Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:30
Senem garaşýañmy?!...

Görsene şeýlebir garaşly dünýe,
Otlyçöp öz ýanaryna garaşýar,
Buzlar erärine garaşýar Ýazda,
Jadyly mukamyn ýañ edip,
Näler,
Çalynaryna garaşýar sazlar.

Asmanda garalan bulutlañ bary,
Çagba bolup ýagaryna garaşýar,
Tümlükler bürese gündiziñ agyn,
Säher güneş dogaryna garaşýar.

Ömürem garaşýar soñlanaryna,
Men bolsa gowluga garaşyp ýörün,
Durmuşyma girip-çykan herkimi,
Hemem derdimi,
Geljegime goşup, çolaşyp ýörün.

Hyýallaram ýan berenok şugünler,
Bilemok näme üçin bulaşyk zemin?,
Ýer tapamok ýama doly göwnüme,
Duşamok heniz.

Garşyña çykyp dur garaşmadyklañ,
Garaşýas arzuwlañ oñ bolaryna,
Ynamyñ, sabyryñ ujyndan kertip,
Ömürem garaşýar soñlanaryna,
Gowy bolar-la...

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 136 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 ToylyOraz • 17:10, 18.04.2024
Говы Берекелла!
Шу сонкы сетирде рухы песлик дуйуляр, шоны велин "говы боларла" жемлеман билен ерине салыпсыныз...
Рухумыз пес болса болмаяр Себап Тутуш дуня ынсанлары бизе гаршы чыксада рухдан душман билсек, Максада етжекдигмиз ики учсыз! Гаты Тасирли эсер учин миннетдар.. гаты говшак тесвирим учинем отунч..!
avatar
0
2 Aýgül_Baýadowa • 23:41, 18.04.2024
3-4-nji topbak umuman gerek däl. Şunlukda emele gelýän 2-3-nji topbaklaram gowja işleseň, gysgajyk, ýöne ýatda galjak goşgy emele gelýär.
avatar
0
3 Seýrаn • 00:03, 19.04.2024
Gowja işleseň, gowy zatlara garaşyp bor eken. Goşguda esasy kanun: goşgy jemleme setirler üçin ýazylmaýar.
avatar
0
4 Мango • 01:44, 19.04.2024
gijäň bir wagty halap otynaý bu goşgyny...
sawwol Baýram däde.
avatar
0
5 Pero • 22:30, 22.04.2024
Baýram,menem goşgyny gowy gördüm. Sadajadan adaja pelsepewije :)).
Dowam eýle şeýle perdeden gopmañy!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203