TÜRKMEN EDEBIÝATY


14:09
ÝAZYLMADYK TÄLEÝMIZIÑ ÖÑÜNDE...
ÝAZYLMADYK TÄLEÝMIZIÑ ÖÑÜNDE...

Tanapyny saña dañdym ykbalyñ
Emma, suw basyp dur umytly külbäm,
Hat-da çüýşelerem başyn egip dur,
Içimdäki derdi sygdyryp bilmän.

Saña-maña ýetdirmedi bu bagt,
Ikimizem, göz-gülban, bir görgüli,
Ýazylmadyk täleýmiziñ öñünde,
Sen-ä söýgä,... Menem bagta bergili.

Köplenç, senli günler ýaşatdy meni,
Muny saña kän aýdypdym başda-da,
Duýgylarmy ikiýana garjama!,
Ynanmak başga zat, söýmek başga zat.

Söýüpdimem, ynandymam şonçarak,
...Özümi özümden sowadan eken,
Hernäme diýseñem başlangyjyndan,
Yşkyñ jemlemesi owadan eken...

©Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 56 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Parahat6499 • 16:28, 03.06.2023
Salam Baýram! Siz nireden asly(Ahal, Lebap, Mary, Balkan, Daşoguz) haýsy welaýatda ýaşaýaňyz?
avatar
0
2 @Baýram_Bejidow • 19:24, 03.06.2023
Salam Ahaldan
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE