00:16 Mowzugyň çeşmesi barada | |
MOWZUGYŇ ÇEŞMESI BARADA 2010-njy ýylda forumlaryň birinde @Lenin diýen bir agza şeýle hat ýazypdy: "мовзугын чешмеси болонда наме горкезмели душундирсене хайыш!". Aşakdaky görnüşde ýoldaş @Lenine jogap beripdim: Leniniň ABŞ-ly mozwuklarynyň birinde onuň bilen maglumatyň "çeşmeleri" barada kiçijek düşünişmezlik ýaşadyk. Gysgajyk ýatlama: ABŞ-ly mowzukda @Lenin Ismail Kylynç atly biriniň "Täsinlikler dünýäsi" diýen kitabyndan bölekleri goýdy. Ismail Kylynjyň "Armstrong musulman bolupdyr, ol Aýda azan sesini eşdipdir" diýen ýaly maglumatlardan doly bu kitapda agzalýan faktlaryň çeşmesiniň ýoklugyny we her maglumatyň, aýdylýan faktyň esasy çeşmesiniň görkezilmelidigini men ýatlatdym. Şeýlelikde ýokardaky sorag ýüze çykdy: "мовзугын чешмеси болонда наме горкезмели душундирсене хайыш!" Çeşme – bu islendik akarsuwyň başlangyç nokadydyr, suwlary yzarlap onuň gözbaşyna – çeşmesine barylýar. Habarlar hem şeýle. Aýdylan, ýazylan zat kim tarapyndan aýdyldy, nämä esaslanyp aýdyldy, onyň başlangyç nokady nirede, kim, ynamdarmy? Faktlarda çeşme görkezmek möhümdir, ýogsam ol aýdylan zat "köçe gürrüňi" derejesinde galar. (Armstrongyň musulman bolmagy bilen bagly habary ýalanlap, ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň biri ähli musulman ülkeleriň ilçihanalaryna ýazan hatyny şol mowzukda okap bilersiňiz). Çeşmeli gürrüňiň dowamy. Hadyslar gürrüň berlende hem çeşmeler sistemasy işledilýär. Mysal: Pygamberimiz diýipdir: "Menden öňki iberilen her pygamber diňe öz kowmuna iberilendir, emma men ähli adamzadyň pygamberidirin" (Buhary). Bu hadysyň çeşmesi – Buhari. Ýenede bir hadys. Hezreti Aişäniň aýtmagyna görä: "Hezreti pygamber ertir namazynyň iki rekagat sünnetine üns berşi ýaly, beýleki nafile namazlara beýle üns görkezmändir" (Buhari, Müslim, Ebu Dawud). Bu ýerde aýdylan gürrüňiň dogrulygyny tassyklajak anyk çeşmelere salgylanylýar (Hezreti Aişe, Buhari, Müslim, Ebu Dawud). Emma, "Täsinlikler dünýäsiniň" täsin faktlary çeşmelere esaslanmaýar, hormatly Ismail Kylynç ony Türkiýäň gazetlerinden, ondan-mundan, dostlaryndan, senden-menden toplap kitap halyna getirip millete hödürleýär. Faktlaryň welin dogrulygy barlanylmadyk we çeşmeleri görkezilmedik... Anyk we ynamdar deliller bilen berkidilen maglumatlara ynanmak bir başga, maglumatlar dogram bolsa ýeterlik çeşmesi bolmadyk maglumatlara ynanmak başga bir zat. Bu tema gaýdyp dolanmarys diýen umydym bar. (Ismail Kylynjyň kitabyny halap okaýanlaryň (okanlaryň) göwnüne degen bolsam bagyşlasynlar, men näme edeýin, mysal getirmeli boldy...) Bellik: Ady agzalan Ismail Kylynjyň «Täsinlikler dünýäsi» kitabyndan bölekleri şu salgyda okap bilersiňiz: http://kitapcy.ru/news/tasinlikler_dunyasi/2018-09-01-2166?ysclid=lgscs9drjf391379479 *** Bujagaz bellikden soň 13 ýyl geçipdir. Ýöne, faktlaryň çeşmesiniň görkezilmeginiň möhüm boluşy ýaly, saýtlarda açylýan temalaryň çeşmesine salgylanmak hem möhüm. Elbetde, eger açylan tema awtor tarapyndan açylyp, öz eserini goýýan bolsa, onda zat özüniňki bolany üçin çeşmä salgylanmak gerek däl. Emma, başga ýerden alyp, başganyň eserini paýlaşýan bolsak, alan salgymyza salgylanmagymyz dogrudyr. Mysal üçin: bu saýtda biz.islenen.ru -dan alynyp paýlaşylan eserlerde onuň alnan salgysy görkezilendir. Edil şeýle-de medium.com -dan eserler paýlaşylanda hem salgysy görkezilendir. Umuman, nirden näme gaýtalap hödürlenýän bolsa... salgysy görkezilendir. Şeýle etmek – awtorlarada, saýtlarada hormatdan başga zat däl. Unutmalyň. © MANGO, 2023 | |
|
Ähli teswirler: 13 | |
| |