Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:21
Sen maña gerek!

SEN MAŇA GEREK

Bu dünýäde gereksiz, durmuşda hiç bir orun tutmaýan adam ýokdur. Goý, ol görksüz, kärsiz, hiç bir zadyñ alnyndan däl bolsun. Ýöne ol ýa häsiýeti bilen ýa-da öz eden işi bilen kimdir biriniñ iñ bolmanda kalbynda ýylylyk goýandyr.
Giñ jahan syrdan doly. Ösümlikleriñ biri-birine bagly bolşy ýaly, adamlar hem biri-birinden üzñe däldir. Siz tokaýda bir agaç çapylsa, onuñ töweregindäki agaçlaryñ süllerýändigini gördüñizmi? Sebäbi agaçlar biri-biri bilen energiýa alyşýar. Çapylan agaç sebäpli şol energiýa bozulýar. Ýa-da tokaýda bir agaç kesellese, beýleki agaçlar şol agajy öz bejeriji häsiýetli energiýasy bilen bejerýär.
Adamlar hem şolar ýaly biri-biri bilen energiýa alyşýar.
Biziñ energiýa diýýänimiz mähir. Nähoş adamy soramaga baranymyzda, biziñ duýgudaşlyk mährimiz ony bejerýär. Üns berseñiz şeýle adam birhili gutulan ýaly bolýandyr.
Türkmen şonuñ üçin "Göwün göwünden suw içer" diýip ýöne ýere aýtmandyr. Adam adama gamly günem, şadyýan günem gerek. Bu dünýäni saklap duran zat hoşgylawly gatnaşyklardyr. Bu barada Muhammet pygamber (s.a.w):

"Hudaý ýolunda dostlaryñyñ sanyny artdyr. Dostsuz kişi çep elsiz sag ele meñzeýär, ýagny, dostsuz hiç iş bitmez (31)... bilgil ki, her kimiñ dosty az bolsa Allatagalanyñ öñünde onuñ gadyr-gymmaty ýokdur" (32)- diýip, öz wesýetlerinde aýdyp geçipdir.
Dosty köp adamlar sagdyn bolýar, uzak ýaşaýar. Lukman Hekim dostlary bilen her oturylyşygyny bir ýyl ömrüne deñäpdir. Türkmende "Dost ýeke-täk bolýar" diýen paýhas bar. Dogry hemmeler bilen dost bolmak mümkin däl. Ýöne adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmak ajaýyp netijesini berýär. Söýgi, dostluk mährinden başga adamçylyk mähri hem bardyr. Ol mähir birek-birek bilen mylakatly gatnaşyk etmäge ýol açýar. Şeýle gatnaşygy başarýan adamyñ hemişe keýpi çag bolýar. Ol hiç haçan ýamanlyga uçramaýar. Ol adamlar Arşda Hudaýdan, Zeminde ynsandan goldaw tapýar. Olaryñ ýoly açyk bolýar.
Ýöne şeýle gatnaşyklar hemişe bolup duranok. Onuñ hem bäş sebäbi geçirimli bolmagy başarmaýanlygymyzdan gelip çykýar. Gaharjañlyk, öýke-kine, garasöýmezeklik diñe bir beýlekiler bilen oñat gatnaşygy kesmän, ynsanyñ saglygyna, ömrüne zyýan edýär. Köplenç nerw dartgynlylygy, dürli keseller şu zatlardan gelip çykýar. Geliñ, gaharjañlygy, öýke-kinäni, närazylygy, garasöýmezligi ýaramaz duýgular diýip atlandyralyñ. Ýaramaz duýgular adamyñ kalbyny, saglygyny, ömrüni, görk-görmegini güýäniñ ýüñ matany iýşi ýaly iýýär. Şonuñ üçin şol duýgulary kalbyña salmajak bolmaly. Adamlar bilen çyn gatnaşykda bolmaly. Garasöýmez adamlar oñşuksyz bolýarlar. Olar gatnaşanda-da senden diñe peýda görjek bolup gatnaşýarlar. Olaryñ her bir eden hereketi, oñatlyklary hasaply bolýar. Hatda sowgat berseler hem seniñ üçin ýakymly bolsun diýip däl-de, "Sen şular ýaly iş edeniñ üçin bizem şuny edýäris" diýýärler ýa-da şol hereketleri ýañzydýarlar. Haçan-da, seniñ hyzmatyñ gerek däl bolansoñ, olar saña bolan gatnaşygyny üýtgedip başlaýarlar. Öñ törde oturdýan bolsa, soñ seniñ ornuñ gapynyñ agzy bolýar. Ilki ýygy-ýygydan habarlaşýan bolsa, soñ habarlaşmak seýrekleşip başlaýar. Özüñ habar tutanyñda bolsa işli, aladaly bolan bolýarlar. Şol wagt hyzmat eden adamyñ ahwaly düşnükli. Ol darykýar. Öýkeleýär. Ýogsam ol öz hyzmatyndan uly zat hantama-da däldir. Adamçylyk gatnaşygy. Öñ özüñe dostdur öýden adamyñdan ýüz tapman örtener, yhlasy ters düşüp, ot alar. Şeýle adamlar giñ bolmagy başarmaly. Gaýta ömür boýy şeýle adamyñ ulanyş serişdesine öwrülmänine şükür etmeli. Olar ýaly adamlara gargamak, sögünmek gerek däl. Hudaý hemme zady görüp dur. Beýleräk bolsa çyn yhlaslar bir ýerden urup çykýandyr.
N. atly zenan bir maşgala bilen gatnaşýar. N-niñ aýagy ol maşgala düşýär. Diñe oñatlyk getirýär. Ýöne bir zat welin, N-iñ mañzyna batmaýar. Ol myhmançylyga baranda, maşgala çlenlerinden kimdir biri, iñ bolmanda, çagajyk onuñ ýanyndan aýrylmaýar. Ilki ol muña hormat diýip düşünýär. "Ynan, hatda egin-eşiklerimi çykaranymda-da ýanymdan aýrylanoklar. Indi şolaryñ içinde iki sany erkeginden başga aýal-gyz maşgalalaryñ bary meniñ endamymy gördi. Asyl, görüp otursam, olar diñe maña däl, öýüne gelen ähli adamlara şübheli seredýän eken. Kimdir biri bir zatlaryny alaýjak ýaly. Beýle-de bir myhman kabul edip bolarmy? Ynanmaýan adamyñ bilenem bir gatnaşyp bolarmy? Men gerek bolup, olar meni çagyrsalar, diýseñ ýaýdanýan. Ilki bilen "garawullanýandygym" ýadyma düşýär" diýýär. Eger N. ynanylmaýan bolsa, öz aýdyşy ýaly gaýdýança "iññäniñ üstünde oturan ýaly" bolup ýörmeli däl-de, ol gatnaşyklardan saklanmaly.
Şonuñ üçin adamçylyk gatnaşyklaryny hemmeler bilen edip bolar. Ýöne dostluk gatnaşygynda oýlanmaly. Dostlukda bähhit aralmaýar. Kimdir biri bilen gatnaşyk edeniñde, oña dostluk göwnüñi, dostluk eliñi bermänkäñ, şol gatnaşygyñ soñy nirä eltýär, şol barada oýlanmaly. Eger olar seniñ hyzmatyña mätäç bolup gatnaşyk edýärmi, kömek et! Ýöne göwün berme. Sebäbi, soñ olardan göwün diýen tamañ çykmasa, adam ejir çekýär, gama batýar. Bu bolsa öz eliñ bilen kalbyña pyçak uran ýaly zat bolýar.
Bir adam bilen aragatnaşygy üzjek bolañda-da gatnaşjak bolañdaky ýaly oýlanmaly. Aýdaly, sen ol adamy mert, hakyky erkek (ýa-da aýal) birsözli, özüñe wepaly dost hökmünde kabul edipsiñ. Ýöne wagt diýen zat ähli zady açyp gidip otyr. Ol adam söz berýär - tapylanok, syr aýdýañ - paş edýär, haýyş edýäñ - ýerine ýetirenok. Onsoñ ol adama bolan garaýyşlaryñ üýtgäp başlaýar. Tamañ çykanok. Göwnüñ geçýär.
Şeýle ýagdaýda ol adam bilen hasyr-husur arany üzjek bilen bolmaly däl. Eger ilki başda sen ony oñat adam hökmünde tanan bolsañ, hakykatdan hem şeýle bolaýmasyn. Ýöne iki taraplaýyn gatnaşyklarda ýalñyşlyklar bolup, şeýle ýagdaýlar ýüze çykan bolaýmasyn. Belki, onuñ saña ýaramaýşy ýaly, senem oña ýaramaýan bolaýma. Şu zatlary anyklap, hemme zada göz ýetirip, ondan soñ gatnaşygy üzmek barada pikir etmeli. Onda-da nähili?! Eger şol adam bilen aragatnaşyk saklanyñda bir zat ýitirýän bolsañ, gatnaşygy üzeniñde hem bir zat gazanýan bolsañ, gatnaşygy üzmeli. Eger şol adam bilen hal-ahwal soraşmak, käte oturyp, söhbet etmek saña ýakymly bolsa, sen ol oñatlykdan özüñi kesme. Oña derek sen oña haýyş etme, syr aýtma!
Soñra-da gatnaşygy düýbünden üzmeli diýen zat ýok. Goý, ol seniñ ýönekeý tanşyñ bolup galsyn. Sebäbi dost bolan adamyñy isleseñ-islemeseñ birbada ýadyñdan zyñyp bolmaýar. Dostuña geçirimli bolmaly. Onuñ artyk we ýetmez tarapyny özüñki ýaly kabul etmeli. Onuñ bilen düşünişmeli. Eger ol gaharjañ bolsa, gahar diýen zadyñ pähimsizlige eltýändigini düşündirmeli. Ýöne dosta ýapja bolunýan däldir. Ol ýerde mertebe deñdir. Dost-dostuñ arasynda öýke bolýan däldir. Eger ol uzaga gitse, ol galyñ diwara öwrüler. Soñ ony ýykmak üçin ençeme güýç gerek. Diwarlar ýykylandan soñ hem ähli zat öñküsi ýaly bolýan däldir. Bir zat ýetmeýän ýaly, bir ýalanlyk bar ýaly.
Dostuñ "Sen maña gerek" diýip gelse begen. Sebäbi hiç kime gerek däl adamyñ ýoly diñe JÄHENNEME BARÝAR.
"BU DÜNÝÄDE DOST GAZAN, O DÜNÝÄDE JENNETE BARAR" diýip ýöne ýere aýdylanok.
Garajaoglan: "DOSTA BARÝAN ÝOLDA YZAM BAR" diýipdir. Goý, ol yzlar kesilmän, şaýola öwrülsin!

© Oguljemal ÇARYÝEWA
Bölümler: Edebi makalalar | Görülen: 89 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 atayeva • 11:40, 02.08.2023
Bir waka hakynda gürrüň bereyin. Aslynda bu waka edil rowayat yaly aydylyar. Yone bu wakanyň gahrymanynyň ondan habary barmy yokmy bilemok. Iki sany ayal barmysh. Biri őran meshhurmysh. Beylekisem onuň sumkasyny goterip beryarmish. Ozunin hem sho meshhur ayal yaly bolasy gelyarmish. Ine gunleriň bir guni sho meshhur ayal "jora, dostuny"lifte münüp yetishmanka, sumkasyny almadygy ücin , őz durmushyndan őçüripdir. Ol ayal bolsa kőp aglapdyr. Jorasynyň zaryny cekipdir. Yone özůniň bir sumkany alyp yetishmedigi ücin őçůrilendigine welin hic düshünip bilmandir
avatar
0
2 atayeva • 11:41, 02.08.2023
Durmushda şular yaly hem bolayyar.
avatar
0
3 Medicall • 11:44, 02.08.2023
:)
avatar
1
4 Medicall • 11:51, 02.08.2023
Bägül, onda ol dostluk bolanok-da başgarak bolýar, belki ol öçürilenem ondan tamakinçilikli göterýändir sumkasyny? Diýmek onda-da dostluk bolanok, öçürençiñem sumka götertmek höwesi bardyr, ana oñkam dostluk bolanok. Ol ýerde diñe bir birini ulanmak bähbidi bar eken. Emma çyn dostlukda arkalaşyk bolup biler, garaşyk bolup biler, bir- birisini diñe ulanjak bolup bolsa diymek ol dostluk däl.
avatar
0
5 Medicall • 12:03, 02.08.2023
Dostlugyñ esasy binýady birek biregi sylamak, hormatlamak. Sylanmadyk dost bir geçirer, iki, üç, ay bolya maña galsa 100 gezegem "özüm erbet bolaymaýyn, belki men yrsaragan tekepbirdirin?" diyip özümi 100 gezek ölçäp, seljerip görmäge gaýratym ýeter, diñe dost diyip ynanylanynyñ hormatyna. Emma 101 inji gezek başarmaryn. Çünki nähili geçirimli bolañda-da her kimde-de mertebe bar. Şonuñ üçin sylanyşyk her taraplaýyn bolmaly. Sylanyşyk ýokmy - göwündeşligem ýok.
avatar
0
6 atayeva • 12:09, 02.08.2023
Hawa
avatar
0
7 Мango • 12:47, 02.08.2023
iki-ýeke harp ýalňyşlyklar giden eken:
1) ...Onuñ hem bäş sebäbi geçirimli bolmagy başarmaýanlygymyzdan...
(..."baş" - bolmaly öýdýän)

2) "BU DÜNÝÄDE DOST GAZAN*, O DÜNÝÄDE JENNETE BARAR" diýip ýöne ýere aýdylanok.
(..."GAZANAN" bolmaly ýaly).

***

"N" atly zenan... hyzmatçylyk edýän bolarly... ýagny ol öýe kireýine hyzmat bermäge barýan bolmaly...
... meniň pikirimçe mertebesini peseltmän işgäriňi kontrol edip bolar. türkiýede hyzmatçylyk edip ýören orta aziýalylardan habarlarda her zat eşdilýär, ýöne...

umuman gowy maslahatly, peýdaly ýazgy bolupdyr.
gerek şeýle ýazgylar.
Oguljemal gelnejä minnetdar.
birhili ýüregiň giňän ýaly bolýar.
adam gatnaşyklaryndaky öňem bilýän zatlarymyzy täzeden ýatladany üçin.

menem üstüni ýetireýin ýekeje detal bilen.
hiç kimi (hat-da dostuňam) aňrybaş söýmeli däl, baglanmaly däl. sebäbi, adamçylyk bir meselede göwnüň galsa - gaty galýaň, gaty trawmirlenýäň... sebäbi ondan ol herekete garaşaňokdyň.... ýöne adam perişde-de däl-dä...
şo sebäpli belki, умеренный gatnaşykda bolmalydyr.
hemem bagyşlamany başarmaly...
aý, bolýa...
ýene bir gezek awtora minnetdar...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203