22:06 Ýeži we Petruçço | |
ÝEŽI WE PETRUÇÇO Maglumat: «Ýeži we Petruçço» — Andreý Andrianowyň (Russiýa) art-proýekti (1997-nji ýyldan bäri). Žanr: Situasion komediýa, absurd, filosofik drama. Multfilmleriň seriýasyny Oleg Kuwaýewiň saýtynda görüp bilersiňiz: mult.ru * * * Ýeži we Kamin Haçanda Ýeži ýalňyz galanda, ol kaminde ot ýakardy, öňüne geçip oturardy, ýanyp duran ody synlardy, hemem assa-ýuwaş pikire çümerdi... ýogsa-da, bir zatlar etmese bolmaz-a. * * * Zulum Petruçço mydama Ýežiň öýüniň töwereginde gaýmalar ýörerdi ol nähilidir täze bir zat isleýärdi ýiti gyzgalaňly duýgylary... Ýeži bolsa ony ýokardan synlaýardy... Ýeži soňky gatda ýaşaýardy, ýöne muny gizlin saklaýardy Ýeži ýokardan hemme zady görýärdi we gygyrdy... gygyrdy... Ýeži ýokardan hemme zady görýärdi... muny Petruçço bilenokdy ol nähilidir täze bir zat isleýärdi ýiti gyzgalaňly duýgylary... şonuň üçin ol gapyny döwdi-de Ýežini öldürdi... gapyny döwdi-de Ýežini öldürdi. * * * Balyk Petruçço mydam bir zada garaşardy... ir bilen – agşama gyşda – tomusa... köçede tramwaýa öýde – öýlän naharyna ýa-da agşam naharyna... Ýeži bolsa hiç zada garaşanokdy hemme zat öň öňüne gelerdi bu boluşa-da alada ederdi... Ýeži seresaply boldy edil balyk ýaly ýeňiljek ýollary gözlänok... ol ummanda ýüzýärdi... umman bolsa ullakandy, arassady... Ýeži balyk boldy işbil taşlamaga gitdi özbaşyna aňryk-bärik ýüzdi gözlerini petretdi çalasyn ýüzdi töwerek-daşy suw... Petruçço bolsa kenarda aldygyna ylgap barýar... güne ýanypdyr, gaýzygypdyr akly welin köpelmändir... bir-iki setir çyrşaşdyryp çüýşä düýrläp dykyp suwa oklapdyr pikir edipdir, taparlar... Ýeži bolsa hiç zadyň pikirini edenok özbaşyna ýüzüp ýör, guýrugyny bulap görse, ine bir çüýşe... çüýşede-de Ýežiň özjagazy şeýdibem olar tanyşdylar. * * * Myhmanlar Ýeži bir gezek Petruççoň ýanyna myhmançylyga gitdi. Petruçço bolsa Ýežiň ýanyna gitdi. Şol bir wagtda. Barýalar – öýde welin hiç kim ýok. Ne Ýeži, ne-de Petruçço. Ýeži Petruçço gelýänçä garaşmaga başlady, Petruçço bolsa Ýeži gelýänçä garaşmaga başlady. Emma, gelýän ýok: ne Ýeži, ne-de Petruçço. Ine, şeýle boldy. Başgaça-da bolup bilerdi. Wakalar her hili bolup bilýär ahyryn. * * * Bir wagtlar Bir wagtlar... Haçan-da Ýeži garranda. Ýeži endamyny güneşe çoýup otyrdy. Ýanyndan bolsa Petruçço ylgap barýardy. Petruççoň işi bardy, şondan ylgaýardy; Ýežiň bolsa hiç hili işi ýokdy. Ol güneşe bakyp otyrdy. Ine, Petruçço ylgap barýar, Ýeži bolsa otyr. Derýa-da akyp dur. Kada-kanun şeýle. Ýežiň kada-kanuny. * * * Bir gezek Bir gezek Ýeži Petruççony iýdi. Bu nähili boldy? Belli däl. Hapyrt – bar bolany: Petruçço ýok. Şondan bäri hiç kim ony görmedi, Ýeži bolsa wagtal-wagtal görünýärdi. Onda-munda peýda bolýardy. Ýeži gaýdyp hiç zat iýmedi, sebäbi hiç zat ýokdy. Diňe içdi. * * * Оl Ine Ýeži, bu bolsa Petruçço. Ine bu Petruçço, bu bolsa Ýeži. Olar örän meňzeş. Hiç tapawutlary ýok. Hat-da Ejesi synanyşsa-da, olary aýyl-saýyl edip bilmedi. Bir gezek ol her-niçigem bolsa Ýežini tanady, Petruççony welin tanamady. Ine, saňa gerek bolsa. Ine ol Ýeži, bu bolsa Petruçço. Ine Petruçço, bu bolsa Ýeži. Olar örän meňzeş. * * * Ümsümlik Ýeži ümsümligi halamazdy. Ýeži gezmelemegi hem-de dürli sesleri diňlemegi halardy; ýagyşyň şybyrdysyny, guşuň saýraýyşyny, tolkunyň gözelligini. Ýöne kä wagt asla hiç zat eşdilenokdy, şonda Ýeži her hili usulda goh ederdi: gygyrar, gapyny batly ýapar, gap-gaçlary şakyrdadar. Onuň ümsümlige garşy çäresi şeýledi. Ýöne, bu kän kömek etmezdi. * * * Oba Aslynda Ýeži bilen Petruçço sadadylar olar obada ýaşaýadylar suwa gidýädiler odun daşaýadylar çaý içýädiler çekýädiler ysgaýadylar ýatýadylar birek-birek bilen aslynda, saýlamaga başga alaç ýok... obada diňe Ýeži bilen Petruçço bardy galanlary öldüler olar şeýle bir köp arak içdiler, şondan hemmesi öldi... Ýeži bilen Petruçço bolsa galdy olar içip bilmediler olaryň puly ýokdy daş-töwerek batga... adamlar gtdi Ýeži we Petruçço bolsa galdy dogrusy, hakykatda, galanlar adamlaň özi däl-de atlary... * * * Kitap Bir gezek Ýeži kitap okady... bir gezek Ýeži kitap okady özi barada... bir gezek Ýeži özi barada kitap okady... bir gezek Ýeži kitaby aldy-da okady... özi barada özi okady... birinji gezek... kitaby özi aldy hem-de özi birinji gezek okady... dogrusy ol, hakykatda birinji gezek kitap okady ol kitabam, özi hakda eken... bu kitap özi hakda... gyzyl kitap galyň gyzyl sahapda ýele şykyrdap duran ullakan sahypaly galyň gyzyl kitap daşynda-da: «Ýeži» diýip ýazylypdyr altyn harplar bilen… soňra, Ýeži kitaby bagyň içinde gömdi we ýerini unutdy megerem, oňa kitap gerek bolan däldir Petruçça welin gerekdi... birine kitap gerek, beýlekä welin gerek däl... biri okaýar beýleki welin dymýar seredýär... seredýär: itiň ylgap baryşyna meýdan giňeýär tokaý şowhun edýär traktor barýar towuklar käkeleýäler eýläk... beýläk... Ýeži bolsa şol okap otyr... Ýeži akylly boldy şeýle bir akyllandy welin Ýeži ugruny, ýoluny ýitirdi ýyldyzlara seredip ugruny kesgitleýädi... Petruçço bolsa samsykdy hasa ýaly. * * * Soň Ýeži ýadady, seredýär: ýol ýok... üşemäge başlady... hawa, ol agaja dyrmaşdy otyr... ol otyr ýanynda-da Petruçço... – kim sen? – men Pettruçço – a sen kim? – menem Ýeži – men Ýeži, a sen Petruçço – bärde oturmagyň hajaty ýok! ol bolsa oňa jogap berýär: – men kakama garaşýan... şonda Petruçço gülüp şeýle diýdi: – diýýäniň näme, seniň kakaň ýok ahyry seniň kakaň derýada gark boldy. Ýeži gazaplandy we Petruççany öldürdi. Petruçço öldi Petruçço indi ýok... * * * Heýkel Ýeži özüne heýkel dikmegi ýüregine düwdi… soňra, heýkel dikmegi ýüregine düwdi… ullakan heýkel ýöne owadan däl... heýkel owadan däldi agyrdy. © ÝEŽI we PETRUÇÇO Terjime: © MANGO | |
|
Ähli teswirler: 21 | |
| |