatar
0
3 Nurdan • 23:48, 11.02.2024
Salam jigim, bu günler,
syýahat edip ýörün, işde-de öýde-de ýok bolyançy (ertirem öýde-de, işde-de tapdyrmaýançy:) bolup ýörün, "syýahaty" tamamlamda jañ ederin))
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE