Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:47
Umydym baý

UMYDYM BAÝ

Ak bagtymyñ güneş bolup,
Dogarna garaşýan, agam!,
Sabrymdan bir ülüş alyp,
Oñarma garaşýan, agam!.

Ykbal gamly saz çalanda,
Azaşdym urpak, alañda¹,
Gara gözleñ ak ýalandan,
Doýarna garaşýan, agam!.

Utulyp ýalñyş göçümden,
Ýadadym, ýalñyş biçimden,
Gelip, salgymyñ içinden,
Kowarna garaşýan, agam!.

Sabrymyñ şowly çözümi,
Haçan görkezer özüni?,
Ýalançyñ dogry ýüzüni,
Görerme garaşýan, agam...

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 103 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 2.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Мango • 10:46, 12.01.2024
birinji bilenä aýtmady diýme sussupesden şarpyk iýýäň aşakdaky ejizlemäň üçin:

Utulyp ýalñyş göçümden,
Ýadadym, ýalñyş biçimden,

Gelip, salgymyñ içinden,
Kowarna garaşýan agam!.

ikinjidenem bir zady anyklaman başga zat diýmek kyn:
şu "... garaşýan agam!" diýeňde iki many çykýar, ýagny
1) birinjide "garaşýan" özüň bolubam bilýär
2) ikinjide "garaşýan" sen dälde agaň bolup bilýär...
garaşýan kim?

---
Ak bagtymyñ güneş bolup,
Dogarna garaşýan agam!,
(1-nji pikir - gahrymanyň özi bagtynyň dogmagyna garaşýanyny agasyna aýdýar; 2-nji pikir - agasy inisiniň bagtyna garaşýandygyny aýdýar.... garaz "men garaşýan - ol garaşýar")
Sabrymdan bir ülüş alyp,
Oñarma garaşýan agam!.
(ýene iki pikir. 1-nji. agam sen meň sabrymyň bir bölejigi bilen öňmagyma garaşýaň. 2-nji. men sabrymdan bir bölek alyp oňarma garaşýan.... olam-a bir hili eşdildi.... oňjak bolýan, agam! - diýýämikä...)

uf... özümem bulaşdym....
avatar
0
2 @Baýram_Bejidow • 11:08, 12.01.2024
Sussypesiñ şarpygyny iýsemä kem bolmazdaý)
avatar
0
3 Mekan2 • 11:16, 12.01.2024
eger garaşýan kişi özi bolup, agasyna-da ýüzlenýän bolsa,

1. garaşýandan soň otur goýmaly.

2. Kowarna garaşýan agam!.
däl-de
Kowarňa garaşýan, agam!..
avatar
0
4 Мango • 11:39, 12.01.2024
garyşyk geräm şo mesele.
garaşýamy, garaşdyrýamy...
menem şondijek bollum...
avatar
0
5 @Baýram_Bejidow • 11:41, 12.01.2024
Ana düzetdim indi mesele çözüldi Mango daýy
avatar
0
6 Mekan2 • 14:48, 12.01.2024
Baýram Bejidowiç, şu ýerde hem bir "nemejik" bar ýaly-da, seretseňiz.

Utulyp ýalñyş göçümden,
Ýadadym, ýalñyş biçimden,
Gelip, salgymyñ içinden,
Kowarna garaşýan, agam!..

kowmaly kişi üçünji bir şahsmyka ýa?
avatar
0
7 @Baýram_Bejidow • 14:49, 12.01.2024
Bildiñiz 3-nji şahs!.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202