Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:42
Oňatlyk eken..
OÑATLYK EKEN

Gowluga iterip niýeti, päli,
Bakdym, dünýäñ ýüzi oñatlyk eken,
Bagtymyñ nobaty ýetenok häli,
Ý:az diýen günlerim doñaklyk eken.

Duýgylarym meñzeş, pikirler ala,
Ertir duşman bolýar syryñ bereniñ,
Herne umyt bilen ýetdik bu hal-a,
Keramtyn diläp hakly Keremiñ.

Bolmadygna ,,ýazgyt" diýdiler, ýöne,
Ýazgydymy nesibäme çatdylar,
Täzeçil döwürde dessury köne,
Meni oda däl-de yşga ýakdylar.

Bahana diýildi ähli sebäbe,
Kalbyma gussalar bolupdyr hekem,
Bir dellal tapmadym elek eläre,
Bakdym dünýäñ ýüzi oñatlyk eken...

Baýram Bejidow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 120 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 3.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Мango • 07:05, 30.04.2023
Kän sorag çykardaý bu goşgy…
Bu ýerde “oňatlyk eken” diýilmegi ironiýamy, ýaňsymy?
Birinji kupletde: “Bakdym, dünýäñ ýüzi oñatlyk eken” diýse-de yz ýanyndan “Ý:az diýen günlerim doñaklyk eken” diýýäň. Oňatlyk bilen doňaklyk sazlaşýar diýäýmeseň pikirlerde-hä gapma-garşylyk bar ýaly.
—-
Herne umyt bilen ýetdik bu hal-a,
Keramatyn diläp hakly Keremiñ.

Keramat - welileriň görkezýän adatdan daşary ýagdaýlary…. Emma Allahyňky - gudrat.
Kerem - Allah barada aýdýaň, ýöne “hakly Kerem” diýmegiň birhili…
—-
Meni oda däl-de yşga ýakdylar.

Yşga ýakdylarmy? Yşga öz erkiňe düşensiň ahyry, ony başgalardan görüp, başgalary günäkärleýän ýaly duýulýar.
Yşga düşseň - yşkda ýanmaga razy bolmaly.

—-
Bahana diýildi ähli sebäbe,
Kalbyma gussalar bolupdyr hekem,
Bir dellal tapmadym elek eläre,
Bakdym dünýäñ ýüzi oñatlyk eken...

Hekem, häkim - sudýamy?
Dellal hem - (bir söwda-da, ýa bir işde hakyny alýan, peýdasyny görýän) araçymy?

Gussalar kalbyma sudýa boldy…
Araçy tapmadym elek eläre…

Soraglar, soraglar, soraglar….
avatar
0
2 @Baýram_Bejidow • 10:15, 30.04.2023
del‧lal
[della:l]

Alyjy bilen satyjyny razylaşdyrýan, ylalaşdyrýan adam, söwda arasynda gezýän adam.

Ýarmarkalarda dellallaryň bolmagy zerur bolupdyr. (Orta asyrlar taryhy)

Olar potratçylaryň, dellallaryň, töreleriň, ýene kimleriň syk eleginden elenip, dänesi olaryň holtumlaryna gidýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim).

he‧kem
Könelişen söz Öý, jaý, mesgen.

Sopy pessejik hekemine çykyp, töweregine göz gezdirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Elguş oturar ýaly ýörite edilen sokudaş görnüşli beýiklik.

Niçe ýyllar baýguşlara hekem boldy ol haraba! (Çary Aşyr, Poemalar).
avatar
0
3 Мango • 10:48, 30.04.2023
Kalbyma gussalar bolupdyr hekem…

Hekem - öý, jaý, mesgen bolsa, onda “gussalar kalbymy öý edindi” manyny berýämi ýokarky setir?
Kalbyma gussalar bolupdyr “mesgen”…
Tersiräk, hä…?

—-
Bir dellal tapmadym elek eläre…

Bu ýerde-de dellala mätäçlik barmy?
avatar
0
4 Saryýew • 09:50, 01.05.2023
Bagtymyñ nobaty ýetenok häli
ýa-da
Kalbyma gussalar bolupdyr hekem - diýen setirler aňkasy aşyp giden setirler-dä. Awtoryň bu setirleri aýtmak bilen maksady nämekä?! Okyjyny waheýýýý diýip gynandyrmakmy ýa-da özüniň näşükürligini ýüze çykarmak. Bu ýagdaýa hiç gowy däl-de, gadyrdan awtor.
avatar
0
5 Saryýew • 10:06, 01.05.2023
Baýram gardaş, men seniň şahsyýetiň-ä doly tanamok. Ýöne goşgularyňda ýersiz ýere elewräp ýörşüň-ä hiç gowy däl-aý. Näme aladaň bar, başyň haýsy gowgaýa düşdi beýle. Ýaş halyňa gussa-gam, dert-elem... Özüňe nebsiň agyrmaýarmy?! Türkmen poeziýasyna nebsiň agyranokmy?! A ýakyn garyndaşlaryň, okyjylaryň näme pikir edýändir öýdýäň?!
Ýaz diýen günlerim doňaklyk diýýäň-ä. Ýalňyş pikir şu-da. Ynsanyň öz görşüne, gözýetimine görä. Biz-ä bu dünýäni ýaz pasly, güllere çümen ýaýlalary bilen görýäris. Kalbymyzda hem dünýäniň gowy taraplaryny görmäge bolan ynamymyz ýaşaýar.
Belki-de, sen ýürekden ýazýansyňam, ýöne edil maňa sen özüň hökmünde goşgularyňda ýaşamaýan ýaly, duýmaýan ýaly, ýöne häki bir ýazmagyň hatyrasyna çyrşaýan ýaly görünýär.
Belliklerimden gaty görmäge-de hakyň bar. Baş üstüne. Ýöne biziňkä bir aýtmak. Näme ýazsaňam, nähili ýazsaňam ertirki gün utanjagam, buýsanjagam ýene-de özüňsiň gardaş! Çünki ol goşgularyň gepsoňusynda seniň at-familiýaň durýar ahyryn...
avatar
1
6 Aygul • 19:13, 01.05.2023
Awtor gussa cekip yazmaly diýen düşünjä eýerip ýazýan bolaýmasa. Zol-zol gussa çekip bolmansoň, çekýăn ýaly bolmaly bolýan bolmaly. Goşgynyñ çyn goşgy bolmagy üçin seniň özüňem çyn bolmaly bolýaň,alaç ýok başga.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203